perizadym
13.08.2022 06:36
Bilmedim, ýaşymyzyň soňunda Ylýasam, menem futbol oýnuny görmäge gyzygdyk. Sebäpkärem Gurban Berdi. Biz "Rubiniň" oýunlaryny sypdyrman görüp başladyk. Ýakynda-da Kümmethowuzly türkmen Serdar Azmunyň dünýä derejesinde iň ökde oýunçylarynyň 32 oýunçydan ybarat sanawyna goşulandygyny okadym. Ol 32-iň içinde Messem, Ronaldu dagam bar, şolaň hatarynda türkmen oglanam bar. Gurban Berdiňem trenerlikde derejesiniň gaty ýokarydygyny ýazýalar. Dogrusy, men futbol bilermeni ýa-da sport habarçysy däl, men başga bir zat hakda pikirlendim. Umuman türkmeniň dünýädäki derejesi hakynda. Men özümiziň gäty bir elinden zat gelmeýän nalajedeýin däldigimize begendim. Ýöne, öz-özüňi öwüp oturmakdan näme netije bar? Özümizi ösdürip biljek pikirleri aýdasym gelýär. Türkmen çagasyny öte gowy görýär. Her milletem gowy görýändir ýöne biziň gowy görüşimiz gaty güýçli. Mysal üçin Klibern diýip bir meşhur sazanda, pioninoçy bar. Çaýkowskiýiň konkursynda birinji baýragy alan, gaty ussat. Bize Gurbanazar Ezizowyň öz kitaplarynyň içinden okaň diýip beren kitapçasy şol Klibern hakda. Şo wagt Gurbannazaryň kitaby berýärkä "Gaýratyňyz bar bolsa, şuň ýaly boluň" diýmek islänini biz bilmändiris. Gürrüň başga tarpa ýazyp barýa, şo kitapda Kliberiniň ejesiniň bäş ýaşly ogluny, kän gezek, pianinoly jaýa salyp, daşyndan gulplandygyny, sapagyňy etmänsiň diýip, eline lineýka bilen uran gezekleriniňem bolanyny sazanda ýatlaýar hem ejesine kiçijikkä şeýle edeni üçin häzir minnetdardygyny aýdýar. Ýok, men çagaňa ýowuzlygyň tarapdary däl, men biziň hamrakdygymyzyň gürrüňini etjek bolýan. Altmyşynjy, ýetmişinji ýyllarda Amerika juda meşhurdy. Olaryň ýaşaýşy, durmuşy, baýlary hakynda köp gürrüň ederdiler. Şol ýyllar "Delowaýa Amerika" diýip bir kitap meňem elime düşüpdi. Ürç edip okadym. Onda Dýupon diýdi, Rokfeller diýdi uly milliarderler hakynda ýazylan ýerinde olaryň çagalaryny benzin zaprawkasynda we ş.m. ýerlerde gara işlerde işledýändiklerini, şeýdip puluň nähili gazanylýandygyny öwredýändiklerini okap haýran galypdym. Dogry, diňe haýran galyp oňupdym, sebabi, o wagtlar çagaňy pul berip okuwa salmaly, okatmaly, tölegli okuw, daşary ýurda okuwa ibermek diýen ýaly zatlar ýokdy. Köp kişiň çagasy gara zähmeti oglanka görýärdi. Kolhoz diýilýände çagalara çenli işleýärdiler. Indi durmuş, ýaşaýyş gowlandy. Serhetler aýryldy, dünýä çykyp bilýäs. Hemme kişi diýen ýaly çagasyny okatjak bolýar. Ýöne çagalarymyz okajak bolýamy? Çagalarymyz öz ugrundan, höwes edýän kärinden Gurban Berdi ýa-da Serdar Azmun boljak bolýarmy? diýseň gödegräk, ýöntemräk eşdilýär. Emma adam oglanlykdan ene-atadan, töwereginden hemaýat edilmeli, kömek berilmeli diýen düşünje bilen ulalsa, ondan netije az bolýandygyny anyk aýdyp bolar. Ogul kakasynyň kömeginiň degip biljek derejesinden ýokarda pikir etmeýär. Özüne uly maksatlar goýmaýar. Her gününi, sagadyny öwrenen, öwrenmeli zatlarym diýip bölmeýär. Gowşaklardan azajyk gowy okamak üçin eger zehiniň bar bolsa kyn däl. Oglanam şol kyn däli saýlaýar. Sebäbi kyny saýlamak aňsadam däl, oň üçin oglanlykdan özüň derejeler gazanmany öwrenmeli, öwrenmäni öwrenmeli. Tüýs öwrenmeli, ösmeli wagtyny eltelefonyndaky asla peýdasyz zatlara bagyş edýändigini, ýakyp ýele sowurýanyny bilmeli. Şonuň üçinem, belki, edil Kliberniň ejesi ýaly bolmasa-da, talap edýän eje-kaka gerekdir. Bilmedim, göwnüme bolmasa, çagaňy gerşiňe mündürmeli däl-de, ilki bilen eneň-ataň gerşinde oturmagyň aýpdygyny oňa düşündirmeli. Ýöne ýere, megerem Rokfeller çagasyny benzin zaprawkasynda işleden däldir.

