sabyrly
22.02.2024 19:32
Bir ýaş oglan öz daşary ýurtda okaýan söýgülisininiñ doglan gününe sowgat etmek isleýär. Sowgat saýlamak üçin ol oglan söýgülisiniñ uýasy bilen maslahatlaşmak kararyna gelýär. Olar uly uniwermaga gidýärler. Ol ýerde bir sagat aýlananyndan soñ ellik satyn alyp sowgat etmek kararyna gelýär, gyzyñ uýasy bolsa bu pursatdan peýdalanyp özüne içki geýim saýlaýar. Satyjy aýal daşyny gaplanynda atdanlykda olaryñ paketlaryny çalyşýar, oglan bolsa pakediniñ  içini barlamazdan söýgülisine şol içki geýimli paketi ugradýar, onun üstüne şeýle hat yazýar:
“Ezizim, men seniñ doglan günüñ barada ýatdan çykarandyryn öýtmeziñ ýaly saña şujagaz sadaja sowgady ugradýaryn. Men şu sowgady saýladym, sebabi biz nirä bolsa-da bir ýere çykan mahalymyz seniñ geýeniñi entäge çenli göremok. Men tas uzynragyny alýadym, ýöne satyjy aýal maña gysgasyny al diýip maslahat berdi, çykarmak ansat bolýar diýdi. Men ak reñklisini aljak boldum, ýöne ak basym hapalanýar, şonuñ üçin garasyndan aldym, satyjy aýal hem özüniñ üç hepde bäri geýip ýörenini görkezdi – we onuñky hem bir azajyk hapalanan diýäýmeseñ, gaty arassa. Satyjy aýal şuny hem geýip görkezdi, oña-da gaty gowy gelişdi. Men hakykatdan hem şu wagt seniñ ýanyñda bolup şony öz elim bilen saña geýdiresim gelýär, arman mümkinçilik ýok..
Şübhesiz, ikimiz indiki gezek duşuşýançak oña köp erkegiñ eli degip biler. Ynanaý, geljekde seni her bir görenimde, her bir duşuşanymyzda ony ogşamak meni has bagtly edip biler.Ýuwanyñdan soñ derrew geýmeli, ýogsa daralýar. Soñky döwür moda – gyrasyny epläp geýmeli... Sen halarsyñ diýip umyt edýärin we sen gaýdyp gelen wagtyñ señ geýeniñi görmegi arzuw edýärin. Tüýs ýürekden söýýärin.
26
197
sabyrly
23 Fewral 2024
@medik_, sagboluñ minnetdar👍
medik_
23 Fewral 2024
Bayramynyz bilen!
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.