sabyrly
22.02.2024 19:32
Bir ýaş oglan öz daşary ýurtda okaýan söýgülisininiñ doglan gününe sowgat etmek isleýär. Sowgat saýlamak üçin ol oglan söýgülisiniñ uýasy bilen maslahatlaşmak kararyna gelýär. Olar uly uniwermaga gidýärler. Ol ýerde bir sagat aýlananyndan soñ ellik satyn alyp sowgat etmek kararyna gelýär, gyzyñ uýasy bolsa bu pursatdan peýdalanyp özüne içki geýim saýlaýar. Satyjy aýal daşyny gaplanynda atdanlykda olaryñ paketlaryny çalyşýar, oglan bolsa pakediniñ içini barlamazdan söýgülisine şol içki geýimli paketi ugradýar, onun üstüne şeýle hat yazýar:
“Ezizim, men seniñ doglan günüñ barada ýatdan çykarandyryn öýtmeziñ ýaly saña şujagaz sadaja sowgady ugradýaryn. Men şu sowgady saýladym, sebabi biz nirä bolsa-da bir ýere çykan mahalymyz seniñ geýeniñi entäge çenli göremok. Men tas uzynragyny alýadym, ýöne satyjy aýal maña gysgasyny al diýip maslahat berdi, çykarmak ansat bolýar diýdi. Men ak reñklisini aljak boldum, ýöne ak basym hapalanýar, şonuñ üçin garasyndan aldym, satyjy aýal hem özüniñ üç hepde bäri geýip ýörenini görkezdi – we onuñky hem bir azajyk hapalanan diýäýmeseñ, gaty arassa. Satyjy aýal şuny hem geýip görkezdi, oña-da gaty gowy gelişdi. Men hakykatdan hem şu wagt seniñ ýanyñda bolup şony öz elim bilen saña geýdiresim gelýär, arman mümkinçilik ýok..
Şübhesiz, ikimiz indiki gezek duşuşýançak oña köp erkegiñ eli degip biler. Ynanaý, geljekde seni her bir görenimde, her bir duşuşanymyzda ony ogşamak meni has bagtly edip biler.Ýuwanyñdan soñ derrew geýmeli, ýogsa daralýar. Soñky döwür moda – gyrasyny epläp geýmeli... Sen halarsyñ diýip umyt edýärin we sen gaýdyp gelen wagtyñ señ geýeniñi görmegi arzuw edýärin. Tüýs ýürekden söýýärin.
26
197
sabyrly
22.02.2024 13:57
Senden aýralykda meñ üçin agyr,
Yşk ýüki gerdenim edipdir ýagyr,
Ylgaplar barjak men gerekläp çagyr,
Ýürek gussalardan ezilip gitdi
Kalp töründe söýýän diýenje andym,
Seni oýlap arzuw atyna mündüm,
Geçmesi kyn boldy sekundyň mindiň,
Wagt kerwenniň yzy uzalyp gitdi.
Küýsemek duýgusy girensoň güýje,
Ukusyn terk etdi asuda gije,
Ýatlamajak bolup urundym nije,
Gözlerimden ýaşlar süzülip gitdi.
Ýalňyzlygam gurşap aldy goýnuna,
Men haýranam yşk söýgüniň oýnuna,
Jennet ysy gelen akja boýnuňa,
Ýyldyzlardan monjuk düzülip gitdi.
Barlygyñda gorkman howpy-hatardan,
Ýollar uzak ýalñyz ýaşap öterden,
Seniñ bilen gol tutuşyp oturdym,
Derdimiñ ýumagy çözülip gitdi.
Şeýdip aşygyñdan habar alyp dur,
Bolmanda düýşümde myhman, gelip dur,
Hat diýip ýazanlam dessan bolupdyr,
Tarypyña namam ýazylyp gitdi.
Süleýman Tekäýew
26
38
sabyrly
21.02.2024 18:08
"Ýykyl dünýe bas meni,
Gözüm görmesin seni,"
Ýatlap sen giden güni,
Aglaýaryn ezizim.
Söýmeýaniň dogrumy,
Nä seň kalbyň ogrumy,
Sensiz ýürek bagrymy,
Daglaýaryn ezizim.
Etdi ykbal öwrümi,
Sanja saldy böwrümi,
Seni ýatlap göwnümi,
Çaglaýaryn ezizim.
Ýalan çykdy sözleriň,
Ýakdy goýan közleriň,
Ýaşa baglap gözlerim,
Çyglaýaryn ezizim.
Erkim gitdi özümden,
Närza söýen gyzymdan,
Arzuwlarmyň yzyndan,
Galgaýaryn ezizim.
Süleýman Tekäýew
29
64
sabyrly
21.02.2024 12:42
Armanym sen,armanym sen dünýede,
Dermanym sen,dermanym sen,dermanym!
Günäsi ýok,özgeleriñ bu ýerde,
Bu ykbalyñ oýny,aýryldyk janym.
Ellerime salsam,jem$idiñ jamyn,
Belki beýle,bolmasada bolmazdy.
