Bu günem goýun bakmaly. Dagy nätjek diýsene. Çopan – a çekenäni dagytdy.
Hemme kişiniňem maly öz gapysynda. Basym ýene ýygnajakmyş öz – ä. Kim
bilýär? Ýöne dync günler hezil beräýýär, bolmasa kyn ahyryn. Kakam – a işine,
jigim ikimizem mekdebe gitsek ejemiň ýeke özi haýsy zada ýetişsin. Iş kän,
üstesine mamamam ýaranok.
Şu günler obanyň bar oglany diýen ýaly meýdanda. Futbol oýnaýas, çaý
gaýnadyp içýäs. Aý hezillik – le. Ýöne bu gün welin birhili bolaýmasa...
Eýsem näme, günleriň birmeňzeş boljak gümany barmy?! Olaram adamlar
ýaly üýtgeşik – üýtgeşik, parhyny bilmegem kyn.
Kakam ir turuzýar – ow meni. Gör – ä oba eýýäm niremede galdy. Pälwanyň
welin garasam görnenok. Geler – le, düýn onuň bilen gepleşdik ahyryn,
“Akdepede” duşuşmaly, bolany şo...
Aňyrsoňy Pälwan gelip ýetdi. Goýunlarmyzy goşduk. Gelýänçä welin baý
içim gysdy – aý.Bu gapdala mal bakmaga bu gün hiç kimiň gelmeýşini diýsene.
Ýeke özüň bolsaň, meýdanam ýürekgysgynç boljak ekeni. Goýunlar – a
näme, şol özli – özleri. Olar birhyly hysyrdaşyp gürleşýänem ýaly – how. Gabat
garşyňda – da “Garabaýyr”... garalyp ýatyr. Ony beýle ulydyr öýdemokdym.Ol
äpet. Aralyk ep – esli baram welin, üstüňe abanyp gelýän ýäly...Gorkunç. Aý,
gowusyşu gürrüňi goýaly – la. Garrylar şo tarapa eliňem uzatmaly däl
diýýärler.Bilmän uzadaýsaňam barmaklaryňy dişlemelimiş.
Pälwan bilýärmikän – aý? Kän geplänogam. Bilýändir – le, ine, men
bilýän,ýöne aýdyp bilemog – a ...
Bu dym – dyrslyk haçan gutarjakka? Ýarylyp – böwsülip, eräp gitmezmikä?
...Adamyň – adamdan parhyny söhbetdeş bolup, tirkeşip, dost bolup, azda – kände
bilip bolýar. Bir günüň beýleki günden tapawudyny biljek bolsaň, onda öz – özüň
bilen... sözleşmeli, tirkeşip dost bolmaly. Dagyňy bilemok bu tapawudy men şol
mahallaram bilýän ekenim. Gaýtam, oglanjyk wagtyň ýiti syzylýar, aňşyrylýar.
Şeýle – de bolmaly, ýogsam bu gün öz täze –terligi, röwüşleri, çuňlygy bilen maňa
görnüp durmazdy...
... Köne çaýyň ugrunda ot – çöp – ä kän. Goýunlara seret, duran ýerinden
butnanogam . “Akdepäniň” üstem gaty amatly. Oýtuk ýeri – hä ot ýakmaga gowy,
galan ýerem endigan. Bärden seretseň çar töwerek edil eliň aýasynda ýaly. Honha,
köne çaýam egrem – bugram bolup, peslige siňip barýar. Kenarlary oprum –
oprum... garaganyň, syzanyň pürlerinde ak damjalar düzüm – düzüm. Jowur ak.
Guşgözülerem gyzaryşyp otyr. Goýunlaryňam käwagt biri görnüp gidýär.
Pälwan näme işläp ýör – aý? Geplänogam.
- Gelsene – how, indi. Özleri otlap ýörer - dä...
- Häzir.
- Çaý gaýnadalymy Pälwan? Gaýnadaly – la, men – ä üşejegem bolýan – aý.
- Aý, goýsan – aý. Sowuk barmy şu wagt? Görüp dursuň – a, Gün çykdy.
