perizadym
perizadym
24.07.2022 09:31
Sen maña başga bir göz bilen gara, Çeşmäñ gözbaşy deý, arassa bolsun. Gahardan däl, ak säherden ýugrulan, Ala gözleñ maña elmydam gülsün. Gülüp durkañ, käte, bakýarsyñ öçli, Muny gülüm gözleriñden
perizadym
perizadym
20.07.2022 00:27
Gurbaga pişige: " Ogry, gorkak bolmadyk bolsañ gaplañ bolardyñ" diýdi. Pişik gurbaga: " Ýeñles, ýalta bolmadyk bolsañ krokodil bolardyñ" diýdi.
perizadym
20.07.2022 00:18
Şu gün köp garşylyklary ićimde ýeñip, gündelik ýazmaga girişdim. Ol gündelik bolup, eden ýa-da etmekçi zatlarym barada bolmaz. Edebiýat hakynda , özüm bilen ( okyjylar bilen) pikir alyşma ýaly birzat...Gürlemek añsat däl.Iñ añsady dymmak.Emma dymdygyñça dymasyñ geler. Menem şeýle gündelik ýazmak kyn, ýazmazlyk añsat. Ýazmadygyñça ýazmanyñ gowy diýýäñ.Birdenem näme üçindir dymasyñ gelenok. Aýdasyñ gelýär...Aýdasym gelýär. Päklik hakynda.Daglaryñ gary ýaly arassa, gözleriñ ýaşy ýaly dury, gojalaryñ sakgalynyñ aklygy ýaly parlak. Göwünleri kir tutanda ondan hapa zat ýok. Göwün kirlese ony ýuwara-da zat ýok. Dagyñ gary kirlese erär gider. Ak sakgal kirlese ýuwup bolýar. Gözýaş bolsa hiçhaçan kirlemeýär. Hatda göz batyl bolsa-da ondan akan ýaş dury. Belki göwünem kirleýän däldir ? Ony görübem bolanok. Ony gizlemegem, görkezmän gezmegem mümkin däl. Syryñy saklap bilersiñ, emma ýüregiñ hapasyny gizlemek mümkin däl. Oña girleýän däldir öýdüp özüñi aldatma!Ýüregiñdäki kir aýpdyr. Ony görmedik bolmak, oña ýokdur diýmek, ony ýuwup bilmezlik aýpdyr.Her gün, her pursat ýuw kalbyñy. Arça beyniñi, gazala kalbyñy, özüñi ýenç ýöne päklen.Päklen...päklen...

Ylýas Amangeldi
5
28
perizadym
perizadym
19.07.2022 08:15
Bu gün geçdi. Ertir eýýäm başga söz sözlener. Asman bilen zeminem başgaça gürleşer, Bizem başgaça gürleşeris. Çünki ertir ertirden söz açylar, Ykbaldan, ygrardan söz açylar. *** Sensiz älem, galamsyz
perizadym
perizadym
19.07.2022 08:07
Kimlere mülk kimsäge mal berlipdir, Kimsä kürek, kimsäge sal berlipdir. Kimlere al, kimlere ýal, kime nan, Kimlere mal, kime şan, kime san. Kimlere gyş, kime ýaş, kime ýaz, Kimlere göz, kimlere söz,
perizadym
perizadym
19.07.2022 00:22
Ata-enä hyzmatda duranyñyzda, mydama mylaýymja höre- köşe ediñ. Diýeniñiz edilmese-de öñkiñiz ýaly sylag- hormat ediñ. Gaharyñyz geläýse-de syr bildirmäñ, närazyçylyk sözüni diliñize almañ! Aýylganç
perizadym
perizadym
18.07.2022 21:45
Kä adam Allatagaladan bir zat dilemek üçin ybadat edýär. Bu söwdagärleriñ ybadatydyr. Kä adam özüniñ Allatagalanyñ sadyk guludygyny bildirmek üçin ybadat edýär. Bu gullaryñ, hyzmatkärleriñ
perizadym
perizadym
18.07.2022 21:18
16-25 ýaş aralygyndaky wekilleriñ 2000-siniñ gatnaşmagynda geçirilen barlaglar orta hasap bilen her zenanyñ öz-özüni surata düşürmäge takmynan 48 minut sarp edýändigini görkezdi. Bu hepdede 5,6 sagat
perizadym
perizadym
18.07.2022 20:56
Maña mert gerek, aglan gerek däl, Gamly çagym, keýpin çaglan gerek däl. Gerek däl dost diýip, işiñi görýän, Pagta bilen alyp dişiñi döwýän. Sözi söz, işi iş, merdana gerek, Lebzi halal mydam, dürdäne
perizadym
perizadym
17.07.2022 00:14
Eger-de gyş:" bahar meniñ kalbymda" diýse oña kim ynanar ? Müñ kynçylyk bolsun, düzetmäge mümkinçilik bolsun. Bahylyñ dymmasynyñ añyrsynda agy- agyr hümmüldiler ýatandyr. Maslahaty diñlemek