Hydyr Amangeldi
8
45
perizadym
perizadym
13.08.2022 06:30
Danyşment öýüne myhman bolan ýigitleriň biri ýagşylyk etmegiň, sadaka bermegiň sogaby-pazylaty hakda gyzyklanypdyr. «Ýagşylyk ýaşyryn edilse gowumy ýa-da açyk-äşgär edilse?» diýip sorapdyr. Danyşment
perizadym
perizadym
12.08.2022 00:11
Göçüşi deý depe çölleñ, Wagt hem akyp barýar elden, Dünýe geçer menden, senden, Sogaply eser goýmaly. Haçan tutan işiñ oñsa, Ýalan, kim şat günde öwse, Dostlaryñ dost bolýan bolsa, Mat günüñde ser
perizadym
perizadym
12.08.2022 00:01
«Ýagşylyk et-de, derýa at, balyk biler, balyk bilmese, Halyk biler» diýen nakyl halk arasynda juda ýörgünli. Pederlerimiziň pendi siňen eserlerde bolsa «Ýagşylyk et – Halyk biler, şunuň özi ýeterlik»
perizadym
11.08.2022 00:09
Reňkler hakynda bir ýazgyny okanymdan soň, birhili olar aklymdan gitmedi. Ýöne
mende reňk adaty reňk däl-de abstrakt many aldy. Mysal üçin:
Ýalanyň reňki – ak gara ýaly, gara ak ýaly, ýaşyl sarymyka diýdirýär, sary ýene
başga bir reňke çalymdaş. Bu duýgy ýalany eşdeňde, belki ýalan sözläňde-de
bolýandyr.
Söýgüň reňki – hiç gandyrmaýar. Akdanam doýup bileňok, mawudanam,
gyrmyzydanam, sarydanam, ýaşyldanam… ýene müň dürli reňk bar bolsa
hemmesini özüňe siňdiresiň gelýär. Garyň reňki akdanam aňyrdaky bir ak, gülüň
reňki hasam üýtgeşik. Olary içiňe sorasyň gelýär. Olar saňa siňýarem, ýöne doýup,
ganyp bolanok.
Gorkyň reňki – ýok. Ähli zat reňkini ýitirýär. Agaranagam, garalanagam. Asla reňk
görnenok.
Ýaranjaňlygyň, günäň reňki – tüýküligiň reňkine meňzeýär, ýüregiňi bulaýar.
Başga-da ýürek bulaýjy reňkler göz öňüňe gelýär.
Gynanjyň, gussaň reňki – reňkler ümüre bürenýär, sen olaryň halyna gynanýaň,
olar seň halyňa.
Aýralygyň reňki – ajy burçuň, gaty ajy burçuň tagamy ýaly, ýakyp barýar.
Wepaň, dostlugyň reňki – goýy. Ýaşyl ýaşyldanam goýy, gyzyl gyzyldanam agyr,
berk, ygtybarly. Hatda Ýeriň reňkem berk, ädimleriň reňkem…Ölümiň reňki – ähli reňkleri özünde jemleýän ýaly, başdan aýaga – ählisi. Oňa
gara-da diýip bolanok, agam. Onda ähli reňk bar. Özüne tabyn edýär. Erkiňi oňa
tabşyranyňy duýman galýaň. Hökmirowan, hökümdar reňk.
Allaň reňki (şeýle diýmek dogry bolsa), dogrusy imanyň reňki – Ýokaryk, asmana
göterýär. Mesjitdiň gümmezine çenli, ondan asman gümmezine çenli ýokaryk,
ondan Arşa… ol reňkler senem özleri bilen alyp ýokaryk göterlip barýarlar.
Belki, bulary entegem dowam etdirip bolar. Bu bir hili reňkleri görmek däl-de,
duýmakmy, syzmakmy… Alla ynsana şeýle täsin duýgulary beripdir. Şolardan
mahrum däldigimize şükür edeliň. Mahrum ýaly duýýan bolsak, pikir edeliň.

