sabyrly
19.01.2024 09:23
Gutarmaz bu panyñ hile allaram,
Allam, dergähiñde açdym gollarym,
Soñy görünmese kötel ýollaryñ,
Shonda tutunmaga mana umyt ber.

Söýýän adamyña dert berseñ sylap,
Bolmadyñmy entek sen meni synap,
Jebri-jepa çekdim özümi gynap,
Dertden gutulmaga maña umyt ber.

Tahyr ýaly akmasamda derýada,
Elde barym aldyñ goýduñ bir bada,
Ýetmek üçin ähli maksat myrada,
Ok-dey atylmaga maña umyt ber.

Ömür gözel ýazylanda kyssada,
Şat günlerin gülüp ýatlar hassada,
Hasratlara boglup galdym gussada,
Göwnüm götermäge maña umyt ber.

Özgäñ ýary bolmuş söýen dilberim,
Şondan soñra boşap galmyş gülberim,
Söýgä dolan şo:l bagtyýar günlerim,
Dolap getirmäge maña umyt ber.

Medet isläp bakdy herýan gözlerim,
Bilmen haçan tamam bolar gözlegim,
Bir ömürde kalpda beslän sözlerim,
Ýazyp gutarmaga maña umyt ber.

Süleýman Tekäýew
19
29
sabyrly
19 Yanwar 2024
@tmyigit76, sps minnetdar
tmyigit76
19 Yanwar 2024
Tüweleme. Goşga söz ýok. Üstünlik👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.