perizadym
17.07.2022 00:14
Eger-de gyş:" bahar meniñ kalbymda" diýse , oña kim ynanar ?

Müñ kynçylyk bolsun, düzetmäge mümkinçilik bolsun.

Bahylyñ dymmasynyñ añyrsynda agy- agyr hümmüldiler ýatandyr.

Maslahaty diñlemek hem akylyñ bardygyna güwä geçýär.

Hiç kimi söýmeýän mahalyñ , yşka uçramak , söýýäniñden dänmekden ýeñildir.

Mätäçlik ýesirlige barabardyr.

Çaga isleýän zady üçin aglap başlasa şony alyp berýänçäñ bes edenokdyr. Sizem şolar ýaly azymly boluñ. Durmuş isleýäniñizi berýänçä bes etmäñ. Isle aglap, isle gülüp, her ýagdaýda bes etmäñ.

Ýürekde göterilmek , elde göterilmekden has möhümdir.

Kä kişilere ýagşylyk edenimizde " bizden gaýdar" diýenleriniñ "ýamanlyk" boljagy hiç kellämize gelmezdi...

Başdan halal ýaşan adam ynsap yzasyndan halasdyr.

Ýalñyşlyklarymyz - ilki bizi düzedýär , soñra biz ýalñyşlyklarymyzy.

Pul bagt berip biler. Emma söýülmegiñ bagtyny pul berip bilmez.

10
52
perizadym
18 Iýul 2022
Poet, eserlerden alnan...
ŞirnazarTaganow
18 Iýul 2022
1.Meñzetme bu.Ynsan häsiýeti barada.Ynanan hem,ynanmadyk hem bolar.Ynanmadyklar duýgur adamlar.(ak,garany aýyl-saýyl edip bilýän)...
Poet
17 Iýul 2022
Bu sözleri özüňiz ýazýaňyzmy ýa bir kitapdan alnan bölekler mı?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.