sadajaaa_
06.09.2024 14:45

Göwnüm niçün beýle batýarsyň gama,
Mert bol ejizlemek aýp bolar saňa.
Bilýän, indi öýde garaşyp maňa,
Ýolum gözlemäge kakam ýok indi.

Çagalykdan ara açyp oýlarym,
Bildim gysgalypdyr uzyn gollarym.
Tiken bilen dolsa durmuş ýollarym,
Alnym düzlemäge kakam ýok indi.

Owallar bir zada tapmasam çözüm,
Ýolbeledim bordy nesihat sözüň.
Salgyma ynanyp baglansa gözüm,
Daňym çözlemäge kakam ýok indi.

Ýedi ölçäp bir keserin biçimde,
Çünki ýalňyş ediler her göçümde.
Tümlik basan giň dünýäniň içinde,
Ýitsem yzlamaga kakam ýok indi.

Goşgularym bilen tanalyp halka,
Gazansam mizemez awraýdyr-sarpa.
Barlygyna buýsanyp, tutunyp arka,
Buşlap sözlemäge kakam ýok indi.

©️Merjen Meredalyýewa

10
32
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.