Meşhur kardiolog lukman Wladimr Andreýewiç Almazowyñ iş otagynda çüýşe gapda ynsan ýüregi saklanýardy. Her bir talyp bu çüýşe gapdaky ýüregiñ taryhyny gowy bilýärdi. Geçen asyr 50-nji ýyylaryñ başynda, Almazow Moskwadaky ilkinji medisina ýokary okuw jaýynyñ 4-nji ýyl talyby hökmünde bilim alýan ýyllary , instituta degişli hassahanada " septik endokrit" bilen kesselän gyz bejergi almak üçin bu ýere gelýär. Bu elhenç kesel hatda häzirki günde hem, köp ýagdaýlarda ölüme getirýändigi mälim. Gyzyñ ýagdaýyny synlap lukmanlar hiç hili umydyñ ýokdugyny aýdypdyrlar. Näsagyñ beden gyzgynlygy tiz-tizden 40 (°C) derejäni görkezip , ýüregi barha ejizläp barýan ekeni. Onuñ keseli bilen güýçli professorlar hem gyzyklanypdyrlar. Şol wagtlar tejribelik geçýän talyplaryñ arasynda Almazowyñ ýyldaşy , ökde bir oglan hem bardy. Şol oglan hassa gyzyñ derdine melhem tapypdyr. Nädip diýýänsiñiz ? Ol bejergi üçin täze usul ýa-da pikiri öñe sürmedi. Diñe şol kesel bilen göreşýän gyzy çyn ýürekden söýdi. Ol her gün gyzyñ ýatan otagyna bir gujak gül bilen gelip başlapdyr, gyz hem wagt geçip oña öwrenişipdir. Şeýlelikde, günler geçip umyt ýok diýlen hassa ýuwaş- ýuwaşdan sagalyp ugrapdyr. Aradan wagt gećip olar durmuş gurupdyrlar. Bagtly ömür sürüpdirler. Kümüş toýy mynasybetli hassa ýatan wagty özüne sereden lukmanlary hem teklip edipdirler. Köp ýyldan soñ, aýal garrylyk ýaşyna ýetende agyr hassalanypdyr. Ölmezinden öñinçä , birden ýogalsa öz ýüregini ilkinji medisina ýokary okuw mekdebine berilmegini wesýet edipdir we şu sözleri ýatda saklamaklaryny nygtapdyr : " Hassa ýürek diñe söýgiden doly ýürekden melhem tapar.."