sabyrly
22.02.2024 13:57
Senden aýralykda meñ üçin  agyr,
Yşk ýüki gerdenim edipdir ýagyr,
Ylgaplar barjak men gerekläp çagyr,
Ýürek gussalardan ezilip gitdi

Kalp töründe söýýän diýenje andym,
Seni oýlap arzuw atyna mündüm,
Geçmesi kyn boldy sekundyň mindiň,
Wagt kerwenniň yzy uzalyp gitdi.

Küýsemek duýgusy girensoň güýje,
Ukusyn terk etdi asuda gije,
Ýatlamajak bolup urundym nije,
Gözlerimden ýaşlar süzülip gitdi.

Ýalňyzlygam gurşap aldy goýnuna,
Men haýranam yşk söýgüniň oýnuna,
Jennet ysy gelen akja  boýnuňa,
Ýyldyzlardan monjuk düzülip gitdi.

Barlygyñda gorkman howpy-hatardan,
Ýollar uzak ýalñyz ýaşap öterden,
Seniñ bilen gol tutuşyp oturdym,
Derdimiñ ýumagy çözülip gitdi.

Şeýdip aşygyñdan habar alyp dur,
Bolmanda düýşümde myhman, gelip dur,
Hat diýip ýazanlam dessan bolupdyr,
Tarypyña namam ýazylyp gitdi.

Süleýman Tekäýew
26
38
kras
26 Fewral 2024
👍
manolya
22 Fewral 2024
sabyrly
22 Fewral 2024
@mawy, 👍
manolya
22 Fewral 2024
Kä wagtlat oturup geň galýan 🤔 "beýle gowy manyly goşgular nireden kellä gelýär iller diýip" illrň çagasa bela ýalak gyy😁
sabyrly
22 Fewral 2024
@awgust, sps👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.