sabyrly
23.01.2024 17:21
DÜŞÜNMEÝÄNE DÜŞÜNDIRMEKDE BIR DERT
Möwlana şeý le diý ýär:
«Sizne sözleseňiz sözläň, Aýdanlaryňyza her kim özüçe düşüner...» Dü­şün­mek­ is­lä­niň­de­ ses­siz­lik­den­ ma­ny­ çy­karyp­ bol­jak­ bu­dur­muş­da­ özü­mi­ öze­le­nip­ dü­şündir­mä­ge­ ça­lyş­dym... Çy­nym­ bi­len­ öz­ dü­şen­ ýag­da­ýy­my­ dü­şün­dirmä­ge­ sy­na­ny­şan­ gün­le­rim­ maňa dü­şü­nen­si­rän yn­san­lar...­bu­la­ryň­ hiç­bi­ri­ni­ ýat­la­sym­ ge­le­nok.­ Gö­re­si­mem­ ge­le­nok.­ Gör­mek­ ni­ýe­tim-de­ ýok.­ Çün­ki­ men­ dü­şün­dim:­ yn­sa­nyň­ özü­ne­ çek­di­rip bil­jek­ iň­ uly­ gü­za­by­nyň­ —­ dü­şün­me­ýä­ne­ düşün­dir­mä­ge­
sy­na­nyş­ma­gyň­da­dy­gy­na.­ Bir­ dö­wür­ler­ me­nem­ şu­ gü­za­byň­ pi­da­sy­ bolup­dym.­ Käş­gä­ wag­ty­ yzy­na­ do­lap­ bol­sa­dy,­geçmi­şe­ sy­ýa­hat­ eder­dim,­ ma­ňa­ dü­şün­me­jek­le­re dü­şün­dir­mek­ is­läp­ sö­zü­mi­ yr­ýa­ etmez­dim...Bu­ ba­bat­da­ men­ ju­da­ kän­ gezek­ler­ puş­manet­dim.­Em­ma,­nä­me,­bil­me­ýä­niň­ üçin­ ýal­ňyş­ýaň,­ ýal­ňyş­ýa­nyň­ üçi­nem­ bil­ýäň,­ öw­ren­ýäň.­ Ba­şyňdan­ ge­çir­me­seň­ dü­şün­mek­ kyn.­ Me­nem­ di­ňe ba­şym­dan­ ge­çi­rip­ dü­şün­dim:­ özüň­kiň­ dog­rudy­gy­ny­ de­lil­len­dir­mek­ is­läp­ jow­ran­ma­ga­ de­rek dym­ma­gy­saý­la­ma­ly­dy­gy­na.­ Bu­ ba­bat­da­ Ugur­ Gök­bu­lu­dyň­ aý­dan­la­ry­nago­şul­ýan:
«Ýeri gelende ýyl gyryp geçirmegi öwreniň!Çünki ýönekeýje ýyl gyryş düşünmejeklere düşündirmekden, bir zady üýtgetmek isläp çyrpynmakdan, adamkärçilik duýgusyndan nesipsiz  ynsanlar bilen işsalyşmakdan has ýagşydyr»
Bu­ jüm­le­ler­ ýü­re­gi­miň­ bir­ bur­çun­dan­ ýer­alany­ bä­ri­ as­la­ ýa­dam­zok.­Ha­wa,­ as­la­ ýadam­zok:­ me­nem,­ ru­hu­mam. Bu­ jüm­le­ler­ ýü­re­gi­miň­ bir­ bur­çun­dan­ ýer ala­ny­ bä­ri­ as­la­ýa­da­mok.­ Dym­ýan we­ uzak­laşýan.­Dymýan.­ Ses­siz­li­gi­me­ dü­şün­me­ýän­ler­den uzak­laş­ýan.­ Bu­ ýag­daý­da­ ýal­ňyş­la­ry­na­dyr­ ýalan­la­ry­na­ gö­zü­mi­ ýu­man­yn­ san­la­ry­myň­ öz­le­rini­ öte­ hak­ly­dyr­ öýt­jek­le­ri­ öz-özün­den­ düş­nük­li.­Em­ma,­ goý,­ olar­ öz­le­ri­niň­ki­ni­ hak­ saý­syn­lar.­Düşün­me­je­ge­ dü­şün­dir­mek­ is­läp­ der­din­mek­den ne­peý­da?!­
F.Dos­to­ýews­ki­ aýt­myş­la­ýyn:
«Özü­me­ ge­l­şe­ni­ni­ edip,
öz­ge­le­ri­ yn­jyt­maz­lyk­ üçin,
jo­gap­ gaý­tar­ma­dy­gym­
her­kes özü­ni­ hak­ly­ saý­dy...»
SERETMÄŇ, GÖRÜŇ!
DIŇLEMÄŇ, DÜŞÜNIŇ!
Men­ my­da­ma­ se­ret­mek­ bi­len­ gör­me­giň,­ diňle­mek­ bi­len­ dü­şün­me­giň­ ara­syn­da­ky­ ta­pa­wut ha­kyn­da­ kän­ pi­kir­le­ner­dim.­Gö­zü­miz­gör­ýär­kä se­ret­mek­ is­le­ýän­ za­dy­my­za­ is­len­dik­ ta­ra­pyn­dan ba­kyp­ bil­ýä­ris.­Em­ma­ bak­sakda,­ gör­me­gi­ ba­şarma­ýa­rys.­Gu­la­gy­myz­hem­me­za­dy­ eşid­ýär, ýö­ne dü­şün­me­ýä­ris.­Çün­ki­ gör­mek­ we­ dü­şün­mek­ göz bi­len­ gu­la­gyň­ däl,­ ýü­re­giň­ işi.­Di­ňe­ şeý­le­di­gi­ne dü­şün­ýän­ yn­san­ bak­maz,­ ýö­ne­ gö­rer,­ diň­le­mez ­ne­dü­şü­ner.­Dü­şün­mek­ bol­sa­ yn­san­ üçin­ iň­ möhüm­ ze­ru­ry­ýet.­ Hiç­ ha­çan­ hiç­ki­mi­ we­ hiç­za­dy­ da­şyn­dan­ gör­nü­şi­ ýa­ly ka­bul et­mäň!