Öñünden bilerdik nämäñ boljagyn,
Hiç kes seni,ellerimden almazdy.
Elimde bolsady,garry gojanyñ,
Üç isleg bitirýän tylla balygy.
Ählisinde, diñe seni dilärdim,
Howwa seni,eý kòñlimiñ aramy.
Elimde bolsady,hool Alletdiniñ,
Ïçi jynly,$ol jadyly çyrasy,
Belki Jasminima ýetip bilerdim,
Tapylardy, aýralygyñ çäresi.
Ýöne welin,bulañ bary erteki,
Ertekiler bolsa oñat gutarýar.
Gerçek ýigit,$ol rehimsiz döwleri,
Öldürýärde,$a gyzyny getirýär.
$a bolsa olara,nika gyýdyryp,
Görlùp e$dilmedik toý tutyp berýär.
Bu durmu$dyr,hakykatdyr öýdi$ip,
Ertekiniñ okyjysy begenýär.
Durmu$ erteki däl,durmu$ ýeñil däl,
Çyra ýa jam,balyk ,dadyña gelmez.
Ýöne seni söýmän,oñup biljekdäl,
Seniñ ýüregiñem,wah mensiz oñmaz.
Bagytdyr dünýäde,söýlip ýa$amak,
Armany bolmaklyk,seniñ dek gyzyñ.
Ýeri bolýa, goýaly bu gürriñi,
Diýme maña,"umyt bara henizem"
Biz aýryldyk,biz aýryldyk ahyry,
Sen nämùçin,dü$ineñok henizem,
Hemme zat, gowluga gutarar ýaly,
Durmy$ hindi filimi däl ezizim!
24
33
sabyrly
20.02.2024 19:56
Gunlerden bir gun gul bilen suw tanysypdyrlar ve dost bolupdyrlar. Ilk gunlerde dine bir dost hokmunde gunlerini gecirerler. Elbetde bir birilerini tanamalary ucin wagt gerek.Gunler gecer, aylar gecer, gul bu tanysyklykdan hoshal bolmaga baslar. Seyle bir hosal bolar welin,suwa asyk bolar. Birinji gezek asyk bolup goren gul, gowy ysyny das toweregine yayratmaga baslar.” Bu ys dine senin ucin ey suw” diyer. Seyle bir gun geler.Suwam icinden gule garsy ysynyshmaga baslar. Gule asyk bolandyryn oyder emma olam birinji gezek ashyk bolup goryar.Aylar gunler gecer we bir gun gul “Suw meni soyyarmika?” diyip pikir eder. Sebabi suw onun bilen kan gyzyklananok. Gul bolsa beyle soyga owrenismedik bolan son cydaman suwa “Seni soyyan” diyer. Suwam “menem seni soyyan” diyer. Aradan esli wagt gecenden son gul yene “seni soyan” diyer.Suw yenede “menem” diyer.Gul sabyrly bolanson garasar,garasar,garasar…
Garasyp garasyp gul seyle bir dereja geler, das toweregine ol owadan, hoshamay ysyny yayratmagyny goyar we in sonky gezek suwa “seni soyan” diyer. Suwam ona “aytdyma menem seni soyan” diyer.We bir gun gul hassalanar.Renki,yuz kesbi uytgap baslapdyr.Suwam gulun bas ucunda,soygulisine komek etmek ucin durar.Gulun hal yagdayina seredende gul oljek bolup dur.In sonky gezek suwa seredip kyncylyk bilen “men seni hakykatdanam soyan” diyer.Suwam muna yaman gynanar we in sonky care hokmunde
lukman cagyrar.Lukman keseli name diyip sorar.Lukman gule sereder we seyle diyer:” Hassanyn yagdayi agyr,mundan son elimizden hic zat gelmez”.Suw, soygulisinin olumune sebap boljak keseli bilmek islar we lukmana
yene bir gezek keseli name diyip sorar.Lukman suwa dykgatly seredenden son seyle diyer ”Gulun bir hassalygy yok.Bu gul dine suwsapdyr…”
Elbetde suw, soygulisine dine “seni soyyan” diymegin yetmejekdigine ynanypdyr...
29
103
sabyrly
19.02.2024 13:26
Dostlar menä halys ýadadym,
Sallahlygyñ derdinden,
Tañrym özün dyndarawer
Beýle ýowuz şertinden
Deñ-duşlarymyñ bary boldy öýli işikli,
Dostlarym ýakyp gitdi,meni ilkinji söýgi.
Söýdim ikinji gezek synpdasym Maraly,
Olam zuwp gacyp gitdi,bagşymyşyn barany.
Sonra üçünji söýgim Dürli ýeññän Çemeni
Olam gaçdy ejemiñ, paylan güni semeni.
Oñam halap barany, tekje yalow eñegi,
Şeýdip elden gidirdim dostlar hüýri melegi.
