perizadym
20.07.2022 00:18
Şu gün köp garşylyklary ićimde ýeñip, gündelik ýazmaga girişdim. Ol gündelik bolup, eden ýa-da etmekçi zatlarym barada bolmaz. Edebiýat hakynda , özüm bilen ( okyjylar bilen) pikir alyşma ýaly birzat...Gürlemek añsat däl.Iñ añsady dymmak.Emma dymdygyñça dymasyñ geler. Menem şeýle gündelik ýazmak kyn, ýazmazlyk añsat. Ýazmadygyñça ýazmanyñ gowy diýýäñ.Birdenem näme üçindir dymasyñ gelenok. Aýdasyñ gelýär...Aýdasym gelýär. Päklik hakynda.Daglaryñ gary ýaly arassa, gözleriñ ýaşy ýaly dury, gojalaryñ sakgalynyñ aklygy ýaly parlak. Göwünleri kir tutanda ondan hapa zat ýok. Göwün kirlese ony ýuwara-da zat ýok. Dagyñ gary kirlese erär gider. Ak sakgal kirlese ýuwup bolýar. Gözýaş bolsa hiçhaçan kirlemeýär. Hatda göz batyl bolsa-da ondan akan ýaş dury. Belki göwünem kirleýän däldir ? Ony görübem bolanok. Ony gizlemegem, görkezmän gezmegem mümkin däl. Syryñy saklap bilersiñ, emma ýüregiñ hapasyny gizlemek mümkin däl. Oña girleýän däldir öýdüp özüñi aldatma!Ýüregiñdäki kir aýpdyr. Ony görmedik bolmak, oña ýokdur diýmek, ony ýuwup bilmezlik aýpdyr.Her gün, her pursat ýuw kalbyñy. Arça beyniñi, gazala kalbyñy, özüñi ýenç ýöne päklen.Päklen...päklen...

Ylýas Amangeldi
5
28
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.