Yn­sa­nyň­ özi­n ä­hi­li­ bol­sa,­ gör­ýä­ni­ni-de­ şeý­le ka­bul­ ed­ýär.­Başga­ça­ aý­da­ny­myz­da,­ dün­ýä­ ga­raý­şy­myz­ bi­ziň­ yk­ba­ly­my­zy­ kes­gitle­ýär. «Hin­dis­tan­da­ be­lent­ bir­ da­gyň­ de­pe­sin­de­ içi­ müň­ aý­na­ly­ ymarat­ gu­rul­ýar.­Gün­le­riň­bi­rin­de­ bir­ kö­pek­ bu­ da­ga­ dyr­maş­ýar­ we
yma­ra­tyň­ içi­ne­ gir­ýär.­Içi­ müň­ aý­na­ly­ yma­ra­ta­ gi­ren­ kö­pe­giň­ bu­ ýer­de­ bir­nä­çe kö­pek­le­re­ gö­zi­ düş­ýär. Al­jy­raň­ňy­ ýag­daý­da­ky­ jana­war kö­pek­ler­den­ gork­ýar.­ «Gor­kan­ öňür­der»­ edi­bem,­ tüý­le­rini­ hüž­žer­dip,­ diş­le­ri­ni­ syr­tar­dyp,­ hyr­la­ma­ga­ baş­la­ýar.­Gor­ka­ny­ny
bil­dir­män­ gor­kuz­mak­ is­le­ýän kö­pe­giň­ gar­şy­syn­da­ky­ kö­pek­le­rem edil­ onuň­ ede­ni­ni­ gaý­ta­lap,­ hyr­la­şyp,­ tüý­le­ri­ni­ hüž­žerd­ýär­ler.­Hälki­kö­pe­giň­ gor­ku­sy­ öň­kü­sin­den­ bäş­ be­ter­ artyp,­ des­si­ne­ yma­ratdan­ çy­kyp­ gaç­ýar.­Ýaň­ky­ gö­ren­ it­le­ri­ yzyn­dan­ ge­ler­ öý­düp­ ýü­re­gi­
ýa­ryl­sam­ diý­ýän kö­pek­ dün­ýä­ni­ gor­kunç­ kö­pek­ler­den­ do­ly, howsa­la­ly­ ýer­ ha­sap­la­ýar.­
Ýe­ne­ bir­gün­ baş­ga­ bir­ kö­pek­ bu­ da­ga­dyr­ma­şyp,­ içi­ müň­ aý­na­ly yma­ra­ta­ gir­ýär.­Ol­ hem­ gi­ren­ des­si­ne­ özi ýa­ly­ müň­ler­çe köpek­ bilen­pe­te­pet­ gel­ýär.­ Ol­ bär­de­ özi ýa­ly­la­ryň­ ju­da­kän­di­gi­ne,­özü­niň­ as­la­ ýe­ke­ däl­di­gi­ne­ diý­seň­be­gen­ýär.­Be­gen­ji­ içi­ne­ syg­ma­nam­ herhi­li­oýun­la­ry­ oý­nap­ baş­la­ýar.­Il­ki­ bi­len­ eý­läk­ beý­läk­ yl­gap gör­ýär. Onuň­ bi­len­ deň­ de­re­je­de,­ deň­ wagt­da­ beý­le­ki­ kö­pek­le­rem­ onuň­
eden­le­ri­ni­ gaý­ta­la­ýar.­Bu­ zat­la­ra­ göw­ni gö­te­ri­len­ kö­pek­ beý­le­kile­ri­ oý­na­ma­ga­ ça­gyr­ýar.­Beý­le­ki­ler­ bol­sa­ ony.­Şeý­dip­ ede­ni­ni­ gaý­
ta­la­ýan­ dost­lar­ kö­pe­ge­ he­zil­ ber­ýär.­Şeý­le­lik­de,­ özün­den­ we özi ýa­ly­ dost­la­ryn­dan­ ho­şal­ bo­lan­ kö­pek­ dün­ýä­ni­ nä­me­ et­seň­ şo­ny gaý­ta­la­ýan,­akyl­ly,­şa­dy­ýan­ hem­ dos­ta­na­ kö­pek­ler­den­ do­ly­ bir­ýer
ha­sap­la­ýar...»
Ynsan näme hakynda pikirlense, nämäni görmek islese, şony hem görer.
Şonuň üçin içki dünýämiz gözel bolsun!
Gözellik hakynda pikirleneliň!
Gözellikleri görmek isläliň we göreliň!
Miraç  Çagri  Aktaş
16
81
sabyrly
23.01.2024 09:11
Ýüz görülýän aýna bakma sen, uýam,
Kalbyň gözelligin bilmez ol açyp.
Durmuş keşbiňe däl, ýüregňe görä
eder ýoluň ýagty, bagtyňy açyk.

