"Üýtgemezmiş" diýme ynsan ogluna,
Aýlar, günler geçip ýyllar üýtgeýär.
Zat görmedik gözi düşende pula,
Nebsinden daş düşüp gullar üýtgeýär.
Her kim ýaşap bilmez bir erki bilen,
Durmuş bizi oýnar müñ görki bilen.
Garybyñ serpaýy şol durky bilen,
Baýlara gowşurylan güller üýtgeýär.
Barlyk, baýlyk näme? Dünýe bize ýat..
Biliñi berk guşap, ýaşa adamzat.
Şan-şöhrat wezipe geldi- geçer zat,
Kagyza goýulan gollar üýtgeýär.
" Serçäni hem gassap soýsa ýagşydyr."
Sesi gaýnap bişen adam bagşydyr.
Käriniñ ussady ömrüñ nagşydyr,
Çyn daýhana duşsa çöller üýtgeýär.
Höwürtgä dönýändir guş nirä uçsa,
Öz düýbine gaçar dagdan daş gaçsa.
Emma ikije gün serhetden geçse,
Edep-ekram ene diller üýtgeýär.
Indi adam azmak bilen meşguldyr,
Kim syrtyn bulasa, şolam meşhurdyr.
Çyn zehinler sönmeklige mejburdyr,
Ýüreklere barýan ýollar üýtgeýär.
Ýa Allam ! Dolýança ömrüm depderi,
Pälimi, dinimi üýtgetmäweri !
Gepimiñ iñ kelte, iñ agyr ýeri,
Üýtgemäge mejbur däller, üýtgeýär.
KERIMHALLY