Gyşyň güni däl ýaly. Ýöne gaýnadaly diýseň, gaýnadaly.
- - Içeris – dä, nä...
- Onda sen – ä odun çöple, menem tüňçäni dolduryp geleýin.
- Bolýa.
Honha, Pälwan eýýäm jaryň güzerine indi – de aňyrsyna ylgap çykdy. Indem ak
ekine gidýän ýaba tarap gönüläp barýar. Baý, odundan köp näme bar diýsene. Garaçöp, kök – sök doly. Derrew bir
gujak getirdim. Kagyzymyz – a bar, çygam bolsa tutaşdyrarys.
Gelenokmykan – aý Pälwan? Bä – ä... O – da oba tarap seredip dur.Bilýän
bolmaly...
... Dogrudanam – aý, howanyň oňatdygyny. Otda – çöpde çyg galmady. Elläp
gördüm welin, ýerem gyzgyn – da. Howa şu günki ýaly bolan çaglary ejem
“Ýaz bir gününi ýadyndan çykaryp gidipdir.. Şu hün şol gün bolmaly” diýýär.
Görüň –ä, bu gara gyşyň içinde ýazyň şol ýatdan çykaryp giden bir güni ýaşap
dur. Gün ýaşansoň ol öz ýurduna gider. Uzaga gider.
Geň galmaly, basym ýene ýaz geler – ä, şonda bu gün, şu günki gün bar –
a şol ýene bir gezek ýaşarmykan – aý? Ony tanap bolarmyka? Nädip tanajak
diýsene.
Bäh, geläýipdir – aý. Ýazyň ýatdan çykaryp giden güni geläýipdir. Ol
nädip gelip bilýärkä?
Ol hökman gelmeli, gelýärem. Göçünden azaşan ýeke – ýalňyz guş bolar
– a. Obanyň üstünden eder döwri, eder döwri... Iliň gözi bir pursat oňa maýyl
bolar. Edil şol gözüňe yssy görünýän del guş mysaly gelýär, göwnüňi gozgaýar.
Aslyna baksaň, her kimiň bir öz belli – belli bir güni bolýar. Käte köçeden
barýarkaňam şu günüň hut seniň özüňkidigini duýýaň. Şol gün onsoň seniň
dünýäň täze, küýüňde hyýalyň täze.
Gyşyň içinde ýazyň güni gelipdir. Ol ýazyň güni bolsa – da gyşda
gelendigi üçin biziň bu sähralyklary güýze meňzedýär.
... Çaý içip bolduk. Bir salymdan soň Pälwan goýunlary gaýtarmaga gitdi.
Meniňem nämeüçindir şu ody öçüresimgelenok. Güýmenip galypdyryn.
Görmändirinem, Pälwan eýýäm goýunlary sürüp, golaý gelen eken. Ol meniň
gözlerime seretdi:
- Äkelýärler...
- ...
Ikimizem “Akdepäniň” üstünde gozganman durus. Oba tarapdan adamlaryň
uzyn hatary garalyp gelip barýar. Ol uzyn hatar biziň ikimiziňem içimizden
– ýüregimizden geçip gidip barýar.
Adamlar mugallymy “Garabaýyra” äkidip barýarlar.
Bu pursat onuň biziň dünýämize hemişelik geliş pursady eken. Ol bize iň
kyn temadan ilkinji gezek sapak berip gidip barýan eken...
...Dymyp gidip barýarlar. Barynyň sypaty ýowuz, aýgytly.
Olar gidip barýarlar. Mugallymy äkidip barýarlar.
- Sapak wagty üsgülewügi tutsa, çilim çekerdi ...
- - Öýkeninde ok bardy ahyryn, Pälwan...
- Kakam ýüreginiň ýanynda – da ok galypdyr diýýärdi...
Adamlar uzaklaşyp, gidip barýarlar. Gidip barýarlar. Pälwan meniň egnime
elini goýdy.
- Olar urşa gidip barýan ýaly...
- Hawa, olar urşa gidip barýan ýaly...
Ahmet Halmyrat