Bolsa bolsun ýüzüňdäki hal-menek,
Gyýylma gaşlaryn çytýan gedeme.
Biribar beýle-de birehim däldir
Seni bagtlylykdan mahrum edere.

Isleseň, kül-owram et-de aýnany
ýere ur, ýüregiň gyýylan wagty.
Aýnadaky keşbe berilýän bolsa
Birentek gözelleň çüwerdi bagty.

Aýna däl, kalbyňa, ýüregňe gara,
Ol seni aýna deý görkezer aýan.
Seň ýanyňda bagtly bolmak nämemiş,
Ýüz görülýän aýna ynanma uýam!

Goçmyrat Orazberdiýew
27
77
sabyrly
22.01.2024 16:30
ŞOŇA MEŇZEŞ  DERDI ÇEKMEDIK BOLSAK, DERT ÇEKÝÄNE  DÜŞÜNENSIREMEKDEN NE PEÝDA?!
Ýa­nyň­da­ bol­ýa­ny­ny duý­dur­mak­ üçin­ söz­lenen­ nus­ga­wy­ bir­te­sel­li:­ «Men­ sa­ňa­ dü­şünýän». Ýa­nym­da­dyk­la­ry­ny­ duý­ma­gym­üçin­ aý­dy­lan:­ «Men­ sa­ňa­ dü­şün­ýän»­ di­ýen­söz­ler­ hiç­ ha­ça­nam­ ýa­ra­ma­ sar­gy­ bol­man­dy. Ma­ňa­ kim­dir­ bi­ri:­ «Men­ sa­ňa­ dü­şün­ýän»­diýse,­on­dan­ hök­man­ «Me­niň­ ba­şym­dan­ geçen­le­ri se­nem­ baş­dan­ ge­çir­diň­mi?»­di­ýip­so­ra­ýan.­Çünki­ baş­dan­ ge­çi­ren­le­ri­mi­ ba­şyn­dan­ ge­çir­mez­den, kim­dir­ bi­ri­ ma­ňa­ dü­şü­ner­öý­de­mok... Men in­di öz ba­şym­dan ge­çi­ren­le­ri­me meň­zeş wa­ka­ny baş­dan ge­çi­rip gör­me­dik­le­riň: «Men saňa dü­şün­ýän» di­ýen söz­le­rin­den te­sel­li göz­lä­mok. Nä­me,­ her­kes­me­niň­ ba­şym­dan­ ge­çi­ren­le­rimi­ baş­dan­      ge­çir­me­li­miş­mi?!­Ýok!­ As­la!­ Fa­ra­by­nyň­ söz­le­ri­ne­ go­şul­ýan: Her kes özderdini özi çek meli... Derdiňize düşünmeklerine  hantama bolmaň! Ha­wa,­ dü­şün­mek­le­ri­ne­ han­ta­ma­—­ ham­ tama­ (boş­hy­ýal). Eger­ yn­sa­nyň­ der­di­ne,­ ha­ky­kat­danda,­ düşün­jek­ ki­şi­ bar­ bol­sa,­bu­ şol­ der­di­ çe­kip­ gö­ren­ ýa-da­ bi­le­ çe­kiş­ýän­yn­san­dyr... Nas­red­din­ Ho­ja­ hem­ ýö­ne­ ýerden­ şeý­le di­ýen däl­dir:  Ýanyma agaç dan ýykylany getiriň! Go­wu­sy,­ men­ si­ze­ bu­ he­ka­ýa­ty­ do­lu­ly­gy­na gür­rüň­ be­re­ýin:      «Gün­ler­de­ bir­gün­ Nas­red­din­ Ho­ja­ aga­ja dyrmaş­ýar­ka­ aýa­gy­ny­ ba­san­ şa­ha­sy­ döw­lüp,­ ýe­re ýy­ky­lyp­dyr.­ En­dam­ja­ny­nyň­ agy­ry­yza­sy­na­ çy­dama­dyk­ Nas­red­din­ iň­ňil­däp­ baş­lap­dyr.­ Ýa­ny­na­ ge­len­ler­ oňa:­ «Bi­raz­ sa­byr­ly­ bol­sana!­ Der­diň­ ga­ty­bir­ çy­da­maz­ de­re­je­de­ däl­dir­ä?!»­di­ýip­dir­ler.­ Bu­ söz­ler­ dep­re­ne­dep­re­ne­ der­di­ni­ dep­ edip bil­män­ otu­ran­ Nas­red­di­ne­ ýo­kuş­ de­gip,­ ol­ olardan: «Siz­ ha­ça­nam­ bol­sa­ birwagt­ agaç­dan­ ýy­ky­lyp gö­rüp­mi­di­ňiz?»­di­ýip­ so­rap­dyr.­ Bu­ so­wa­la­ äh­li­ki­şi­«Ýok!»­di­ýip­ jo­gap­ be­rip­dir.­ Ola­ryň­ jo­ga­by­ny­ eşi­den­ Nas­red­din­Ho­ja: «Beý­le­ bol­sa,­ ýa­ny­ma­ agaç­dan­ ýy­ky­la­ny­ ge­tiriň!­Çek­ýän­ der­di­me­ di­ňe­ şol­ dü­şü­nip­ bi­ler»­ di­ýip­dir...»Si­ze dü­şün­me­ýän, dü­şü­nen­si­re­ýän yn­san­lardan göw­nü­ňi­ze te­sel­li göz­le­mäň! Ola­ryň­ awu­ly
