perizadym
16.07.2022 00:34
Gara gözleriñe gözýaş düzmegin,
Paralanan kalby ýylgyryşdan ýama.
Ýaşaýyşdan umydyñy üzmegin,
Belki aýry ýeteris arzuwly daña
Sen bagtly bolsañ ýeterlik maña.

Her günüm, her pursat, her demim,
Indi sensiz durmuş maña juda geñ.
Ýatlama " aýralyk" aýdymlarda hem,
Geçmişi unudyp garaber öñe,
Sen bagtly bolsañ ýeterlik maña.

Ýoklugyma ýüregiñi çişirme,
Sabyr etgin gussañ kalba üýşende,
Menden-de has beter söýen duşanda,
Ynanýan şonda hiç batmarsyñ gama,
Sen bagtly bolsañ ýeterlik maña.

Geljegime çyrag boljak - geregim,
Sensiz garañky has ýalñyz tünegim.
Gowuşmakdan geçdim, indi dilegim,
Goý, ykbalyñ bagtdan geçmesin sowlup,
Sen bagtly bolsañ ýeterlik maña.

awtor : Şanazar Hydyrow
7
37
Myhman Myhman
18 Iýul 2022
👍👍👍👍👍👍👍
ay_kiz_
16 Iýul 2022
👍👍👍 surat owadan eken👍
unknown_12
16 Iýul 2022
👍👍👍👏👏
kyyas2017
16 Iýul 2022
👍❤👍👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.