Danyşment öýüne myhman bolan ýigitleriň biri ýagşylyk
etmegiň, sadaka bermegiň sogaby-pazylaty hakda gyzyklanypdyr.
«Ýagşylyk ýaşyryn edilse gowumy ýa-da açyk-äşgär edilse?» diýip
sorapdyr. Danyşment oňa: «Ikisi-de ýagşy, esasy zat – göz üçin edilmese bolýar» diýip jogap beripdir. «Ýagşylygy ýaşyryn etmegiň
ähmiýetli tarapy, beýleki tarap seniň öňüňde özüni müýnli, bergidar duýanok. Ýetiren zady üçin Ýaradana şükür edip geziberýär.
Açyk-äşgär etmegiň pazylatly tarapy bolsa, beýlekileriň hem görelde
almagy üçindir» diýip, sözüniň üstüni ýetiripdir.
Ir eýýamlarda bir sebiti guraklyk, gahatlyk gurşapdyr. Asmandan nem dammandyr, toprakda ot bitmändir. Mahal-mahal şeýle
hadysalaryň bolmagy adamlaryň özara gatnaşygyny, birek-birege
garaýşyny, husytlygyny ýa jomartlygyny synamak üçinem bir pursat
saýylar eken. Bir maşgalanyň keşigi boýnunda bolan adamlaryň biri
haýsy bir işiň başyny tutjagyny bilmändir. «Ýykylsaň, ýere ýapyş»
diýen sözem ol döwre uýgun bolmandyr, sebäbi toprakdanam bereket
göterlene meňzeýän eken. Günlükçi bolmaga-da kaýyl ekeni, ýöne
bu ýagdaý ulus-ili gurşansoň, işem tapdyryp durmandyr. Birine ýüz
tutmagy bolsa, ýek ýigrenýän ekeni. Ýöne käteler hiç kimiň öňünde epilmedik biller durmuş ýagdaýlarynyň öňünde epilmeli bolýar. ähli
çykalgasy petige diränsoň, barjamly birine ýüz tutup, bu gahatlyk
aradan aýrylýança karz-kowal almagy ýüregine düwüpdir. birdenkä
hem goňşy obada ýaşaýan dogany ýadyna düşüpdir. onuň hojalygy
gurpluja ekeni. ömrüni söwda-satyga bagyş edensoň, puly gazanmagyň
we sowmagyň, gerek ýerinde harja dözmegiň ugur-utgusyny bilýän
ekeni. ol agasynyň gapysyny kakypdyr. töre ornaşyp-ornaşmazdan,
ýagdaýyny mälim edip, biraz mütdetlik karz-kowal isläpdir. ýöne
dogany yzgytsyz nazar bilen bakyp, «men her gelene eçilip dur sam, bu mülkümden nam-nyşan galmaz. bu zamanada özüňi bilmek
gerek. saňa hiç zat berip biljek däl» diýip, ýüzüni kese sowupdyr.
dilege geleniň karzdan umydy uly bolmasa-da, beýdip ýüzüne urul magyna asla garaşmaýan ekeni. şeýdip, ol doganynyň huzuryndan
öýkeli halda yzyna dolanypdyr. gapydan çykar-çykmazam hüňürdäp
başlapdyr: «nä döwür, nä zamana boldy. doganyňdan delalat ýok,
beýlekilerden haraý islemegiň hajaty nä? menem ony giden-gitdi
soramog-a, ýagdaýym boldugyndan üzmekçidim. bähbit bolsun
diýäýmekden başga ýol galmady..» diýip, lapykeç didelerini aşak sa lyp, öýüne tarap ugraberipdir. inisi howlynyň gapysyndan uzaklaşan
badyna, ýaňky barjamly dogany bir hyzmatkärini ýanyna çagyrypdyr.
içinde iki müň dirhem bolan haltajygy eline tutduryp, inisiniň geçýän
ýolunda oturmagy tabşyrypdyr. «gatyryň üstüne iki halta uny ýükle
we şol jelegaýlarda garaş. inim görnen badyna, ony ýanyňa çagyr we
özüňe kömekleşmegini sora. eger kömekleşse, boş goýmajakdygyňy,
zähmetiňe düşýän haky berjekdigiňi aýt. bu unlaryň bir haltasyny
gatyra ýükleşer welin, beýleki haltany we bu dirhemleri onuň eline
tutdur. goý, ol bu zatlary özi gazanan ýaly görsün» diýipdir. «ho jaýyn, munuň ýaly oýun gurmak nämä gerek? ýaňy gelende berip
goýberen bolsaňyz, hem ummasyz alkyşa eýe bolardyňyz, hem-de
iniňiz beýle lapykeç dolanmazdy» diýip, hyzmatkär geňirgenipdir.
«sen aýdylanlary ýerine ýetir. men oňa karz bersem, ol hemişe özüni
meniň öňümde bergidar duýar, men inimiň beýle gezmegini islämok, hatda üzmek hökman däl diýsemem, barybir üzlüşmek üçin artykmaç alada eder» diýip, hojaýyn etmeli-goýmaly zatlary hyzmatkärine
pugta tabşyrypdyr. Hyzmatkär aýdyşy ýaly berjaý edipdir. Onuň
geçer ýolunda garaşypdyr. Peýda bolanyndan, kömege çagyrypdyr
we bu zähmeti üçin ýaňky pullary we dirhemleri oňa halallyk bilen
gowşurypdyr. Inisi muňa örän begenipdir: «Biraz sabyr edip, agama
ýüz saraltmadyk bolsamam boljak ekeni. «Agyz beren, aş berer»
diýleni, pikir etmeýän ýeriňden Hudaý ýetirýär» diýip begenip, öýüne
ýetipdir.
Aradan ep-esli ýyllar geçipdir. Gytçylyk, gurakçylyk hem aýrylypdyr. Her kim kadaly durmuşyna, endigan ýaşaýşyna dolanypdyr.
Ýaňky inisi bolsa ol gazanan pulunyň berekedi bilen özüni tutupdyr, has-da baýapdyr. Bir gün sebitiň uly baýy toý tutupdyr we golaý-goltumdaky ähli adamlara çakylyk ýollapdyr. Gürrüňden-gürrüň
çykyp, birek-birege ýagşylyk etmek, kyn günlerde ýardamyna ýetmek ýaly söhbetler gyzyp ugrapdyr. Şonda ýaňky inisi agasyna bolan öýkesini saklap bilmän, daşyna çykarypdyr: «Mundan birnäçe ýyl
ozal ýardam isläp, gapyňyzdan ätlänimde, meni kowup goýberdiňiz.
Ine, bu gün Hudaýa şükür, meniňem ganymat günüm bar. Ýöne
men seniň ýaly bolmaryn. Ýagdaýym boldugyndan ile-güne kömek
ederin» diýipdir. Doganynyň ýanynda bu zatlardan habarly hyzmatkäri hem bar ekeni. Ol bu gürrüňleri diňlänsoň, hojaýynyndan ähli
hakykaty bolşy-bolşy ýaly aýtmagyny sorapdyr. Ýöne dogany oňa hiç
zat ýaňzytmazlygy tabşyrypdyr: «Ýagşylyk etseň, kämil et» diýilýär.
Biz öz niýetimizden ugur alyp, ýagşylyk etdik, derýa atdyk. Balygyň
bilmegi hökman däl, Halygyň bilýändigi ýeterlik» diýip, sesini çykarman oturypdyr. Sebäbi aslynda hem onuň maksady ýagşylygy kimiň
edendigini bildirmek däl-de, ak ýürekden ýagşylyk etmekdi.