söz­le­ri-de si­zi yn­ja­ma­ga mej­bur et­me­sin! Ýa­nyňyz­da bol­man «Sa­ňa dü­şün­ýän» diý­ýän­ler däl, öz der­di­ňi­ze özü­ňiz çä­re­ tap­ma­ly­sy­ňyz. Bu çä­räni ta­py­şyp, der­di­ňi­zi çe­ki­şip, si­ze dü­şü­nip bil­jek yn­san­lar­  he­mi­şe si­ziň ýa­ny­ňyz­da bo­lan­lar­dyr. Biz­ bi­len­ bi­le­ bol­ma­sa­lar-da,­ «Men­ sa­ňa­ düşün­ýän»­ di­ýip­ dü­şü­nen­si­re­ýän­le­re­ Wil­ýam Şeks­pi­riň­ «Du­ýup­ gör­me­dik­ der­di­ňe­ dü­şünmer­siň»­ di­ýen­ sö­zü­ni­ ýat­lat­ma­gyň­ wag­ty­ ge­lendir,­ bel­ki?!    Möw­la­na­da,­ gör, ne­ gö­zel­ jüm­le­ bar: Garybyň hekaýasyny diňlemek üçin, Ýene bir garybyň gulagy gerek.
21
101
sabyrly
22.01.2024 10:38
SIZ HIÇ KIMIŇ ORUN TUTARY DÄLSIŇIZ
Is­län­ wag­ty­ gel­jek­miş­ler,­ is­län­ wag­tam­ gitjek­miş­ler.­Si­zi­ ikin­ji­ orun­da­—äti­ýaç­da­ goýup, baş­ga­ bi­ri­ bi­len­ ýü­rek­deş­ bol­jak­myş­lar.­ Ýü­rekdeş­le­rin­den­ yn­jap,­ hiç­ki­mi­ gal­ma­dyk­ wagt­la­ry bol­sa,­ ýe­ne­ yz­la­ry­na­ do­lan­jak­myş­lar­ si­ziň­ ýany­ňy­za­ gel­jek­miş­ler.­Si­zem­ ola­ry­ öň­ki­ýa­ly kabul­ et­me­li­mi­şi­ňiz,­ şeý­le­mi?­
Şu­ňa­ bir­ dü­şü­niň:
Siz­ ne-hä­ kim­dir­ bi­ri­niň­ boş­ wag­ty­ny­ dol­durma­ga,­ ne-de­ äti­ýaç­da­ go­ýup,­ ýe­ke ga­lan­wag­ty yzy­na­ do­lan­ma­gy­na­ ni­ýet­le­nen. ­Siz­kim­dir­ bi­ri­niň­ orun­ tu­ta­ry­ däl,­ as­la!
Möw­la­na­nyň­ aý­dy­şy­ ýa­ly:
«Özüňizi kiçijik saýmagy bes ediň! Sizem aýratyn bir dünýä ahyryn!»
Mun­dan­ beý­läk­ kim­dir­ bi­ri­niň­ ýa­ny­ňy­za­ islä­nin­de­ ge­lip,­ is­lä­nin­de­ git­me­si­ne­ as­la­ ýol­bermäň! Çün­ki siz de­ger­li bir yn­san­sy­ňyz. Şo­nuň üçin güýç kuw­wa­ty­ňy­zy gady­ry­ňy­zy bil­me­ýän ýe­kemen yn­san­la­ra sarp et­mäň. Si­ze ga­dyr goý­ma­ýan yn­san üçin yn­ja­ma­gy­ňy­zam gel­şik­siz. Kim­dir biri­niň si­ze ed­ýän gat­na­şy­gy­na dyk­gat edip, si­zem şo­ňa gö­rä­he­re­ket ediň. Ar­tyk­maç­lyk as­la ge­rekdäl. Ge­re­gin­den ar­tyk ga­dyr gym­mat goý­mak hem is­rip­dir. Duý­gu­la­ry­ňy­zy as­la is­rip et­mäň! Gud­ra­ty­ baş­ga­lar­dan,­ baş­ga ýer­den­ göz­lemäň!­Çyn­ gud­rat­ si­ziň­ özü­ňiz­de­dir!­Çyn­gud­ratsiz­si­ňiz!
"Kim bolsaňyz boluň, Emma kimdir biriniň orun tutary welin asla bolmaň!»
T. S. Eliot
SIZ ÜÝTGÄNDIRIS ÖÝDÝÄRSIŇIZ, EMMA BIZ ÖZÜŇIZ ÝALY HEREKET EDIP BAŞLADYK
Freud­ diý­ýär­ ahy­ryn:«Sizi öňküsi ýaly peýda lanyp bilmedik pursady, Ynsanlar size üýtgäpsiň diýerler». Öň­ler­ ga­dyr go­ýup,­ sö­ýen­ yn­san­la­rym­ şeý­lebir­ öw­re­ni­şip­dir­ler­—­ he­mi­şe­ ola­ryň­ di­ýe­ni­ni et­me­gi­me,­ ola­ryň­ pi­ki­ri­ni­ oň­la­ma­gy­ma.­ Soň-
soň­lar­ bu­ he­re­ke­ti­miň­ nä­dog­ru­dy­gy­na­ dü­şündim.­Şeý­di­bem­ ola­ryň­ is­leý­şi ýa­ly­ däl,­bolma­ly­sy ýa­ly­ bol­ma­gy­ ka­rar­ et­dim.­Ýa­ra­la­na­ny­myz­ üçin­ yn­san­la­ry­ gü­nä­kär­le­megi­ goýa­lyň-la.­Çün­ki­ ola­ra­ ejiz­ ta­ra­py­myz­ hakynda­ gür­rüň­ be­ren­ biz.­ Söý­me­giň,­ ga­dyr­ goý­magyň,­go­wu­lyk­la­ryň­ gar­şy­sy­na­ al­nan­ jo­gap­ beý­le bol­ma­ly­ däl.­
