perizadym
19.08.2022 00:10
Süleýman pygamberiň patyşalyk eden döwürlerinde
Akyl, Ylym, Bagt, Pakyr dördüsi öz aralarynda jedel edipdirler. Jedel
olaryň haýsynyň adamzada has gerekliräkdigi, haýsynyň has belentdigi
barada gidipdir. Ahyram çözlüşip bilmän, Süleýman pygamberiň huzuryna
barypdyrlar. Süleýman pygamber arzymanlaryň arzyny diňläpdir-de,
tylla tagtyň üstündäki kümüş kürsüsine geçip oturypdyr.
— Hany aýt, sen nämüçin özüňi bulara görä-de adam ogluna has
gerekliräk hasaplaýaň? — diýip, Akyla ýüzlenipdir.— Menmi? — diýip, Akyl özüne şeýle soragyň berilendigi üçin
kemsinýän ýaly ýüzüni-gözüni gamaşdyrypdyr. — Haýsy birini aýdyp
çykaýyn men oň? Dogrusyny diýsem, adamzat mensiz...
Süleýman pygamber oňa sözüni soňlamaga maý bermändir.
— Ýeri, bolýa. Hany, indi aýt, sen özüňde aýp bardyr
öýdýäňmi?
Akyl öňküsindenem beter ynjapdyr. Ýakasyny tutup:
— Mende-e?.. Aýp?.. — diýende sesi juda inçejik çykypdyr. Şeýlede bolsa, syr bildirmezlige çalşypdyr.
— Hezreti Süleýman! Men Akyl. Hiý, mende-de bir aýp bormy?
Süleýman pygamber onuň bolşuny görüp çalaja gülümsiräpdir-de,
Ylymdan sorapdyr.
— Sen nämüçin özüňi bulardan beýik saýýaň?
— Men Ylym. Adamzat üçin menden belent zat bolmaz. Adam
ylym bilen islendik zadyň hötdesinden gelip biler. Ylymsyz onuň oňaran
zady bolmaz.
Süleýman pygamber sakgalyny sypalap, gözlerini süzüpdir.
— Aýbyň barmydyr?
— Mende aýp bolmaz.
Süleýman pygamber kürsüsinden düşüp, Bagtyň ýanyna barypdyr.
— Öz beýikligiňi sen nädip düşündirjek? Bagtyň şol wagt: «Sizem
diňe meniň arkamdan şa bolup otyrsyňyz. Pikir edip görüň, bu ýurtda siz
ýaly, belki, sizden-de kän-kän akylly, ylymly adamlaryň gör, nijembir
müňüsi bardyr. Emma bagtsyzlyklary zerarly olaryň köpüsine şalyg-a däl,
hatda her günde doýa garyn iýmekligem ýetdirýän däldir» diýesi gelipdir.
Emma pygamber patyşany akylsyzlykda aýplamakdan gorkupdyr. Şonuň
üçinem:
— Men hemmä gerek. Uly-kiçi, şah-u-geda, barsy meniň arzuwymda.
Men kimde bolsam şonuň döwleti artýa, gum diýip garbany gyzyl bolýa,
ugran ugry şow alýa. Sebäbi ol bagtly — diýmek bilen çäklenipdir.
Süleýman pygamber ellerini arkasyna tutup, arz jaýynyň içinde iki
ýana gezmeläp ýörşüne:
— Aýbyn barmydyr? — diýip sorapdyr.
— Hezreti Süleýman! Men Bagt! Hiý, bagtyňam bir aýby bormy?
Süleýman pygamber Pakyryň alkymyna dykylypdyr.
— Pakyr! Senem bularyň jedeline goşulypsyň. Adam üçin men
hemmäňizdenem gerekliräkdirin diýipsiň. Sen muny näme bilen subut edip biljek?
— Elbetde, bularyň diýýänem dogry... — diýip, Pakyr gollaryny
gowşuryp durşuna ýumşaklyk bilen söze başlapdyr. — Akylsyz, Ylymsyz,
Bagtsyz adam hiç zatdyr. Ýöne, kalbyňda pakyrlyk bolmasa, ol şo zatlary
ynsanyň haýry üçin ulanyp bilmez..
— Ýagşy! Hany aýt, aýbyň barmy, ýok?!
— Bardyr, siziň aly jenabyňyz. Depämden tä dabanyma çenli
aýpdyr.
Süleýman pygamber ýerine geçip oturypdyr.
— Akyl! Sen aýbym ýok diýdiň. Emma adamyň gahary joşan wagty
sen öz ornuňy gahara berýäň. Eýsem bu aýp dälmidir?
Ylym! Senem aýbym ýok diýdiň. Emma bil, ylymly adam tekepbir
bolýandyr. Temegini ýokary tutýandyr! Ine, şo-da seniň uly aýbyňdyr.
Bagt! Senem özüňi aýpsyz saýdyň. Onda nämüçin sen diňe baýlarda,
han-beglerde ýa şalarda bolýaň? Nämüçin derwüşlerde, garyplarda
bolaňok? Seniň bagtly eden adamlaryň bolsa ony tersine ulanýarlar. Bu
bolsa seniň üçin ullakan aýpdyr.
Süleýman pygamber ýene-de ýerinden turupdyr. Kümüş kürsüsinden
düşüpdir-de, agras ädimler bilen Pakyryň ýanyna gelipdir. Elini egnine
goýupdyr.
— Adam ogluna öňi bilen ine, şu gerek, Pakyrlyk gerek. Galanyňyz
soň. Göwnünde pakyrlyk bar adam akylly bolsa, aklyny gahar-gazaba
aldyrmaz, ylymly bolsa temegini ýokary tutmaz, tekepbirlik etmez,
bagtly bolsa bagtyny ýurtbasarlyk üçin, ejizeganymlyk üçin ulanmaz.
Dünýede iň belent zat — pakyrlykdyr...
8
154
sahet_ashyrov
19 Awgust 2022
Oleñde dowamy bar diyip yazylyada manysy
gulshatayewa97
19 Awgust 2022
Pakyrlyk näme🙄
Myrataly
19 Awgust 2022
Dogry aŷtŷaňyz
Myrataly
19 Awgust 2022
Gowyda shol
Myrataly
19 Awgust 2022
Sen nahili tutyan
Myrataly
19 Awgust 2022
Pes tutaŷynmy ya beyik ozumi senden
Myrataly
19 Awgust 2022
moana, bilip bolmaz
Myrataly
19 Awgust 2022
moana,men bolubam bilmeyan)
Myrataly
19 Awgust 2022
moana, Yatdan cykma ahtimallygy ulydyr
Myrataly
19 Awgust 2022
moana,Haysy kitapdan o sozler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.