perizadym
perizadym
16.07.2022 00:34
Gara gözleriñe gözýaş düzmegin, Paralanan kalby ýylgyryşdan ýama. Ýaşaýyşdan umydyñy üzmegin, Belki aýry ýeteris arzuwly daña Sen bagtly bolsañ ýeterlik maña. Her günüm, her pursat, her demim, Indi
perizadym
perizadym
15.07.2022 00:14
Entek seni bir gezegem görmändim, Sen wysaldyñ ýetilmedik armandyñ. Emma men kalbymyñ gözleri bilen, Seniñ näzli gözleriñi görýärdim. Aý dek nurly gözleriñi görýärdim, Basyp giden yzlaryñy görýärdim.
perizadym
perizadym
14.07.2022 00:34
Söýgiden gelýäris, Barýarys söýgä. Ýerden döräp ýere gidilişi ýaly. Şoñ bilen beýikdir - adam niýeti. Şoñ bilen gözeldir - adam hyýaly. Söýgi oýun däldir. Synagdyr söýgi ! Her ýeten oñ ýükün göterip
perizadym
perizadym
13.07.2022 00:21
Meşhur kardiolog lukman Wladimr Andreýewiç Almazowyñ iş otagynda çüýşe gapda ynsan ýüregi saklanýardy. Her bir talyp bu çüýşe gapdaky ýüregiñ taryhyny gowy bilýärdi. Geçen asyr 50-nji ýyylaryñ
perizadym
perizadym
12.07.2022 00:06
Söýgä näme diýmeli ? Bu pursatda, bu tapda.. Duşmaga hiç umyt ýok, Herimiz bir kitapda....🥀
perizadym
11.07.2022 00:47
Birki gün bäri Gurbannazaryñ şu setirleri kellämde aýlanyp dur:"Kimse haýrañ zary, kimse şeriñ zary.." Haýryñ zary nähili adamka? Şeriñ zaram barmyka ? O nähili adamka? Gurbannazar diri bolsady sorardym. Indi özüm jogap gözleýän.Täsin sesi bilen janyndan syzdyryp: " Ýagşylygy bolsa az etdim juda " diýýäni şu wagtam göz öñümde. Adatça, ýagşylyk etmek diýilende horlanana maddy , ruhy kömek etmek diýip düşünilýä. Göwnime ýagşylyk bu çäklendirmeden has giñ , has çuñ ýaly. Jübiñde , añryñda bir zadyñ bar bolsa horlanana eçileniñi berersiñ, dagy bolmanda adama ýamanlyk etmejek bolarsyñ - bolanymy? Her kimiñ öz güzeran aladasy ýetikkä , beýle soraglar ýöntemem görünýä. Ýöne ýagşylyk etmezlik, ýamanlygyñ edilmegine mümkinçiligem diýilýä. Haýyar dyman wagty , şer ýaýnaýa. Dostaýewskiý ýagşylyk etmegiñ , bol zadyñ ujundan birazyjyk uzatmak däl , ýoguñy bar edip bermekdigi barada aýdýa. Islendik kyn işiñ bahasynyñam gymmat bolşy ýaly , kyn düşýän ýagşylygyñam sogaby uly bolarly. Aslynda sogap üçin ýa- da başga bir bähbit arap ýagşylyk etmek ýagşylygada az meñzeýä. Din alymlary : " Diñe Allañ ryzasy üçin ýagşylyk etmelidir " diýýäler. Ýöne biri ýagşylyk edýändirin diýip, özüni zordanrak oñarýan birini " äkit-getir" işinde ulanýa. Ýöne ol adam ýagşylyk edýäne bagly onuñ hemişelik " hyzmatkärine" öwrülýär. Bulam ýagşylykmy? Megerem, hakyky ýagşylyk birine çykaryp pul bermek däl_ de , ol puly özüniñ gazanmagyny öwretmekdir. Birine bir zady öwretmek, ony bir gezegem bolsa ugrukdyrmak müñ gezek nagt ýagşylykdan has gymmatlymyka diýýän. Ol señ eden ýagşylygyñy bilsin, bilmesin, ýöne sen ony gaýdyp dilenip ýörmekden halas etseñ, özüne gazanmagy öwretseñ iñ haýyrly iş şol. Maddy ýagşylygyñ gürrüñini edene meñzedim. Aslynda,ruhy ýagşylygam edil şonuñ ýaly bolsa gerek. Bir adamyñ ruhy giñeldip, çuñaldyp bilseñ , oña ýetesem ýagşylyk bolarmy? Ýöne ruhy çuñluga onuñ özi ýeter ýaly edip bilseñ bu has gymmatly. Ýene bir zat aýdasym gelýä, öterägem geçýän bolmagym mümkin ýöne adam haýryñ zary bolmasa, şeriñ şärigidir.

Hydyr Amangeldi
8
77
perizadym
perizadym
10.07.2022 14:23
Bagyşla sen günämi, bagyşla sen Ýaradan!... Ozalbaşda adammyş dört pasyly ýaradan. Birmahallar bir ýigit ajap gyzyñ ugrunda Ýanyp,öçüp selpäpdir. Ot döräpdir bagrynda. Şeýdip lowlap gelýärkä okeanyñ
perizadym
perizadym
07.07.2022 00:00
Bu dünýä gelemde göz açyp gören, Janyndan jan beren mähriban ejem. Gursagymyza mähir süýdin siñdiren, Janyndan jan beren mähriban ejem. Hüwdi aýdanynda hüwdiñ her bendi, Her işe ýörelge enäniñ pendi,
perizadym
perizadym
06.07.2022 00:13
EDEPLI GYZ GYZYLDAN GYMMAT
perizadym
05.07.2022 00:12
Ele alyp ak durnanyñ ýelegin🕊️ güýzüñ ýapragyna ýazdym goşgymy🍁✍️ ýürek sorag berer : "aýralyk näme ?💔"...aýralykdyr söýeniñ söýse başgany😔...ol ýönekeý aýralyk däldir , gysga diýmän alar ömürden ömür🍃..şonda ähli bagtyñ ýalñyzlyk bolar..🥀 kalbyñ Aýdyr🌙hem_de gijeli kömür 🖤...üzülmez umydyñ söýersiñ ýene 🥺 ajy gözýaş ýañagyñdan syrygar😢...köp dillenip bilmez dişlän dilleriñ 😑 ýandym diýip ýalñyz ýürek gygyrar 💓 olam sönüp galar ýuwaşlyk bilen 💔🥀...Gyş geçer 🌬️ ýaz geçer🌾 ýaprak döküler 🍂hiç gysssanma , şu durmuşyñ soñunda sen däl , seni söýmedikler öküner...😏
10
71