Her­ne­ bol­sa-da,­ me­ni­ öň­ki­ ýa­ly peý­da­la­nyp bil­me­ýän­ yn­san­lar­dan­ her­wagt­ şu­ jüm­lä­ni­eşitme­gim­ as­la­ geň­däl: «Sen gaty üýtgäpsiň...» Em­ma,­ ga­dyr­dan­lar,­ men­ as­la­ üýt­ge­me­dim.­ Si­ze­ gö­rä­ bir­ yn­sa­na­ öw­rül­dim.­ Kem­çi­lik­ şu­zatla­ra­ akyl­ ýe­ti­rip­ bil­me­ýä­ni­ňiz­de. Öz­ge­re­nim­ üçin­ dur­mu­şym­da­ bo­la­sy­ gel­meýän­ kim­ bar­ bol­sa,­ oňa­ ga­py­ gör­kez­dim.­ Öz­ge­reni­mi­ tek­rar­la­ýan­la­rada­ jo­ga­bym­ şu:«Siz meni özgeren saýyň, Men bolsa siziň özüňize görä  hereket edeýin»
22
76
sabyrly
21.01.2024 14:36
Öň­ler­ yk­ba­ly­ma­ kim­dir­ bi­ri­ ara­laş­sa,­ me­nem oňa­ öw­re­niş­sem,­ bir­gün­ ge­lip­ me­ni­ taş­lap­ gidäý­me­sin­ di­ýen­ gor­ky­ bi­len­ ýa­şar­dym.­ Em­ma git­mek­ is­län­ gork­sak-da­ gi­der­eken.­ Ni­çik­ öw­reniş­se­ňiz­ öw­re­ni­şi­be­riň,­ ne­neň­si­ söý­se­ňiz­ sö­ýübe­riň,­ yn­san­lar­ sö­ýül­mä­ge­ my­na­syp­ yn­sa­ny­ däl,­ özü­ne­ la­ýy­gy­ny­ sö­ýer­ eken.­ Kim­sä­ni­ ýi­tir­mekden­ gor­kup­ söý­ýän­ yn­san­lar­ di­ňe­ özü­ni,­ öz­ duýgu­la­ry­ny­ ýa­dad­ýar.­ Bir­ dö­wür­ler­ ýi­tir­mek­den gor­kup sö­ýen­ kalp­ gün­ ge­lip­ ýi­tir­mek­den­ gorkup­ sö­ýe­ni­ni­ öz­ er­ki­ne­ go­ýu­bam­ bil­ýän­ eken.­
In­di­ me­nem­ ýi­tir­mek­den­ gork­ýan­ ki­mim­baram­ bol­sa,­ öz­ er­ki­ne­ goý­ber­ýän.­ Git­megi-de, gal­ma­gyda­ onuň­ özü­ne­ goý­ýan.­
Öň­ler­di­ o­ git­mek­ is­le­ýä­niň­ öňün­de­ durmalarym,­ gal­ma­gy­ üçin­ ýal­bar­ma­larym...
Mun­dan­ soň­ hiç­ ki­mi­ hiç­ za­da­ mej­bur­la­mak­
ýok.­Her­kim­ öz­ keý­pi­ne­ gö­rä­ he­re­ket­ et­sin.
Men­ in­di­ özü­ni­ ýüz­ öw­rül­me­ýän­ yn­san­ saý-
ýan­lar­ üçin­ as­la­ wagt­ sarp­ede­mok.­
****
«Iki­ sa­ny­ nä­sa­gy­ has­sa­ha­na­nyň­ bir­ ota­gy­na­
ýer­leş­dir­ýär­ler.­ Nä­sag­la­ryň­ iki­si­niň­de­ ýag­da­
ýy­ öwer­lik­ däl.­ Ola­ryň­ ýer­leş­di­ri­len­ ota­gy­nyň­bir ta­ra­py­ pen­ji­re­li,­ beý­le­ki­ ta­ra­py­ bol­sa­ penji­re­siz eken.­ Pen­ji­re­li­ ta­rap­da­ ýa­tan­ hassa­ gep­lem­sek,­ pen­ji­re­siz­ ta­rap­da­ky­ görmek­ bag­tyn­dan­ mahrum­ bo­lan­ nä­sag­bol­sa­ dym­ma­rak­ bo­lup­ çyk­ýar. Pen­ji­re­li­ tarap­da­ky­ has­sa­ köp­ wagt­lyk dy­myş­
lyk­dan­ soň­ ahy­ry­ dil­ ýar­ýar.­ Gep­lem­sek­ goň­şusy­nyň­ so­rag­la­ry­na­ jo­gap­ ber­jek­ bo­lup,­ göz­le­ri gör­me­ýän,­ özü­ni­ bi­ra­hat­ duý­ýan­ näsag­ hem­ gürle­me­li­ bol­ýar. Has­sa­lar­ il­ki­ öz­le­ri­niň­ maş­ga­la­la­ry,­ ça­ga­la­ry,­ öý­ öw­zar­la­ry­ dog­ru­syn­da­ gür­leş­ýär­ler.­ Olar­ do­ly
