sabyrly
21.01.2024 14:36
Öň­ler­ yk­ba­ly­ma­ kim­dir­ bi­ri­ ara­laş­sa,­ me­nem oňa­ öw­re­niş­sem,­ bir­gün­ ge­lip­ me­ni­ taş­lap­ gidäý­me­sin­ di­ýen­ gor­ky­ bi­len­ ýa­şar­dym.­ Em­ma git­mek­ is­län­ gork­sak-da­ gi­der­eken.­ Ni­çik­ öw­reniş­se­ňiz­ öw­re­ni­şi­be­riň,­ ne­neň­si­ söý­se­ňiz­ sö­ýübe­riň,­ yn­san­lar­ sö­ýül­mä­ge­ my­na­syp­ yn­sa­ny­ däl,­ özü­ne­ la­ýy­gy­ny­ sö­ýer­ eken.­ Kim­sä­ni­ ýi­tir­mekden­ gor­kup­ söý­ýän­ yn­san­lar­ di­ňe­ özü­ni,­ öz­ duýgu­la­ry­ny­ ýa­dad­ýar.­ Bir­ dö­wür­ler­ ýi­tir­mek­den gor­kup sö­ýen­ kalp­ gün­ ge­lip­ ýi­tir­mek­den­ gorkup­ sö­ýe­ni­ni­ öz­ er­ki­ne­ go­ýu­bam­ bil­ýän­ eken.­
In­di­ me­nem­ ýi­tir­mek­den­ gork­ýan­ ki­mim­baram­ bol­sa,­ öz­ er­ki­ne­ goý­ber­ýän.­ Git­megi-de, gal­ma­gyda­ onuň­ özü­ne­ goý­ýan.­
Öň­ler­di­ o­ git­mek­ is­le­ýä­niň­ öňün­de­ durmalarym,­ gal­ma­gy­ üçin­ ýal­bar­ma­larym...
Mun­dan­ soň­ hiç­ ki­mi­ hiç­ za­da­ mej­bur­la­mak­
ýok.­Her­kim­ öz­ keý­pi­ne­ gö­rä­ he­re­ket­ et­sin.
Men­ in­di­ özü­ni­ ýüz­ öw­rül­me­ýän­ yn­san­ saý-
ýan­lar­ üçin­ as­la­ wagt­ sarp­ede­mok.­
****
«Iki­ sa­ny­ nä­sa­gy­ has­sa­ha­na­nyň­ bir­ ota­gy­na­
ýer­leş­dir­ýär­ler.­ Nä­sag­la­ryň­ iki­si­niň­de­ ýag­da­
ýy­ öwer­lik­ däl.­ Ola­ryň­ ýer­leş­di­ri­len­ ota­gy­nyň­bir ta­ra­py­ pen­ji­re­li,­ beý­le­ki­ ta­ra­py­ bol­sa­ penji­re­siz eken.­ Pen­ji­re­li­ ta­rap­da­ ýa­tan­ hassa­ gep­lem­sek,­ pen­ji­re­siz­ ta­rap­da­ky­ görmek­ bag­tyn­dan­ mahrum­ bo­lan­ nä­sag­bol­sa­ dym­ma­rak­ bo­lup­ çyk­ýar. Pen­ji­re­li­ tarap­da­ky­ has­sa­ köp­ wagt­lyk dy­myş­
lyk­dan­ soň­ ahy­ry­ dil­ ýar­ýar.­ Gep­lem­sek­ goň­şusy­nyň­ so­rag­la­ry­na­ jo­gap­ ber­jek­ bo­lup,­ göz­le­ri gör­me­ýän,­ özü­ni­ bi­ra­hat­ duý­ýan­ näsag­ hem­ gürle­me­li­ bol­ýar. Has­sa­lar­ il­ki­ öz­le­ri­niň­ maş­ga­la­la­ry,­ ça­ga­la­ry,­ öý­ öw­zar­la­ry­ dog­ru­syn­da­ gür­leş­ýär­ler.­ Olar­ do­ly
tan­şyp­ bo­lan­la­ryn­dan­ soň,­ ota­ga­ nä­sag­la­ra­sanjym­ et­mek­ üçin­ şe­pa­gat uýa­sy­ gel­ýär.­Pen­ji­rä­niň­ ýa­nyn­da­ ýa­tan­ nä­sag­ şe­pa­gat uýa­syn­dan­ pen­jirä­niň­ per­de­le­ri­ni­ syr­ma­gy we­ özü­ni­ pen­ji­rä­ni­ gö­rüp­ bi­ler­ ýa­ly ýer­de ýerleş­dir­me­gi­ni­ ha­ýyş ed­ýär. Şe­pa­gat uýa­sy­di­ňe­ bir­ sa­gat­lyk­ üýt­get­mek­ şer­ti bi­len­ nä­sa­gy­ aý­na­nyň­ öňün­de­ ýer­leş­dir­ýär.­ Has­sa­ bir­sa­ga­dyň­ do­wa­myn­da­ da­şa­ry­ny görmek­den­ mah­rum­ nä­sa­ga­ pen­ji­rä­niň­ aňyr­syn­da görünýän­ zat­lar­ ha­kyn­da­ gür­rüň­ ber­ýär:
«Eý,­ Hu­daý, gör,­ ne­ gö­zel­lik!­ Te­bi­ga­tyň­ beý­le aja­ýyp­ gör­nü­şi­ni­ he­niz­ gör­män­dim!­ Ýap­ ýa­şyl­ öw­süp­ otu­ran­ agaç­la­ry­ diý­se­ne!­ Ile­riden­ gö­rün­ýän kö­lem­ ju­da­ tä­sin.­ Kö­lüň­ ýanyn­da­ gül­ gü­lä­lege­ bes­le­nen­ se­ýil­gä­hem­ bar.­ Köl­de­ ýü­züp­ ýö­ren ör­de­jik­le­riň­ ha­ta­ry­ny­bir­ gör­se­ne!­ Yna­na­ýyň,­şeý­le­bir­ kän­ ör­dek­bar.­ Ho­wa­da­ şeý­le­bir­ sal­kyn...»Gep­lem­sek­has­sa­nyň­ gür­rüň­le­ri­ni­ diň­län,­ gözle­ri­ gör­me­ýän­ has­sa­ diň­le­ýän­ zat­la­ry­ny,­ ha­kyt,­
gö­rüp­ otu­ran­ ýa­ly duý­gy­ny­ baş­dan­ ge­çir­ýär.­
Onuň­ göz­le­ri­de­ açy­ly­şyp­ ug­ran­ ýa­ly­ bol­ýar.
