perizadym
perizadym
23.08.2022 00:15
Bu günem goýun bakmaly. Dagy nätjek diýsene. Çopan – a çekenäni dagytdy. Hemme kişiniňem maly öz gapysynda. Basym ýene ýygnajakmyş öz – ä. Kim bilýär? Ýöne dync günler hezil beräýýär, bolmasa kyn
perizadym
perizadym
23.08.2022 00:00
Asmanyň göm-gök ýaýlasynda lemmer-lemmer, seňňer-seňňer bulutlar göýä gyşyň kiçi çillesinden çykyp otugsap giden dowarlar kimin, agdar-düňder boluşyp, ümdüzine tutup agynaşyp barýarlar. Anha birden,
perizadym
perizadym
22.08.2022 00:04
Telefonyñyzy döwmezlik üçin alada edişiñiz ýaly adamlañ göwnine degmezlik üçin hem alada etsediñiz belki dünýä jennet bolardy...
perizadym
22.08.2022 00:00
...Öň daýhançylyk bilen meşgul bolup ýören bir adam, bolelin bolmasa-da garaz gurpluja durmuşda ýaşap ýörendigine garamazdan, öz gününden närazy ekeni. Onsoň ol öz güzeranyny ýetde-gütde hasaplap, baýamak maksady bilen daýhançylygyny taşlapdyr-da söwda-satyk edip ugrapdyr. Onuň işi ugruna bolup, birnäçe wagt geçenden soň ol tütjar baýapdyr. Ol paýtagtdaky köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň birinden şarňyldap duran köp otagly jaý satyn alypdyr. Öýüniň içini gymmatbaha goş-golamlardan doldurypdyr, öň obadaky kakasyndan miras galan horaşaja öýünde keçeden düşegi bolsa, indi täze öýüniň astyny diňe gymmatbahaly ýüpek haly bilen örtüpdir. Özi we maşgala agzalary diňe gymmatbaha eşikleri geýipdirler, ulaglaryň gymmadyndan gymmadyny münüpdirler.
Onuň özi, aýaly we uly ýaşly çagalary öňki durmuşlary ýatlarynda galandygy sebäpli täze, elkin durmuşlarynyň gadyryny örän bilipdirler. Emma, ýedi ýaşlyja körpe ogly welin, şähere göçüp gelenlerinden soň dünýä inendigi zerarly öz ýaşaýyşlarynyň, ejesi-kakasy aýtmyşlaýyn: “illeriňkiden has gowudygyna” düýbünden üns bermändir. Ejesi-kakasy ýaly, beýleki doganlary ýaly öz goňşularynyň, deň-duşlarynyň öňünde öz baýlyklary, gymmatbaha goş-golamlary, eşikleri, ulaglary, kakasynyň dükanlary bilen öwünmändir, öýlerinde iki ädim ýere çyksa-da bir gyldan bezenip-beslenip beýleki adamlardan tapawutlanjak bolup ýatmandyr.
Oglunyň bolşuna üns berip ýören ýaňky adamyň hem muňa seredipbirhili ýüregi gysjak bolupdyr. Oglunyň sada hem-de köpe meňzeş özüni alyp barşyny görüp ol: “Ömür diýeniňem geçip barýar, iň soňunda meniň yzymy ýöretmeli hem şu oglum. Hemme zadym, bar gazananjam şuňa galmaly. Ýöne bü oglumam beýdip der döküp gazananlarymyň gadyryny bilmän ýörse, ol soň özbaşyna galandan soň meniň yzymy dargatmazmy?” diýip uly alada galypdyr. Ahyrynam, bir gün ol oglunyň beýle “gadyr bilmezliginiň” sebäbi onuň öňki “garyp” durmuşlaryny görmänliginde diýip hasaplap, körpesine hakyky “kyn” ýaşaýşyň nähilidigini görkezmegi ýüregine düwüpdir.
Onsoň ol körpe ogluny ýanyna alypdyr-da on ýyldan gowrak ýeke gezegem görüşmedik, obada ýaşaýan doganynyňka myhmançylyga gaýdypdyr. Dogany şol öňki durmuşynda, şol öňki horaşaja jaýynda, öz mellek ýerinde ýaşap we ekin-tikin, mal-gara güýmenip, gün-güzeranyny aýlaýar ekeni. Ol özüniň körpe ogly bilen doganynyň öýünde üç-dört myhmançylykda bolupdyr. Dogrusy özüne galsa-ha ol doganynyňkyda ýekeje gijede ýatjak däl ekeni. Sebäbi doganynyň hojalygy, gydyrdanyp ýörşi oňa özüniň şol öňki: “garamaýak” günlerini ýatladyp, ýüregini gysdyrypdyr. Ýöne körpesini “terbiýelemek” zerurlygy ony özüne zor salyp doganynyňkyda galmaga mejbur edipdir.
Üç-dört gün diýlenem asyr däl, ahyry bir gün geçip gidýär. Onsoň ol körpesine beren sapagyny ýeterlik diýip hasap edip, dogany, onuň çagalary bilen hoşlaşýarlar-da, yzlaryna, agaýana, bol-telki durmuşyna garşy ýola rowana bolýarlar. Obadan saýlanyp, uly ýola düşen batlaryna-da ýaňky adam öýlerine ýetýänçälerem sabyr edip bilmeýär. Öz beren “sapagyny” körpesiniň nähili özleşdirendigini barlap görmek maksady bilen gapdalynda oturan körpesine sorag berýär:
-Ýeri oglum, nähili eken? Özüňden başga adamlaryň nähili ýaşaýyşlaryny gördüňmi?
Oglanjyk heziller edip ýylgyrýar-da baş atýar:
-Hawa, gördüm kaka! Taňryýalkasyn kaka, meni şu agalarymyňka alyp geleniň üçin. Men diňe şu ýere gelip adamlaryň nähili baý ýaşap bilýändiklerine düşündim. Olaryň iki sany sygry bar, datly miweleri düzüm-düzüm şahalaryny ýere sallaşyp duran bagly-bakjaly howlulary, daýaw köpekleri, ketekleri doly towuklary bar. Özlerem her gün akar suwly ýaba suwa düşmäge gidýärler. Gijelerine-de peşehana gurnup daşarda, sekiniň üstünde ýyldyzly asmany synlap ýatýarlar. Irdenem turup tüňçede gaýnadylan, tüsse ysly, datly çaý içýärler, iýip doýup bolmaýan gowurdak, kişde, kişmiş iýýärler. Gelnejemiň tamdyrdan çykaran badyna suwa batyryp berýän nany bolsa ýeriň ýüzünde iň süýji çörek bolmaly…-diýip oglanjyk eşret bilen gözlerini süzüpdir. Soňam birhili çagajyga gelişmeýän çuň gussa bilen üstüne goşupdyr:-Bizde welin, bu zatlaryň hiç haýsy-da ýok. Biz gaty garyp ýaşaýarys…
8
60
perizadym
perizadym
21.08.2022 00:12
"Gel" diýse zer berjek uzak menzilleñ, Dogumlylyk bilen kalbyny diliñ. Hiç zat bahasyna ýetmez şol günleñ, Ejeli ýyllaryñ gadryny biliñ. Dertlere derman kän, emma barysy, Ýerin tutup bilmez
perizadym
21.08.2022 00:00
Durmuşyň bagtdan, şatlykdan, lezzetden ybaratdygy hemmä mälim. Ýöne Haktagala her ynsana rowa görenini peşgeş berýär. Ykbal bizi asla pikir etmedik menzillerimize ýolagçy edýär. Elbetde, biz ähli zada dogry düşünmeli. Sebäbi iki pikiri birikdirýän bir düşünje bar. Ol paýhas. Kähalatlar başymyza iş düşse çykalga gözlemäge derek özümizi oda-suwa urýarys. Soňam oturyp-oturyp durmuşy çylşyrymlaşdyrýan zadyň serimizde aýlaýan bijaý pikirlerimizdigine akyl ýetirenimizde ýalňyşandygymyzy kabul edýäris. Bir dananyň aýdyşy ýaly: «Aňly bolmak gowy, akylly bolmak zerur».
Adamzat kalbyny gowy häsiýetler, durmuşyny owadan öwrümler, jemgyýeti arzuw edýän ajaýyplyklary bilen diňe özüne berlen ukyp esasynda baýlaşdyryp bilýär. Dogry we dürs pikirlenip bilmek üçin ynsana ilkinji nobatda ukyp, erk we başarjaňlyk zerur. Eger ynsanyň düşünjeleri akyl babatda ejiz bolsa, kynçylyklaryň ýüze çykmagy onuň kämilleşmegine bökdençlik döredýär. Kämil bolmak üçin bolsa hemişe oýlanyşykly hereket etmeli. Şonda hyýallarymyz hakykata öwrüler. Kimdir biriniň saňa bolan gowy garaýşyny, sylag-söýgüsini, ynamyny gazanmak üçin akyl-paýhas derwaýysdyr. Adam bilen durmuşyň arasynda mydama çekeleşikli ýagdaý höküm sürýär. Maksatlary anyk hem aýdyň ynsan tutanýerlidir. Hötjetlik ykbaldan garaşýanlarymyzy düýbi-damary bilen ýok edýär. Paýhasly adamyň başyny başlaýan işleri haýyrly, bähbitli ýollara ilerleýär. Diňlemegi, ýeri gelende dymmagy başarýan ynsan durmuşda gabat gelen kynçylyklary ýeňilleşdirmegi-de başarýar. Ine, ruhy kämillik. Amal we talap. Akylly-başly gürlemek başardýan zat. Emma akylly hereket etmek aňsat däl. Hiç bir ynsanyň amal etmedik zadyny talap etmäge haky ýokdur. Ynanaýyň, şonda hiç haýsymyz ýazgarylmarys.
3
37
perizadym
20.08.2022 00:09
Haýsy biriñiz şol meniñ ähli postlaryma 1 günüñ içinde 2 disleke dan goýlupdyr ?! Düýnjek ýokdy bügün bolsa ählisinde dislike ?! Haýsyñyz bolsañyzam geliñ ýüzüme haýyş göwniñze degipmidim ýa bir ýamanlyk gördüñizmi menden beýle kastyna gidişip otyrmañ ! Erbet post paýlaşyan bolsaman aýdaýyñ pikirleriñizi düzedeýin innikilerimde )
16
181
perizadym
20.08.2022 00:06
Biz owadan gürlemegiñ ussady,
Biz söze erk edýän millet, dostlarym.
Ýöne göwne çöken agyr gussany,
Hiç bir söz gowzadyp bilmez, dostlarym.