Hydyr Amangeldi
7
35
perizadym
11.08.2022 00:04
Andreý Tarkowskiden ýaşlara, ýaňy kino almaga başlanlara näme maslahat
beresiň gelýär diýilip soralanda «Özüňiz birhili ýaşap, başga bir zat hakynda-da
kino aljak bolmaň» diýýär. Megerem bu tutuş adamzadyň diýen ýaly tragediýasy
bolsa gerek. Dünýede gör näçe kişi özi, durky birhili, emma başga hili ýaşap ýör.
Ýazmak, kino almak, döretmek beýlede dursun, durmuşam aslyndan başga. Aslyna
dolanybam gelip bilenok. Ýitirenini ýitiren ýerinden däl, düýbünden başaga ýerden
gözleýär. Dili diýesi gelenini däl, aýagy ädesi gelen tarapyna däl, ýüregi urasy
gelen, telwas eden zadyna däl – kim bilýär nirelerde… Ýogsa, Alla ähli kişä
gözleýän zadyny ölmänkä berýär, ony maksadyna ýetirýär. Baý bolasy gelýän,
baýlygy durmuşynyň maksady edinenler baý bolýar. Şöhratyň höwesindäkiler
şöhrata ýetýärler, häkimlik islän, şoň aşygy bolanlar häkimlige-de gowuşýar. Näçe
«Armanly öldüm» diýse-de, Alla ony armanda goýanok. Hakyky armanlylar belki,
ölýändiklerine gynanmazdylar. Armany galmadyklaram ölýändiklerine
gynanmaýan bolsalar gerek. Ölýändigine gynanýanlar asly, durky bir zat isaläp,
özleri başgaça ýaşanlar bolaýmasa…
Ýene bir pikire haýran galdym. Bizde «musulman» diýen adyň gadyry
galmady. Ýadyma düşýär, o wagtlar namaz okaýan azdy. Şonda biriniň ýaramaz iş
edenini eşdip «Ol namaz okaýar-a?!» diýenimi bilmän galypdym. Şonda
ýanymdaky meň sada pikirime ýylgyryp «Okanda näme? Namaz okany bilen
adam gowy bolup gidýän bolsa, onda hezil bolardy, adamlary awtomatyň öňüne
salaga-da mesjide salyp, namaz okatdyryp çykaryp goýberersiň – wessalam»
diýipdi. Menem hakykatdanam özümiň sada düşünşimden utanypdym. Indi bir
kişi: «Musulman bolamda näme?» diýip ýaramaz iş etse, «Men musulman ahyry,
edýänim näme?» diýmese geňem däl ýaly. Bir wagtlar biz çagakak bir kino
meşhurdy, entek kän düşünýän zadym bolmasa-da hakyky kommunist bolup
oýnaýan artistiň näçe atsalaram, oňa näçe ok degse-de ýykylman ýöräp gelşi,
garadan gaýtmaz, hyjuwly ýüzi aňyma berk ornapdyr. Şu wagtam aýyl-saýyl göz
öňüme gelýär. Hawa, şeýle kommunistleriň arzuwyny edip geçip gitdiler
bolşewikler. Olaryň serdary Lenin ölüp-ölmänkä ýerine geçen Stalin tutuş özüne
kommunist diýenleri gyrgyna berdi. Ol «kommunistler» gynalmaga çydaman biribiriniň ýüzüne geldiler. Soň Nikita diýdi, Leonid diýdi ol höwes edilen
kommunistleriň üstünden gülüp gurultaýlar geçirdiler. Azgynçylyk ýetjek
derejesine ýetdi. Hiç kimde kommunist bolmak höwesi galmady. Şol kino-da
gülkünç, ýasama bir zada öwrüldi. «Musulman» diýen adyň nehili atdygyny
duýmaýanlaryň köpelmegi maňa kommunistleriň başyndan geçen hadysany ýatladýar. Musulmançylygyñ daş sypatyny berjaý edip bilseñ armanyñ bolmasa, onuñ içki dünýäsi , derdi barada pikir etmek kelläñede gelmeýän bolsa...