tan­şyp­ bo­lan­la­ryn­dan­ soň,­ ota­ga­ nä­sag­la­ra­sanjym­ et­mek­ üçin­ şe­pa­gat uýa­sy­ gel­ýär.­Pen­ji­rä­niň­ ýa­nyn­da­ ýa­tan­ nä­sag­ şe­pa­gat uýa­syn­dan­ pen­jirä­niň­ per­de­le­ri­ni­ syr­ma­gy we­ özü­ni­ pen­ji­rä­ni­ gö­rüp­ bi­ler­ ýa­ly ýer­de ýerleş­dir­me­gi­ni­ ha­ýyş ed­ýär. Şe­pa­gat uýa­sy­di­ňe­ bir­ sa­gat­lyk­ üýt­get­mek­ şer­ti bi­len­ nä­sa­gy­ aý­na­nyň­ öňün­de­ ýer­leş­dir­ýär.­ Has­sa­ bir­sa­ga­dyň­ do­wa­myn­da­ da­şa­ry­ny görmek­den­ mah­rum­ nä­sa­ga­ pen­ji­rä­niň­ aňyr­syn­da görünýän­ zat­lar­ ha­kyn­da­ gür­rüň­ ber­ýär:
«Eý,­ Hu­daý, gör,­ ne­ gö­zel­lik!­ Te­bi­ga­tyň­ beý­le aja­ýyp­ gör­nü­şi­ni­ he­niz­ gör­män­dim!­ Ýap­ ýa­şyl­ öw­süp­ otu­ran­ agaç­la­ry­ diý­se­ne!­ Ile­riden­ gö­rün­ýän kö­lem­ ju­da­ tä­sin.­ Kö­lüň­ ýanyn­da­ gül­ gü­lä­lege­ bes­le­nen­ se­ýil­gä­hem­ bar.­ Köl­de­ ýü­züp­ ýö­ren ör­de­jik­le­riň­ ha­ta­ry­ny­bir­ gör­se­ne!­ Yna­na­ýyň,­şeý­le­bir­ kän­ ör­dek­bar.­ Ho­wa­da­ şeý­le­bir­ sal­kyn...»Gep­lem­sek­has­sa­nyň­ gür­rüň­le­ri­ni­ diň­län,­ gözle­ri­ gör­me­ýän­ has­sa­ diň­le­ýän­ zat­la­ry­ny,­ ha­kyt,­
gö­rüp­ otu­ran­ ýa­ly duý­gy­ny­ baş­dan­ ge­çir­ýär.­
Onuň­ göz­le­ri­de­ açy­ly­şyp­ ug­ran­ ýa­ly­ bol­ýar.
Bu­ ýag­daý­ her­gün­ gaý­ta­lan­ýar.­Gü­nüň­ dowamyn­da­ bir­ sa­gat­jy­gam­ bol­sa­ göz­le­ri­ni­ gör­ýän ýa­ly­ duý­mak­ üçin­ ýa­nyn­da­ky­ ýol­da­şy­nyň­ gür­rüň­ be­re­ri­ne­ hö­wes­ bi­len­ ga­raş­ýan­ has­sa­ gün günden­ go­wu­laş­ýar.Ara­dan­ he­niz­ kän­ wagt­ geç­män­kä­ gep­lemsek­ nä­sag­ has­sa­ha­na­dan­ çyk­ýar.­Şe­pa­gat uýasy onuň­ ýe­ri­ne­ baş­ga­ bir­ has­sa­ny ýer­leş­dir­ýär.­Gözle­ri­ gör­me­ýän­ nä­sag­ tä­ze ge­len­ has­sa­ ýüz­le­nip,­ şeý­le­ diý­ýär:
-Sen­ bag­ty­ daş­ýar­ýan di­ýil­ýän­ler­den.­Çünki pen­ji­rä­niň­ aňyr­syn­da­ky­ aja­ýyp­ gör­nüş­le­ri­ gö­rüp bil­ýäň...
-O­ nä­hi­li­ aja­ýyp­ gör­nüş­ler,­ dos­tum?!­ Penjiräniň­ aňyr­syn­da­ di­war­dan­ baş­ga­ zat ýok­ ahy­ryn...»
Yk­bal­ bi­ze­ aja­ýyp­ gör­nüş­li­ pen­ji­rä­ni­ ber­män bi­ler,­ em­ma­ bi­ziň­ her­ bi­ri­mi­ze­ akyl­ hem­ paý­has ber­ýän­di­gi­ we­lin­ anyk.­ Me­se­le­ yk­ba­lyň­ eçi­len akyl-paý­ha­sy­ny­ ula­nyp­ bilşimiz­de.­ Kim­dir­ bi­ri­ni­ bagt­ly­ ede­ni­ňiz­de,­ yk­ba­lyň­ size­ iki­ es­se­ bagt­ eçil­ýän­di­gi­ni­ unut­maň!­ Öz­ bagty­ňyz­ üçin­ öz­ge­le­riň­ bagt­syz­ly­gy­na­ se­bäp­kär bol­mak­ hem­ si­zi­ hiç­ hi­li­ go­wu­ly­gyň­ üs­tün­den elt­mez.­ Çyn­ bag­ty­ di­ňe­pul­ bi­len­ sa­tyn­ alyp­ bolma­ýan­ zat­lar­dan­ göz­läň!­ Ýyl­gy­ryň!­ Iň­ esa­san hem,­ yk­ba­lyň­ özü­ňi­ze­ eçi­len­le­ri­ni­ ýer­lik­li­ peýda­la­nyň!­ Şu­ gü­nü­ňiz,­ hut,­ şu­ mi­nu­ty­ňyz­ bi­len­ ýa­şaň!­
Jorj­ Her­ber­tiň­ söz­le­ri­ bi­len­ aý­da­ny­myz­da:
Garaşmaň, dogry wagt asla gelmez! Şu pursatdan başlaň! Eliňizdäki ähli mümkinçilikleri peýdalanyň!
Öňe ilerledigiňizçe has gowy mümkinçi likler bilen ýüzbe-ýüz bolarsyňyz...
