Maña mert gerek, aglan gerek däl,
Gamly çagym, keýpin çaglan gerek däl.
Gerek däl dost diýip, işiñi görýän,
Pagta bilen alyp dişiñi döwýän.
Sözi söz, işi iş, merdana gerek,
Lebzi halal mydam, dürdäne gerek.
Islän çagyñ döküp bolsa ýüregiñ,
Ýüzeñde almasa elden küregiñ.
Durmuş diýýänimiz misli bir derýa,
Kä çümüp, kä çykyp , şo-ol akyp barýañ.
Päliñ düzüw , päk bolmasa niýetiñ,
Ir-u- giç oklanýañ öñüne itiñ.
Ilki bilen özüñ adam bolmaly,
Ajyny, süýjini dadan bolmaly.
Herkesi göreñde gyzmasyn ýüzüñ,
Aman gelsin gyşyñ, tomsuñ ,güýzüñ...
Gün dogandan ýüzümize sylaly,
Sylamagyñ gerek seni sylany.
Ömri uzak däldir biliñ ýalanyñ,
Aýyl- saýyl bolar ýagşy-ýamanyñ.
Ejizlere agyr ýüki durmuşyñ,
Arkasy_da gara ýagyr durmuşyñ.
Silterlese silterlesin ikiýan,
Durmuş mertler üçin beýik okean.
Allaýar Çüriýew