Entek seni bir gezegem görmändim,
Sen wysaldyñ ýetilmedik armandyñ.
Emma men kalbymyñ gözleri bilen,
Seniñ näzli gözleriñi görýärdim.
Aý dek nurly gözleriñi görýärdim,
Basyp giden yzlaryñy görýärdim.
Görýärdim , azalan gussa-gaýgymy.
Çünki sesiñ eşden çagymam,
Bu dünýäde bagtly saýyp özümi,
Ykbalymda täze-täze ýer açyp,
Seniñ ornaşmagyña taýynlap goýdum.
Men seni görmäkäm şeýdibem söýdüm.
Haçan_da biz sataşmaga ýer belläp,
Ilki duşuşygy wadalaşanda,
Özüñi görjegim ýada düşende,
Ganat ýaýyp uçdum yşk asmanynda,
Haçan_da ilkinji didarlaşanda,
Ýürek janhowluna bolup perwana,
Örän zaryn owaz etdi çar ýana:
"Men beýle perini görmändim ozal,
Belki-de görmerin mundan beýlägem.
Eger ýazan bolsa takdyry-ezel,
Meniñ bagtym bolar bu duran gözel!"
Maýyl bolup şeýle täsin arzuwa,
Nädip geçenini bilmedim wagtyñ.
Sen bolsa garşymda göýä bir altyn,
Gaş ýaýyp, mähirli ýylgyryp durkañ.
Sen meniñ arzuwum iñ nepis bagtym,
Sen meniñ münberim,
Tylladan bagtym.
Göýä tylla tagta çykan ýaly men,
Göýä akly üýtgän telbe- däli men.
Ýürek höküm kyldy pähim- paýhasa,
Nätjek, söýgi öz gününe goýmasa...
Ine, ol hökümiñ gysga mazmuny:
" Eger mähriñ şol periden doýmasa,
Taşla!
Bu dünýäni şonuñ yşkyna!
Ornaşdyr!
Şol ýary köñül köşgüñe!
Söý, söý,
Ýene-de söý!
Söýmekden irme!
Bakma dünýäñ gussasyna- gamyna,
Gorkma, garrylygyñ gelerindenem.
Söýüp ýaşa!
Dem gatyp ýar demine.
Bilgin, bu dünýäniñ ähli dertleri,
Hötde gelmez bir söýginiñ emine!"