Dostlar menä halys ýadadym,
Sallahlygyñ derdinden,
Tañrym özün dyndarawer
Beýle ýowuz şertinden
Deñ-duşlarymyñ bary boldy öýli işikli,
Dostlarym ýakyp gitdi,meni ilkinji söýgi.
Söýdim ikinji gezek synpdasym Maraly,
Olam zuwp gacyp gitdi,bagşymyşyn barany.
Sonra üçünji söýgim Dürli ýeññän Çemeni
Olam gaçdy ejemiñ, paylan güni semeni.
Oñam halap barany, tekje yalow eñegi,
Şeýdip elden gidirdim dostlar hüýri melegi.
Soñam hat yazdym ýene, gonñşn gyzy Jerene
Haty gowşurgyn diýip berdim garry eneme,
Enem bilmän beripdir, kiçileri Çemene
Çemenden son geciripdir salam hatym Gerege,
Gerekden, soñ Näzgüle, Näzgülden soñ Ýazgüle,
Ýazgül beripdir ony sagymçy gyz Bahara,
Aý garaz olam ona, şeýdip ile aýlanyp
Boldum menem masgara.
Bir gün diýdim ejeme,kimkä meñ bagtym acjak
Bir kürteliñ üstünden haçan sen pişme seçjek.
Ejem diydi:-jan oglum kimkå seniñ aşygyñ,
Ýa alaly sagymçy Bahar gyzyn Aşyryñ
Entegä ýokmuş şoña saçakly sawçy gelen.
--wah ejejan şo dälmi, meni şu güne salan
Gowsy eje alaly Bike daýzan Ajabyn.
-- wah, öten agşam jan oglum, acypdyrlar saçagyn.
-Onda eje alaly,Aşyr agañ tokgasyn.
- goýaweri jan oglum,ondan hudaý saklasyn.
Göreñokmy köçede onuñ bolup ýörşüni
Arkasyz köýnek geýip,güne ýakyp gerşini.
Olar ýaly bezzatlar o:t getirer suw diýseñ,
Siziñ ýaly sallaha,şoñ ýalyny öw diýseñ.
--onda eje kimkä meñ, şu dünýäde geregim.
--Ylalaşsañ Patmanyñ, gyzyn alyp bereyin.
Şeýdip ejem ugrady Patmañ gyzy Çeçege
Gadyrly garşy alyp Patma diýen ejeme.
-- gyz geregiñ çyn bolsa,epeslini düw diydi.
Ejem gaýdyp çiñ arkan, bir sagatdan "suw" diýdi
Suwy içen dessine, ejem gelip essine,
Öýe tarap ugrady. Patma bolsa gyzyna,
-- nätdim diýip ümledi.
Geldi ejem bir wagt, ýüzünde ýok ýakymy,
-nätdin eziz ejemjan, gurtmy ýa tilkimi?
-Gurdam gursun tilkide, gyzam gursun Patmanyñ
Indi gaýdyp soñky sapar,şolar diýip ätlänim.
Şodur-şodur kes-kellam,ejem öýden cykmady
Gaýtam syr-süpür,pol ýuw,onam maña ýükledi...
Aý günlerem geçip dur,sagat,minudyn sanap
Sallahlygyñ derdinden ýörün özümi gynap
Ine, günleñ bir güni,kursdaşym Sülgüni
Gördüm ors bazarda,ol gyzlaryñ gülgüni.
Diýdi: - senem barmysyñ? sag amanja yörmüsüñ?
Diýdim: -Menem barynla, ýarym-ýarty ýörünle.
Jak-jak etdi alçak gyz-waheý işiñ gaýdypdyr!Menä seni agtykly bolansyñam öýdüpdim.
--Gaýgy etme kursdaşym,Tañrym bir gün eçiler
-- Ine, seniñem bir gün paraşudyn açylar.
-- menä gaýgy edemok,ýogsam menem boş diýdi
--Sülgünjemal, onda men sana ........
-- Ýok,aramyz daş diydi
-O nähili daşmyşyn,beý diymedä alma-nar
Goreñokmy aramyzda,ýapdan kiçi salma bar.
Sen añyrda,men bärde...
--Goýalyla mus-musy....
salmañ alajy borla,
--Tapylarla *ýasgasy.
--Tapjak bolsañ şunça ýyl,bolmadymy çak, diýdi.
Ahyr yrdyñ ýerçeken, hany bärik bök diýdi.
Ine şeýdip öýlendim,bile okan gyzyma,
Görüñ bolan zatlara,gulak goýuñ yzyna.
Bir partada otyryp, bile alyp sowady,
Gapdalynda otyrsamda,añmandyryn men şony.
Bagtymy tapjak diýip,niräni yzlapdyryn,
Bagtym ýanymda eken, men ony gözläpdirin.