perizadym
19.07.2022 00:22
Ata-enä hyzmatda duranyñyzda, mydama mylaýymja höre- köşe ediñ. Diýeniñiz edilmese-de öñkiñiz ýaly sylag- hormat ediñ. Gaharyñyz geläýse-de syr bildirmäñ, närazyçylyk sözüni diliñize almañ!

Aýylganç günä - enäniñ göwnini ýykmak.Enäniñ göwnine degen adam bagyşlanyp bilinmez.

Ägä bol, ata- eneñi sylamaýandygyñy görse il hem gaçar senden. Onsoñ dostsuz , gardaşsyz galarsyñ , sebäbi ata- enä minnetdar bolmadyk adam, iliñ ýagşylygynam bilmez.

Ata- enäñ ýanynda gaty gürlemek gelşiksizdir. Käbirimiz şoña düşünemizokmy , nämemi , elimizi kelemenledip , bogazymyzy ýyrtaýjak bolýas. Bu eýýäm öziñden ula kyblaña , käbäñe hormat goýmadygyñ bolýar.

Eneñ- atañ barka olaryñ hormatyny sakla, olary diñle , olardan akyl öwren. Öwrenmek sogap işdir. Öwretmek ondanam sogapdyr. Ene- atañ saña öwreder, sen özüñden kiçilere öwret.
7
41
Sayida
19 Iýul 2022
moana, kakamyz ejemezem iysin diyyädä
Sayida
19 Iýul 2022
Maşgalada dort kişi bolup, üç bolejik pirok bar bolsa, mensuyji zat halamok diyyane kaka diyilyar
Leýla💔
19 Iýul 2022
Dogry
ylham_1989
19 Iýul 2022
👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.