Bu­ ýag­daý­ her­gün­ gaý­ta­lan­ýar.­Gü­nüň­ dowamyn­da­ bir­ sa­gat­jy­gam­ bol­sa­ göz­le­ri­ni­ gör­ýän ýa­ly­ duý­mak­ üçin­ ýa­nyn­da­ky­ ýol­da­şy­nyň­ gür­rüň­ be­re­ri­ne­ hö­wes­ bi­len­ ga­raş­ýan­ has­sa­ gün günden­ go­wu­laş­ýar.Ara­dan­ he­niz­ kän­ wagt­ geç­män­kä­ gep­lemsek­ nä­sag­ has­sa­ha­na­dan­ çyk­ýar.­Şe­pa­gat uýasy onuň­ ýe­ri­ne­ baş­ga­ bir­ has­sa­ny ýer­leş­dir­ýär.­Gözle­ri­ gör­me­ýän­ nä­sag­ tä­ze ge­len­ has­sa­ ýüz­le­nip,­ şeý­le­ diý­ýär:
-Sen­ bag­ty­ daş­ýar­ýan di­ýil­ýän­ler­den.­Çünki pen­ji­rä­niň­ aňyr­syn­da­ky­ aja­ýyp­ gör­nüş­le­ri­ gö­rüp bil­ýäň...
-O­ nä­hi­li­ aja­ýyp­ gör­nüş­ler,­ dos­tum?!­ Penjiräniň­ aňyr­syn­da­ di­war­dan­ baş­ga­ zat ýok­ ahy­ryn...»
Yk­bal­ bi­ze­ aja­ýyp­ gör­nüş­li­ pen­ji­rä­ni­ ber­män bi­ler,­ em­ma­ bi­ziň­ her­ bi­ri­mi­ze­ akyl­ hem­ paý­has ber­ýän­di­gi­ we­lin­ anyk.­ Me­se­le­ yk­ba­lyň­ eçi­len akyl-paý­ha­sy­ny­ ula­nyp­ bilşimiz­de.­ Kim­dir­ bi­ri­ni­ bagt­ly­ ede­ni­ňiz­de,­ yk­ba­lyň­ size­ iki­ es­se­ bagt­ eçil­ýän­di­gi­ni­ unut­maň!­ Öz­ bagty­ňyz­ üçin­ öz­ge­le­riň­ bagt­syz­ly­gy­na­ se­bäp­kär bol­mak­ hem­ si­zi­ hiç­ hi­li­ go­wu­ly­gyň­ üs­tün­den elt­mez.­ Çyn­ bag­ty­ di­ňe­pul­ bi­len­ sa­tyn­ alyp­ bolma­ýan­ zat­lar­dan­ göz­läň!­ Ýyl­gy­ryň!­ Iň­ esa­san hem,­ yk­ba­lyň­ özü­ňi­ze­ eçi­len­le­ri­ni­ ýer­lik­li­ peýda­la­nyň!­ Şu­ gü­nü­ňiz,­ hut,­ şu­ mi­nu­ty­ňyz­ bi­len­ ýa­şaň!­
Jorj­ Her­ber­tiň­ söz­le­ri­ bi­len­ aý­da­ny­myz­da:
Garaşmaň, dogry wagt asla gelmez! Şu pursatdan başlaň! Eliňizdäki ähli mümkinçilikleri peýdalanyň!
Öňe ilerledigiňizçe has gowy mümkinçi likler bilen ýüzbe-ýüz bolarsyňyz...
29
98
myrataly_
21 Yanwar 2024
@Crazy, Yada biri sebap bolmaly)
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.