Soñam hat yazdym ýene, gonñşn gyzy Jerene
Haty gowşurgyn diýip berdim garry eneme,
Enem bilmän beripdir, kiçileri Çemene
Çemenden son geciripdir salam hatym Gerege,
Gerekden, soñ Näzgüle, Näzgülden soñ Ýazgüle,
Ýazgül beripdir ony sagymçy gyz Bahara,
Aý garaz olam ona, şeýdip ile aýlanyp
Boldum menem masgara.
Bir gün diýdim ejeme,kimkä meñ bagtym acjak
Bir kürteliñ üstünden haçan sen pişme seçjek.
Ejem diydi:-jan oglum kimkå seniñ aşygyñ,
Ýa alaly sagymçy Bahar gyzyn Aşyryñ
Entegä ýokmuş şoña saçakly sawçy gelen.
--wah ejejan şo dälmi, meni şu güne salan
Gowsy eje alaly Bike daýzan Ajabyn.
-- wah, öten agşam jan oglum, acypdyrlar saçagyn.
-Onda eje alaly,Aşyr agañ tokgasyn.
- goýaweri jan oglum,ondan hudaý saklasyn.
Göreñokmy köçede onuñ bolup ýörşüni
Arkasyz köýnek geýip,güne ýakyp gerşini.
Olar ýaly bezzatlar o:t getirer suw diýseñ,
Siziñ ýaly sallaha,şoñ ýalyny öw diýseñ.
--onda eje kimkä meñ, şu dünýäde geregim.
--Ylalaşsañ Patmanyñ, gyzyn alyp bereyin.
Şeýdip ejem ugrady Patmañ gyzy Çeçege
Gadyrly garşy alyp Patma diýen ejeme.
-- gyz geregiñ çyn bolsa,epeslini düw diydi.
Ejem gaýdyp çiñ arkan, bir sagatdan "suw" diýdi
Suwy içen dessine, ejem gelip essine,
Öýe tarap ugrady. Patma bolsa gyzyna,
-- nätdim diýip ümledi.
Geldi ejem bir wagt, ýüzünde ýok ýakymy,
-nätdin eziz ejemjan, gurtmy ýa tilkimi?
-Gurdam gursun tilkide, gyzam gursun Patmanyñ
Indi gaýdyp soñky sapar,şolar diýip ätlänim.
Şodur-şodur kes-kellam,ejem öýden cykmady
Gaýtam syr-süpür,pol ýuw,onam maña ýükledi...
Aý günlerem geçip dur,sagat,minudyn sanap
Sallahlygyñ derdinden ýörün özümi gynap
Ine, günleñ bir güni,kursdaşym Sülgüni
Gördüm ors bazarda,ol gyzlaryñ gülgüni.
Diýdi: - senem barmysyñ? sag amanja yörmüsüñ?
Diýdim: -Menem barynla, ýarym-ýarty ýörünle.
Jak-jak etdi alçak gyz-waheý işiñ gaýdypdyr!Menä seni agtykly bolansyñam öýdüpdim.
--Gaýgy etme kursdaşym,Tañrym bir gün eçiler
-- Ine, seniñem bir gün paraşudyn açylar.
-- menä gaýgy edemok,ýogsam menem boş diýdi
--Sülgünjemal, onda men sana ........
-- Ýok,aramyz daş diydi
-O nähili daşmyşyn,beý diymedä alma-nar
Goreñokmy aramyzda,ýapdan kiçi salma bar.
Sen añyrda,men bärde...
--Goýalyla mus-musy....
salmañ alajy borla,
--Tapylarla *ýasgasy.
--Tapjak bolsañ şunça ýyl,bolmadymy çak, diýdi.
Ahyr yrdyñ ýerçeken, hany bärik bök diýdi.
Ine şeýdip öýlendim,bile okan gyzyma,
Görüñ bolan zatlara,gulak goýuñ yzyna.
Bir partada otyryp, bile alyp sowady,
Gapdalynda otyrsamda,añmandyryn men şony.
Bagtymy tapjak diýip,niräni yzlapdyryn,
Bagtym ýanymda eken, men ony gözläpdirin.
30
55
sabyrly
18.02.2024 13:51
Uçradym derd-u belaga,
Göz bilen gaş arasynda.
Ejizem, mätäç penaga
Ýer bilen Arş arasynda.
Ederimi bilmän, her ýan
ýortup, boldum bagry girýan.
Hyýalymda saňa barýan
Daň bilen çäş arasynda.
Günler alyp barýar gama,
Ýaşara ber kalbyň maňa.
Yşk eziler dama-dama
Göz bilen ýaş arasynda.
Zöhre bolman, Tahyr olmaz,
Haýsy aşyk şahyr olmaz?!
Haýsy bir yşk ahyr olmaz
Ruh bilen läş arasynda?!
Mesgen bildim kalbyň törün,
Eýlemäwer ony görüm,
Hyýalyňda ýaşap ýörün,
Aň bilen huş arasynda.
Saýmasaň söýgimi sanda,
Arman artyp barar janda,
Tut golumdan iň bolmanda
Bir süýji düýş arasynda.
Mukam Muhamow
30
31