29
98
sabyrly
21.01.2024 08:47
«Men satyn alyp bolmaýan zatlary söýýän: Deňiz deýin,  Asman kimin, Aý we Güneş deýin, Hemem söýgi ýaly».
          Sabahattin Aly
Ga­dyr­dan­lar,­ go­wy­ zat­la­ryň­ bol­ma­gy­ we­ diňe go­wu­lyk­lar­ ha­kyn­da­ pi­kir­len­me­gi­miz­ üçin­ garaş­ýan­ wag­ty­myz­ bar-a?!­ Ha­wa, hawa, go­wu­lykla­ryň­ göw­nü­miz­de­ goş­    ýazdyr­ma­gy­ üçin­ ga­raşýan­ pur­sa­dy­myz...­  Gy­nan­sakda,­ şol­ pur­sat­ ge­le­nok-da Ýogsam­ ge­läý­jegem­ ýa­ly­dy-la?!­ Gün­läp,­ aý­lap,­ hat­da­ ýyl­lap­ ýe­ri­ne­ ýe­tir­mek is­län zatlary­myz­ üçin­ amat­ly­ wag­ta­ ga­raş­dyk.­
Gu­ry­ ge­çi­ren,­ boş­ hy­ýal­la­ra­ sarp­ eden­ gün­lerimiz­ sa­nar­dan­ kän...
Mun­dan­ bir­ ýyl­ ozal­ky­ dur­mu­şy­ňyz hakynda oý­la­nyp­ gö­rüň!­ Şol­ ýy­lyň dowamynda­ «He­niz wagt­ bar» ,­« En­tek­ irräk» ,­ «Hä­zir­ wag­ty­ däl»­ diýen­ pur­sat­la­ry­ňyzy­ ýa­da­ sa­lyň!­ Ha­ny in­dem boý­nu­ňy­za alyň, şol edil­me­si ir ha­sap­lan iş­le­ri­ňi­zi hä­zirem bi­tir­me­di­ňiz ge­rek?!
Bil­ýän,­ he­ni­zem­ ir­räk­ ha­sap­la­ýan­sy­ňyz.­
Si­ziň­ hal-ah­wa­ly­ňy­za­ dü­şün­ýän.­ Çün­ki­ menem­ bir­ dö­wür­ler­ et­me­li­ işi­mi­ er­tä­ goýýan­lardan­dym.­ Şol­ işi­ şu­ gün­ et­me­jek­ bo­lup­ tap­ýan ba­ha­na­mam­ sa­nar­dan­ kän­di.­ Şeý­de-şeý­de­ köp mö­hüm­ iş­le­ri­miň­ bi­ti­ril­mez­li­gi­ üçin­ ba­ha­na tap­ma­gy­ en­dik­ edindim...
Ýe­ri­ on­soň?­ Nä­me­ ne­ti­je­ ga­zan­dym?­
Dur­mu­şym­da­ ul­la­kan­ boş­luk­ dö­ret­dim.­El­lerim­ bo­şap­ gal­dy.­ Öň­ki­ so­ňa­ go­ýan­ zat­la­rym­ indi­ men­den­ ju­da­ alys­da.­ Bu­ zat­la­ryň­şeý­le­di­gi­ne dü­şü­ne­nim­den­ soň­ wag­ty­ däldir­ di­ýen­ pur­satla­ry­myň­ ha­kyt­ öz­ wag­ty­dy­gy­na­ akyl­ ýe­tir­dim.­
Müm­kin­çi­lik­ler­ çäk­li­dir­ öý­den­ pi­kir­le­rim­ zerar­ly­ müm­kin­çi­lik­le­re­ ýa­kyn­laş­ma­ga­ derek olar­dan­ daş­la­şyp­dy­ryn.­ Hiç­den­ giç­ýag­şy.­ Herne­ bol­sada,­ ýal­ňy­şy­ma­ dü­şü­nip­ bil­dim.­ Durmu­şym­da­ dö­rän­ boş­lu­gy­ dol­durma­sa­mam,­ dö­re­jek­ boş­lu­gy­ dol­dur­ma­ga­wag­tym­ bar. As­lyn­da,­ dog­ry­ ýa­ nä­dog­ry wagt­ di­ýen­ zat­ ýok.­ Di­ňe­ şu­ wagt­ bar.­ Durmuş­da­ iň­dog­ry­ wagt­ hut­ şu­ wagt.­.   Müm­kin­çi­lik­ler­ dö­re­me­ýär,­ dö­re­dil­ýär.­
Ýal­ňyş ýa­ nä­dog­ry­ wagt­ di­ýen­ zat­ ýok,­ herekete­ geç­me­ýän­ yn­san­ bar.­ Az­ müm­kin­çi­lik­ di­ýen­ za­dam­ ýok,­ elin­dä­ki müm­kin­çi­lik­le­ri­ni­ ula­nyp­ bil­me­ýän­ yn­san­ bar.­ Er­bet­ durmuş­ ýok,­ gö­zel­lik­le­ri­ gö­rüp­ bil­me-
ýän­ göz­ler­ bar.­
Pau­lo­ Koe­lio­nyň­ «Al­hi­mik»­ at­ly­ aja­ýyp­ eserin­de­ şeý­le­ pa­ra­sat­ly­ jüm­le­ler­ bar:Men ne geçmişde, ne-de geljekde ýaşaýan.
Meniň diňe şu wagtym bar we meni diňe şol gyzyklandyrýar. Hemişe şu günüňizde ýaşamagy başarsaňyz,Bagtly ynsan bolarsyňyz.

