«Ýagşylyk et-de, derýa at, balyk biler, balyk bilmese, Halyk biler» diýen nakyl halk arasynda juda ýörgünli. Pederlerimiziň pendi
siňen eserlerde bolsa «Ýagşylyk et – Halyk biler, şunuň özi ýeterlik» diýilýär. Ýene bir pendi-nesihatlarynda bolsa «Ýagşylyk et we
unut» diýip, eden ýagşylygyňy ýatlap ýörmezlik, diliňe almazlyk,
minnet etmezlik ündelýär. Çünki ata-babalarymyzyň aýtmagyna
görä, «Yzyndan edilýän gep-gürrüň ýagşylykdyr sadakanyň sogabyny köýdürermiş». Berekediň egsilip, özüňde bar bolan ukyp-
-başarnyklaryň hem ýok bolmagyna sebäp bolarmyş.
Gadym wagtlarda bir adamyň depesinde elmydama bulut gezer
ekeni. Çölüň jöwzasynda dagy ol buludyň gymmatyny san we söz
bilen ölçäp boljak dälmişin. Ýolda-yzda sataşan, gabat gelen adamlary hem şol buludyň astyna saýalamaga çagyrar eken. Epgekden pena
tapmak üçin, mürähede mähetdel adamlar hem onuň ýanynda, şol
buludyň saýasynda menzil aşar ekenler. Ýöne depesi bulutly adamyň
minnetini welin her kim çekip bilmändir. Ol özüniň bu täsinligi bilen
buýsanmagy, öwünmegi diýseň halaýar ekeni. «Eger men bolmadyk
bolsam, siz bu çölde heläk bolardyňyz. Şu buludyň saýasy bolmadyk bolsa, jöwzada çürşüp galardyňyz. Munuň ýaly salkynja kölegäni
baglardanam tapyp bilmersiňiz. Görýäňizmi, men size nähili kömek
etdim?!» diýen ýaly sözler bilen gulaklaryny kamata getirer eken.
Onsoň adamlaryň käbiri minnetiň ýalnyna bagryny dagladandan
çölüň howruna teniňi dagladanyň has ýeňil diýip, birsellemden soň
ho-ol beýleräkden ýörär eken. Ýok, «aýdar-goýar» diýip, aýdýanyna ähmiýet bermeýän biperwaýlar bolsa, barjak ýerlerine çenli onuň
bilen ýörär ekenler. Günlerde bir gün oňa şol çöl ýolunda pukara
bende sataşypdyr. Ol ony hem buludynyň saýasyna çagyrypdyr. Gele-
-gelmäne hem öwnüp başlapdyr. Minnet baryny ýagdyrypdyr. Pukara
bende sesini-üýnüni çykarman, käwagt bir «hä-hüm» berip, başyny
atyp gelýän ekeni. Ahyry bu minnete buludyň özi hem çydam etmändir. Ýolaýrytda pukara bende öz iline sowulmakçy bolanda, ýaňky öwünjeňiň başyndaky bulut bu garybyň üstüne geçip, ony saýalamaga
başlapdyr, öňki eýesinden aýrylyşypdyr.
Käteler biz öz minnetimiz bilen juda öte geçip, başarnyklarymyzyň ýok bolmagyna sebäp bolýarys. Onsoňam, eden ýagşylygyňy
diliňe çolap ýörmeklik hem uslyp görülmeýär. Magtymguly Pyragy
bu hakda «Bir ýagşylyk etse adam biweji, Her mejlisde ýüz ýol tile
getirmiş» diýip ýazýar.