sadajaaa_
04.09.2024 16:52

"Berkarar döwletiň täze eýýamynyň şanly menzilleri" atly täze kitap çapdan çykdy.

Täze neşiriň birinji tomy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň işleriniň beýanyny, şeýle hem Türkmenistanda bolup geçýän oňyn özgertmeleriň depginini şöhlelendirýän ylmy we habar beriş maglumatlaryny özünde jemleýär. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar berildi.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiw gaznasy tarapyndan çapa taýýarlanylan kitap türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edildi. Onda at we geografik görkezijileri hem-de gysgaldylyp alnan sözleriň sanawyny özünde jemleýän ylmy-maglumat goşundysy bar.

Habarda bellenilişi ýaly, kitapda Serdar Berdimuhamedowyň jemlenen işleri Türkmenistanyň ylmyny, taryhyny, syýasaty öwrenişini we jemgyýeti öwrenişi has-da ösdürmek üçin nazary hem-de amaly gymmatlyga eýedir.

Birinji toma girizilen makalalardyr, habarlar Türkmenistanyň häzirki zaman ideologiýasy barada gürrüň berýär hem-de Türkmenistanda alnyp barylýan syýasata laýyklykda, raýatlaryň hal-ýagdaýyny hem-de durmuş goraglylygyny has-da gowulandyrmak boýunça beýik işleriň alnyp barylýandygyny görkezýär.

«Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda geçen 2022-nji ýylyň wakalaryna hemmetaraplaýyn seljerme berilmegi kitabyň esasy ugrudyr. Şol ýyl ýurduň taryhynda ähmiýetli bolup, Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllaryndaky mundan beýläkki ösüşini kesgitleýän täze eýýamyň başlanýandygyny aňlatdy.

8
145
ideallider
Wednesday 23:26 wagtda
@mugallym_, kemsidip ösdürip bolmaýanyna düşün☝️
flowers_
Wednesday 23:14 wagtda
Gürrüñi edilmeli ýerinde etdä, edip bilmeýan bolsañam dym!
flowers_
Wednesday 23:06 wagtda
@mugallym_, saña zor bilen oka ýa okaýas diý diýen barmy, eger bar bolsa özüñe göwnüñ ýetýan bolsa şolañ ýanynda diýdä bujagaz sözleññi bärde boş gürläp otyrmada.
sadajaaa_
Wednesday 22:39 wagtda
sadajaaa_
Wednesday 22:34 wagtda
@zumer_chas, seydi seydi😁
zumer_chas
Wednesday 22:33 wagtda
Gowy kitap manyly okanyña degýä😁
zumerret_
Wednesday 19:21 wagtda
@mugallym_, 😂 men näme ösme diydimmi ? Men düşinjäme näme bolupdyr . Biriniň eden zàhmetine göribilmezcilik etdiginiz . Men ony "ol" bolany ucin diymedim . Eger sol kitaby basga biri cykaran bolsa sizin aydan soziniz ol bolmazdy mence .
gunesh_
Wednesday 18:54 wagtda
@mugallym_, mugallym bolmasaňyz nämüçin beýle nik saýladyňyz?
mugallym_
Wednesday 18:42 wagtda
@bilesigelijilai, her döwürde birhilidä dos. Onsaň geljekde 'şol wagtlar şeyle pikirdäki adamlar yokmudyka' dp sorarlar belki
mugallym_
Wednesday 18:40 wagtda
@zumerret_, biz hijem ösmeris siz ýaly düşünjedäki adamlar bilen
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.