Bagyşla sen günämi, bagyşla sen Ýaradan!...
Ozalbaşda adammyş dört pasyly ýaradan.
Birmahallar bir ýigit ajap gyzyñ ugrunda
Ýanyp,öçüp selpäpdir. Ot döräpdir bagrynda.
Şeýdip lowlap gelýärkä okeanyñ deñinden,
Doñup ýatan okean bugarypdyr deminden.
Ýuwaş- ýuwaş bugaryp, pagyş-para eräpdir.
Şeýdip dünýäñ ýüzünde birden Tomus döräpdir.
Derelerden geçipdir, derýalardan geçipdir,
Erän buzuñ suwundan gana-gana içipdir.
Ajygypdyr ýaş ýigit.Bir gysyma dönüpdir.
" Iý miwämden iý!" diýip, Güýz äleme inipdir.
Doýup dürli iýmişden,
Ýüzün tutup asmana,
Aşyk ýigit ýoluna bolanmyşyn rowana.
Bir gapdalda jeññellik, bir gapdalda derýamyş,
Güýzüñ salkyn şemalyn içip gidip barýamyş.
Her demde gaýtalap magşuk gyzyñ adyny,
Labyrdadyp barýamyş ýüreginiñ oduny.
Al- asmandan syn edip aşyk ýigdiñ halyna,
Güýzi beýläk süýşürüp, Gyş inipdir äleme.
Öçüripdir ýigidiñ ýanyp barýan öýkenin,
Şunça gelmedik bolsa, öýken köýjek ekeni.
Sorup-sorup içine Gyşyñ beren dermanyn,
Ýigit syryp gidipdir buzly derýañ kenaryn.
Üç jülgeden aşypdyr. Üç dereden aşypdyr,
Dördülenji jülgede söýgüsine duşupdyr.
Şo bada-da jakgyldap, saýraşypdyr bilbiller,
Dünýä Bahar gelipdir. Gunçalapdyr bägüller.
Ýigit gyzy ogşapdyr. Gyz ýigidi ogşapdyr.
Dünýämiziñ ilkinji poemasy başlapdyr.
Adam
Söýgiñ öñünde epip goşa dyzyny,
Şondan bäri ýazyp ýör şol poemañ yzyny.
Kerim Gurbannepesow