Bir-biregiñ goşgularyn okaşyp,
Göwünlik berýäris, edýäris tankyt.
Boýmuzdan ýokaryk böksegem näçe,
Entek bendi edip bilemzok halky.

Sebäbi, adamlar bez boldy indi,
Yşk hakdaky goşgularyñ baryndan.
Olara üýtgeşik poeziýa gerek,
In bolmanda, habar alýan halyndan.

Pyragy beýikmi, Puşkin beýikmi,
Ezizow güýçlümi, güýçlümi Kerim.
Diýen jedel il içinde at salýar.
A biz hakda welin...Biz hakda welin...

Käte- käte gazet- žurnal ýatlaýar,
Öz aýagmyz bilen barsak oña-da.
Häzirki şahyrlañ (bagyşlañ welin)
Ýarsy gepleşikde,
Ýary tamada.

Diýmek,
Bize bir zatlar-a ýetenok.
Ýa-da bir zat artyk.
Añlamak gerek.
Ýa-da iñ bolmanda kesir täleyi
Başga bir zatlara baglamak gerek.

Biz owadan gürlemegiñ ussady,
Biz söze erk edýäs,
Ýöredýäs höküm.
Iñ esasy sorag:
Işimiz bilen
Azaldyp bilýäsmi ýürekleñ ýükün?!
Her kim şu soragy bersin özüne,
Hem özünden talap etsin adyllyk.
Iñ bolmanda aýdyñ, nijeme gezek
Ylham gelmän, kärimizden basyldyk?!

Ýazjak bolsak ýüreklere gireli,
Özge zada imrineli ýogsa-da.
Biz owadan gürlemegiñ ussady,
Şahyr bolan bolsadyk...

Aşyr Hanow
6
57
perizadym
perizadym
19.08.2022 07:18
Şemal ajaýyp güle duşýar we oňa aşyk bolýar. Şemal güle näçe mähir bilen bakdygysaýy, gül oňa özüniň owadan reňkine we ysyna ýugrulan söýgüsi bilen jogap berýärdi. Emma şemala bu az bolup göründi we
perizadym
perizadym
19.08.2022 00:10
Süleýman pygamberiň patyşalyk eden döwürlerinde Akyl, Ylym, Bagt, Pakyr dördüsi öz aralarynda jedel edipdirler. Jedel olaryň haýsynyň adamzada has gerekliräkdigi, haýsynyň has belentdigi barada