Miraç Çagri  Aktaş
26
66
sabyrly
20.01.2024 13:34
Lowlan wagty duluklarym,
Gözlerimiň gyzmasy bar.
Maňlaýdaky çyzyklaram,
Elim bilen çyzmadym-a.
             
Suw köp aksa, daşam gidýär,
Ýaşap ýörseň, ýaşam gidýär,
Ertir gelip agşam gidýän,
Ho-ol, Günüňem jyzmasy bar.

Mähir islär her kim bolsa,
Bermelisin ber kem bolsa,
Dişim näçe berkem bolsa,
Ýüregimden syzmasy bar.

Göter, göwnüm göwünleri,
Soň tapmarys bu günleri,
Berk daňsagam düwünleri,
Soňra ony çözmesi bar,

Aňsad-a däl dünýäň şerti,
Wah, bagtyňam ýetik derdi,
Durmuş maňa kän zat berdi,
Bergileňem üzmesi bar.

Geňeşi ýok döreýşimiň,
Maksady bir göreşimiň,
Dünýä şaýat görejimiň,
Gabaklarny süzmesi bar.

Keýpin bilseň bu sulhumyň,
Eýesi ol uly humuň,
Şatlygymdan meň ruhumyň,
Käte çykyp gezmesi bar.

Sal el ýazar, sol bihabar,
Barýanymdan ýol bihabar,
Eger sesimi duýsalar,
Galamymyň çyzmasy bar.

Üsti gülli beýik alaň,
Gezseň hezil aýakýalaň,
Ýöne käte alakalaň,
Ýer astyndan gazmasy bar.

Ýagşa ýaran pursatymda,
Gel, perişdäm dur sagymda,
Sebäbi meň gursagymda,
Bagtyň uly gaznasy bar.

Seýitmyrat Geldiýew
20
25
sabyrly
20.01.2024 09:25
O günleri taryplamak gerek däl,
Tarypdan has gözel günlerdi olar.
Ikimizi söýgi bilen gereklän
Bagta ýetmek üçin münberdi olar.

Çemen bogup çep tarapyň adyndan,
Gursaga paý düşdi yşkyň odundan.
Yza galyp pasyllaryň badyndan,
Ukusyz geçirlen tünlerdi olar.

Sekuntlara daňyp hepde-aýymy,
Hyýallaryň ýelek kimin gaýany.
Ýalançy dünýäniň ýalan saýany
Täk ikimiz üçin çynlardy olar.

Ýakyn bilip örtenmäni,köýmäni,
Unudardyk günortany,öýläni.
Söýgümiziň damaklarda gaýnany
Gaýtalap bolmajak heňlerdi olar.

Giň boldumy hyýallaryň gerimi?
Gaýgy tutdy şatlygmyzyň ýerini.
Bagtyň deregine peşgeş berilen,
Yşgymyzdan galan nemlerdi olar.

Hyýalymda galan gamly keşbiňe,
Soňsuz ahmyr düşýär solan yş bile.
Dözmän kalby sypjyrylan yşgyma,
Bolmanda bir gezek gelmezmi olar?!

Aşyr Hanow
19
33
sabyrly
19.01.2024 13:32
Eje, men bir dünýä düşdüm,
Dünýä diýseň, «dünýä» eken!
Munda müşkler ilki kükäp,
Gunçalar soň düwýän eken.

Eje, men bir kümä düşdüm,
Sähel ýele yranaýýar.
Şony gören günüm weli,
«Ol — köşk» diýsem, ynanaý-da!

Eje, men bir guýa düşdüm,
Suw guýýaryn gözlerimden...
«Çyk» diýme, çuň ol, eje jan,
Meniň ýaly döz gelerden.

Eje, men bir ýola düşdüm,
Adam ýok, ikijigimiz...
Biris-ä öz gyzyň, eje.
Birem — ogly ejesiniň

Eje, men bir joşa düşdüm,
Begenjimden aglap ýöne...
Eje...
men bir oda düşdüm,
Ýanýan...
Tenim abat ýöne!

Aýgül Garaýewa
15
47
sabyrly
19.01.2024 09:23
Gutarmaz bu panyñ hile allaram,
Allam, dergähiñde açdym gollarym,
Soñy görünmese kötel ýollaryñ,
Shonda tutunmaga mana umyt ber.

Söýýän adamyña dert berseñ sylap,
Bolmadyñmy entek sen meni synap,
Jebri-jepa çekdim özümi gynap,
Dertden gutulmaga maña umyt ber.

Tahyr ýaly akmasamda derýada,
Elde barym aldyñ goýduñ bir bada,
Ýetmek üçin ähli maksat myrada,
Ok-dey atylmaga maña umyt ber.

Ömür gözel ýazylanda kyssada,
Şat günlerin gülüp ýatlar hassada,
Hasratlara boglup galdym gussada,
Göwnüm götermäge maña umyt ber.

Özgäñ ýary bolmuş söýen dilberim,
Şondan soñra boşap galmyş gülberim,
Söýgä dolan şo:l bagtyýar günlerim,
Dolap getirmäge maña umyt ber.

Medet isläp bakdy herýan gözlerim,
Bilmen haçan tamam bolar gözlegim,
Bir ömürde kalpda beslän sözlerim,
Ýazyp gutarmaga maña umyt ber.

Süleýman Tekäýew
19
29