sadajaaa_
05.09.2024 15:26

Türkiýäniň gurluşyk kompaniýalary Türkmenistanda umumy bahasy 53 milliard dollarlykdan gowrak taslamalary amala aşyrdylar.

1972-nji ýylyň başyndan 2024-nji ýylyň awgust aýyna çenli Türkiýäniň potratçy gurluşyk kompaniýalary 137 ýurtda 12 müň 277 sany taslamany durmuşa geçirdiler. Olaryň esasy bölegi Russiýanyň, Türkmenistanyň hem-de Gazagystanyň çägindäki taslamalardyr. Bu barada Türkiýäniň Söwda ministrliginiň maglumatlaryna salgylanyp, «Anadolu» habarlar agentligi ýazýar.

Türk kompaniýalarynyň iň köp gurluşyk taslamalaryny durmuşa geçiren ýurdy Russiýa Federasiýasy bolup, ol ýerde Türkiýäniň kompaniýalary tarapyndan bina edilen desgalaryň umumy bahasy 102,3 milliard amerikan dollaryna deňdir. Bu sanawda ikinji orun Türkmenistana degişli. Has takygy, agzalan döwürde türk kompaniýalary tarapyndan Türkmenistanda umumy bahasy 53,3 milliard dollarlyk gurluşyk taslamalary durmuşa geçirilipdir. Sanawda ilkinji üçlügi 29,5 milliard amerikan dollarlyk görkeziji bilen Gazagystan jemleýär.

Ýeri gelende bellesek, şol döwürde türk kompaniýalarynyň dünýä ýüzünde durmuşa geçiren gurluşyk taslamalarynyň 13 göterimi gara ýollaryň, ýerasty geçelgeleriň hem-de köprüleriň, 13,8 göterimi ýaşaýyş jaýlarynyň, 8,6 göterimi elektrik stansiýalarynyň, 7,1 göterimi söwda merkezleriniň hem-de 6,6 göterimi howa menzilleriniň paýyna düşýär.

12
40
zumerret_
5 Sentýabr 2024
Türk firmalaryndan "Ilk Inşat" y bilyan
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.