16-25 ýaş aralygyndaky wekilleriñ 2000-siniñ gatnaşmagynda geçirilen barlaglar orta hasap bilen her zenanyñ öz-özüni surata düşürmäge takmynan 48 minut sarp edýändigini görkezdi. Bu hepdede 5,6 sagat , aýda 24 sagat , ýylda 12 gün diýmek.
Öz- özüñi surata düşürmegiñ şowly bolmagy üçin olaryñ köpüsi ýüz- gözlerini timarlaýarlar , gerekli ýagtylygy we aýratynlygy gözleýärler. Bir söz bilen aýdylanda, hakyky fotosessiýany - professional derejede surata düşmek hadysasyny gaýtalaýarlar. Şunlukda, aragatnaşyk torlaryna günde 3 kadr töweregi ýerleşdirilýär. Şowly we şowsuz kadrlaryñ gatnaşygy altydan bölege deñdir. Iñ gowy suratlar ýerleşdirilýän aragatnaşyk torlarynayñ sany bolsa iñ azyndan iki dagy bolýar.
Barlaglaryñ dowamynda sorag- jogap alşylan zenanlaryñ her onunjysy telefonunda ýa-da kompýuterinde şeýle suratlaryñ iñ azyndan 150-sini saklaýar.
Saýtynda sorag-jogap alyşlyk geçirilen saýtyñ onlayn dükanynyñ şef-redaktory Nyubi Hends bu ýagdaýa şeýle teswirleme berdi:"Munuñ özi zenanlaryñ ählisiniñ öz- özüne aşyk bolandygyny añlatmaýar. Olar ýüz- gözi timarlamak , saçyñ owadan bezelmegi bilen bagly pikirleri paýlaşýarlar we öz joralaryny sport bilen meşgullanmaga ruhlandyrýarlar."