Hydyr Amangeldi
6
44
perizadym
10.08.2022 00:43
"Üýtgemezmiş" diýme ynsan ogluna,
Aýlar, günler geçip ýyllar üýtgeýär.
Zat görmedik gözi düşende pula,
Nebsinden daş düşüp gullar üýtgeýär.

Her kim ýaşap bilmez bir erki bilen,
Durmuş bizi oýnar müñ görki bilen.
Garybyñ serpaýy şol durky bilen,
Baýlara gowşurylan güller üýtgeýär.

Barlyk, baýlyk näme? Dünýe bize ýat..
Biliñi berk guşap, ýaşa adamzat.
Şan-şöhrat wezipe geldi- geçer zat,
Kagyza goýulan gollar üýtgeýär.

" Serçäni hem gassap soýsa ýagşydyr."
Sesi gaýnap bişen adam bagşydyr.
Käriniñ ussady ömrüñ nagşydyr,
Çyn daýhana duşsa çöller üýtgeýär.

Höwürtgä dönýändir guş nirä uçsa,
Öz düýbine gaçar dagdan daş gaçsa.
Emma ikije gün serhetden geçse,
Edep-ekram ene diller üýtgeýär.

Indi adam azmak bilen meşguldyr,
Kim syrtyn bulasa, şolam meşhurdyr.
Çyn zehinler sönmeklige mejburdyr,
Ýüreklere barýan ýollar üýtgeýär.

Ýa Allam ! Dolýança ömrüm depderi,
Pälimi, dinimi üýtgetmäweri !
Gepimiñ iñ kelte, iñ agyr ýeri,
Üýtgemäge mejbur däller, üýtgeýär.

KERIMHALLY
13
104
perizadym
perizadym
10.08.2022 00:07
Eger bir zadyñ bolmagyna garaşýan bolsañyz, bolmagyna garaşysyñyz ýaly bolmazlygynada garaşyñ. Sebäbi bar ünsüñiz bilen bolmagyna garaşsañyz, garaşýan zadyñyzam bolmasa göwniñiz has beter ýykylar,
perizadym
perizadym
09.08.2022 13:43
Hiç wagtam "bolmaz, başarmaryn" diýip kabullanmañ ! Şu dünýäde bolmajak, başarylmajak iki zat bardyr " ölini direltmek we wagty yzyna saratmak". Şu iki zatdan başga ähli zady
perizadym
perizadym
09.08.2022 13:13
Ynsanlyk her näçe gitse-de öñe, Edep-haýañ serhedinden geçmesin. Köp zatlañ modasy gaçsa-da diñe, Manyly zatlaryñ gadry gaçmasyn. Dowam edilsin goý, öñküje däpler, Iki elläp, doly soralsyn taplar.