perizadym
09.08.2022 13:13
Ynsanlyk her näçe gitse-de öñe,
Edep-haýañ serhedinden geçmesin.
Köp zatlañ modasy gaçsa-da diñe,
Manyly zatlaryñ gadry gaçmasyn.

Dowam edilsin goý, öñküje däpler,
Iki elläp, doly soralsyn taplar.
Ýyldyzlar däl, köp okalyp kitaplar,
Manyly zatlaryñ gadry gaçmasyn.

Soñ ökünmez ýaly gidirip bagty,
Biderek zatlara ýitirmäñ wagty.
Düşünjäñ ösdürseñ- geljegiñ ýagty,
Manyly zatlaryñ gadry gaçmasyn.

Öz danañy, öz nakylyñy bilmän,
Ençe diñleýänñiz, düşnükli dil däl,
Kalba çoýjak goşgy,aýdymy diñläñ,
Manyly zatlaryñ gadry gaçmasyn.

Ylym, ynsapda bor durmuşyñ dürsi,
Nadan ýatladýandyr ýatan bir pürsi,
Şanazar sözüne berseñiz ünsi :
"Manyly zatlaryñ gadry gaçmasyn."

awtor: Şanazar Hydyrow
11
34
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.