perizadym
11.07.2022 00:47
Birki gün bäri Gurbannazaryñ şu setirleri kellämde aýlanyp dur:"Kimse haýrañ zary, kimse şeriñ zary.." Haýryñ zary nähili adamka? Şeriñ zaram barmyka ? O nähili adamka? Gurbannazar diri bolsady sorardym. Indi özüm jogap gözleýän.Täsin sesi bilen janyndan syzdyryp: " Ýagşylygy bolsa az etdim juda " diýýäni şu wagtam göz öñümde. Adatça, ýagşylyk etmek diýilende horlanana maddy , ruhy kömek etmek diýip düşünilýä. Göwnime ýagşylyk bu çäklendirmeden has giñ , has çuñ ýaly. Jübiñde , añryñda bir zadyñ bar bolsa horlanana eçileniñi berersiñ, dagy bolmanda adama ýamanlyk etmejek bolarsyñ - bolanymy? Her kimiñ öz güzeran aladasy ýetikkä , beýle soraglar ýöntemem görünýä. Ýöne ýagşylyk etmezlik, ýamanlygyñ edilmegine mümkinçiligem diýilýä. Haýyar dyman wagty , şer ýaýnaýa. Dostaýewskiý ýagşylyk etmegiñ , bol zadyñ ujundan birazyjyk uzatmak däl , ýoguñy bar edip bermekdigi barada aýdýa. Islendik kyn işiñ bahasynyñam gymmat bolşy ýaly , kyn düşýän ýagşylygyñam sogaby uly bolarly. Aslynda sogap üçin ýa- da başga bir bähbit arap ýagşylyk etmek ýagşylygada az meñzeýä. Din alymlary : " Diñe Allañ ryzasy üçin ýagşylyk etmelidir " diýýäler. Ýöne biri ýagşylyk edýändirin diýip, özüni zordanrak oñarýan birini " äkit-getir" işinde ulanýa. Ýöne ol adam ýagşylyk edýäne bagly onuñ hemişelik " hyzmatkärine" öwrülýär. Bulam ýagşylykmy? Megerem, hakyky ýagşylyk birine çykaryp pul bermek däl_ de , ol puly özüniñ gazanmagyny öwretmekdir. Birine bir zady öwretmek, ony bir gezegem bolsa ugrukdyrmak müñ gezek nagt ýagşylykdan has gymmatlymyka diýýän. Ol señ eden ýagşylygyñy bilsin, bilmesin, ýöne sen ony gaýdyp dilenip ýörmekden halas etseñ, özüne gazanmagy öwretseñ iñ haýyrly iş şol. Maddy ýagşylygyñ gürrüñini edene meñzedim. Aslynda,ruhy ýagşylygam edil şonuñ ýaly bolsa gerek. Bir adamyñ ruhy giñeldip, çuñaldyp bilseñ , oña ýetesem ýagşylyk bolarmy? Ýöne ruhy çuñluga onuñ özi ýeter ýaly edip bilseñ bu has gymmatly. Ýene bir zat aýdasym gelýä, öterägem geçýän bolmagym mümkin ýöne adam haýryñ zary bolmasa, şeriñ şärigidir.

Hydyr Amangeldi
8
77
Myhman Myhman
11 Iýul 2022
salam goumusunyz🖖
perizadym
11 Iýul 2022
H3MRX,Poet,👍✨
Poet
11 Iýul 2022
Adama ruhy tarapdan goldaw berýän we bu duygusyny yitirmeýan eserleri döretmek G.Ezizow şahyrymyzyň esasy arzuwymyka diýip pikir edýän. Şahyrymyzyň bu gosgusy hem özünüň gosgusylary bilen şeyle maksadynyň bardygyny we gelejekde şol maksadyna ýetjekdigini beýleki goşgularynda (Güýz Sonetler çemeninde) belläp geçýär. Wagtyň gecmegi bilen adama hemişe ruhy goldaw berýän şeyle eserleri döretmek hakyky şahyryň işidir diýip pikir edýän 👍👍👍👍
ay_kiz_
11 Iýul 2022
👍👍👍👍👍👍
H3MRX
11 Iýul 2022
Ýagşylyk, ýürekden gelýän kömek etme duýgusy, ýagşylyk hemme zatda-da edilip biliner, şu temany gozganyňa minnetdar, sag bol! Gaty çuňňur, filosofiki manyly post goýupsyň
ylham_gurbanaly
11 Iýul 2022
Balyk tutup bermäň, tutmagy öwrediň!
kyyas2017
11 Iýul 2022
👍❤👍👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.