sabyrly
20.01.2024 09:25
O günleri taryplamak gerek däl,
Tarypdan has gözel günlerdi olar.
Ikimizi söýgi bilen gereklän
Bagta ýetmek üçin münberdi olar.

Çemen bogup çep tarapyň adyndan,
Gursaga paý düşdi yşkyň odundan.
Yza galyp pasyllaryň badyndan,
Ukusyz geçirlen tünlerdi olar.

Sekuntlara daňyp hepde-aýymy,
Hyýallaryň ýelek kimin gaýany.
Ýalançy dünýäniň ýalan saýany
Täk ikimiz üçin çynlardy olar.

Ýakyn bilip örtenmäni,köýmäni,
Unudardyk günortany,öýläni.
Söýgümiziň damaklarda gaýnany
Gaýtalap bolmajak heňlerdi olar.

Giň boldumy hyýallaryň gerimi?
Gaýgy tutdy şatlygmyzyň ýerini.
Bagtyň deregine peşgeş berilen,
Yşgymyzdan galan nemlerdi olar.

Hyýalymda galan gamly keşbiňe,
Soňsuz ahmyr düşýär solan yş bile.
Dözmän kalby sypjyrylan yşgyma,
Bolmanda bir gezek gelmezmi olar?!

Aşyr Hanow
19
33
okan
23 Yanwar 2024
👍👍👍
manolya
20 Yanwar 2024
👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.