SIZ HIÇ KIMIŇ ORUN TUTARY DÄLSIŇIZ
Islän wagty geljekmişler, islän wagtam gitjekmişler.Sizi ikinji orunda—ätiýaçda goýup, başga biri bilen ýürekdeş boljakmyşlar. Ýürekdeşlerinden ynjap, hiçkimi galmadyk wagtlary bolsa, ýene yzlaryna dolanjakmyşlar siziň ýanyňyza geljekmişler.Sizem olary öňkiýaly kabul etmelimişiňiz, şeýlemi?
Şuňa bir düşüniň:
Siz ne-hä kimdir biriniň boş wagtyny doldurmaga, ne-de ätiýaçda goýup, ýeke galanwagty yzyna dolanmagyna niýetlenen. Sizkimdir biriniň orun tutary däl, asla!
Möwlananyň aýdyşy ýaly:
«Özüňizi kiçijik saýmagy bes ediň! Sizem aýratyn bir dünýä ahyryn!»
Mundan beýläk kimdir biriniň ýanyňyza isläninde gelip, isläninde gitmesine asla ýolbermäň! Çünki siz degerli bir ynsansyňyz. Şonuň üçin güýç kuwwatyňyzy gadyryňyzy bilmeýän ýekemen ynsanlara sarp etmäň. Size gadyr goýmaýan ynsan üçin ynjamagyňyzam gelşiksiz. Kimdir biriniň size edýän gatnaşygyna dykgat edip, sizem şoňa görähereket ediň. Artykmaçlyk asla gerekdäl. Gereginden artyk gadyr gymmat goýmak hem isripdir. Duýgularyňyzy asla isrip etmäň! Gudraty başgalardan, başga ýerden gözlemäň!Çyn gudrat siziň özüňizdedir!Çyngudratsizsiňiz!
"Kim bolsaňyz boluň, Emma kimdir biriniň orun tutary welin asla bolmaň!»
T. S. Eliot
SIZ ÜÝTGÄNDIRIS ÖÝDÝÄRSIŇIZ, EMMA BIZ ÖZÜŇIZ ÝALY HEREKET EDIP BAŞLADYK
Freud diýýär ahyryn:«Sizi öňküsi ýaly peýda lanyp bilmedik pursady, Ynsanlar size üýtgäpsiň diýerler». Öňler gadyr goýup, söýen ynsanlarym şeýlebir öwrenişipdirler— hemişe olaryň diýenini etmegime, olaryň pikirini oňlamagyma. Soň-
soňlar bu hereketimiň nädogrudygyna düşündim.Şeýdibem olaryň isleýşi ýaly däl,bolmalysy ýaly bolmagy karar etdim.Ýaralananymyz üçin ynsanlary günäkärlemegi goýalyň-la.Çünki olara ejiz tarapymyz hakynda gürrüň beren biz. Söýmegiň, gadyr goýmagyň,gowulyklaryň garşysyna alnan jogap beýle bolmaly däl.
Herne bolsa-da, meni öňki ýaly peýdalanyp bilmeýän ynsanlardan herwagt şu jümlänieşitmegim asla geňdäl: «Sen gaty üýtgäpsiň...» Emma, gadyrdanlar, men asla üýtgemedim. Size görä bir ynsana öwrüldim. Kemçilik şuzatlara akyl ýetirip bilmeýäniňizde. Özgerenim üçin durmuşymda bolasy gelmeýän kim bar bolsa, oňa gapy görkezdim. Özgerenimi tekrarlaýanlarada jogabym şu:«Siz meni özgeren saýyň, Men bolsa siziň özüňize görä hereket edeýin»