«Men satyn alyp bolmaýan zatlary söýýän: Deňiz deýin, Asman kimin, Aý we Güneş deýin, Hemem söýgi ýaly».
Sabahattin Aly
Gadyrdanlar, gowy zatlaryň bolmagy we diňe gowulyklar hakynda pikirlenmegimiz üçin garaşýan wagtymyz bar-a?! Hawa, hawa, gowulyklaryň göwnümizde goş ýazdyrmagy üçin garaşýan pursadymyz... Gynansakda, şol pursat gelenok-da Ýogsam geläýjegem ýalydy-la?! Günläp, aýlap, hatda ýyllap ýerine ýetirmek islän zatlarymyz üçin amatly wagta garaşdyk.
Gury geçiren, boş hyýallara sarp eden günlerimiz sanardan kän...
Mundan bir ýyl ozalky durmuşyňyz hakynda oýlanyp görüň! Şol ýylyň dowamynda «Heniz wagt bar» ,« Entek irräk» , «Häzir wagty däl» diýen pursatlaryňyzy ýada salyň! Hany indem boýnuňyza alyň, şol edilmesi ir hasaplan işleriňizi häzirem bitirmediňiz gerek?!
Bilýän, henizem irräk hasaplaýansyňyz.
Siziň hal-ahwalyňyza düşünýän. Çünki menem bir döwürler etmeli işimi ertä goýýanlardandym. Şol işi şu gün etmejek bolup tapýan bahanamam sanardan kändi. Şeýde-şeýde köp möhüm işlerimiň bitirilmezligi üçin bahana tapmagy endik edindim...
Ýeri onsoň? Näme netije gazandym?
Durmuşymda ullakan boşluk döretdim.Ellerim boşap galdy. Öňki soňa goýan zatlarym indi menden juda alysda. Bu zatlaryňşeýledigine düşünenimden soň wagty däldir diýen pursatlarymyň hakyt öz wagtydygyna akyl ýetirdim.
Mümkinçilikler çäklidir öýden pikirlerim zerarly mümkinçiliklere ýakynlaşmaga derek olardan daşlaşypdyryn. Hiçden giçýagşy. Herne bolsada, ýalňyşyma düşünip bildim. Durmuşymda dörän boşlugy doldurmasamam, dörejek boşlugy doldurmagawagtym bar. Aslynda, dogry ýa nädogry wagt diýen zat ýok. Diňe şu wagt bar. Durmuşda iňdogry wagt hut şu wagt.. Mümkinçilikler döremeýär, döredilýär.
Ýalňyş ýa nädogry wagt diýen zat ýok, herekete geçmeýän ynsan bar. Az mümkinçilik diýen zadam ýok, elindäki mümkinçiliklerini ulanyp bilmeýän ynsan bar. Erbet durmuş ýok, gözellikleri görüp bilme-
ýän gözler bar.
Paulo Koelionyň «Alhimik» atly ajaýyp eserinde şeýle parasatly jümleler bar:Men ne geçmişde, ne-de geljekde ýaşaýan.
Meniň diňe şu wagtym bar we meni diňe şol gyzyklandyrýar. Hemişe şu günüňizde ýaşamagy başarsaňyz,Bagtly ynsan bolarsyňyz.
Miraç Çagri Aktaş