sabyrly
19.02.2024 17:27
Tüçjar kişi dostundan:
-Dost jan, näme üçin dünýäden gidenimden soň ähli malymy, hany manymy haýyr-sahawata bagyş etjekdigimi aýdanymda-da, adamlar maňa husyt diýýärkä? — diyip soranda, dosty oňa şeýle bir tymsaly gürrüň beripdir.
-Gadym zamanlarda bir goýun sygryň ýanynda adamlary ýamanlapdyr: «Sen-ä adamlara süýt-gatyk beriýärsiň, menem olara et berýärin, hatda derimi hem berýärin. Şonda-da, name üçindir, olar seni menden has gowy görýärler. Zeýrenjeň goýna sygyr şeýle jogap beripdir:
-Munuň sebäbine düşünmek kyn däl, adamlar meni bu zatlary diri wagtym berýändigim üçin gowy görýärler.
24
50
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.