Andreý Tarkowskiden ýaşlara, ýaňy kino almaga başlanlara näme maslahat
beresiň gelýär diýilip soralanda «Özüňiz birhili ýaşap, başga bir zat hakynda-da
kino aljak bolmaň» diýýär. Megerem bu tutuş adamzadyň diýen ýaly tragediýasy
bolsa gerek. Dünýede gör näçe kişi özi, durky birhili, emma başga hili ýaşap ýör.
Ýazmak, kino almak, döretmek beýlede dursun, durmuşam aslyndan başga. Aslyna
dolanybam gelip bilenok. Ýitirenini ýitiren ýerinden däl, düýbünden başaga ýerden
gözleýär. Dili diýesi gelenini däl, aýagy ädesi gelen tarapyna däl, ýüregi urasy
gelen, telwas eden zadyna däl – kim bilýär nirelerde… Ýogsa, Alla ähli kişä
gözleýän zadyny ölmänkä berýär, ony maksadyna ýetirýär. Baý bolasy gelýän,
baýlygy durmuşynyň maksady edinenler baý bolýar. Şöhratyň höwesindäkiler
şöhrata ýetýärler, häkimlik islän, şoň aşygy bolanlar häkimlige-de gowuşýar. Näçe
«Armanly öldüm» diýse-de, Alla ony armanda goýanok. Hakyky armanlylar belki,
ölýändiklerine gynanmazdylar. Armany galmadyklaram ölýändiklerine
gynanmaýan bolsalar gerek. Ölýändigine gynanýanlar asly, durky bir zat isaläp,
özleri başgaça ýaşanlar bolaýmasa…
Ýene bir pikire haýran galdym. Bizde «musulman» diýen adyň gadyry
galmady. Ýadyma düşýär, o wagtlar namaz okaýan azdy. Şonda biriniň ýaramaz iş
edenini eşdip «Ol namaz okaýar-a?!» diýenimi bilmän galypdym. Şonda
ýanymdaky meň sada pikirime ýylgyryp «Okanda näme? Namaz okany bilen
adam gowy bolup gidýän bolsa, onda hezil bolardy, adamlary awtomatyň öňüne
salaga-da mesjide salyp, namaz okatdyryp çykaryp goýberersiň – wessalam»
diýipdi. Menem hakykatdanam özümiň sada düşünşimden utanypdym. Indi bir
kişi: «Musulman bolamda näme?» diýip ýaramaz iş etse, «Men musulman ahyry,
edýänim näme?» diýmese geňem däl ýaly. Bir wagtlar biz çagakak bir kino
meşhurdy, entek kän düşünýän zadym bolmasa-da hakyky kommunist bolup
oýnaýan artistiň näçe atsalaram, oňa näçe ok degse-de ýykylman ýöräp gelşi,
garadan gaýtmaz, hyjuwly ýüzi aňyma berk ornapdyr. Şu wagtam aýyl-saýyl göz
öňüme gelýär. Hawa, şeýle kommunistleriň arzuwyny edip geçip gitdiler
bolşewikler. Olaryň serdary Lenin ölüp-ölmänkä ýerine geçen Stalin tutuş özüne
kommunist diýenleri gyrgyna berdi. Ol «kommunistler» gynalmaga çydaman biribiriniň ýüzüne geldiler. Soň Nikita diýdi, Leonid diýdi ol höwes edilen
kommunistleriň üstünden gülüp gurultaýlar geçirdiler. Azgynçylyk ýetjek
derejesine ýetdi. Hiç kimde kommunist bolmak höwesi galmady. Şol kino-da
gülkünç, ýasama bir zada öwrüldi. «Musulman» diýen adyň nehili atdygyny
duýmaýanlaryň köpelmegi maňa kommunistleriň başyndan geçen hadysany ýatladýar. Musulmançylygyñ daş sypatyny berjaý edip bilseñ armanyñ bolmasa, onuñ içki dünýäsi , derdi barada pikir etmek kelläñede gelmeýän bolsa...
Hydyr Amangeldi