Durmuşyň bagtdan, şatlykdan, lezzetden ybaratdygy hemmä mälim. Ýöne Haktagala her ynsana rowa görenini peşgeş berýär. Ykbal bizi asla pikir etmedik menzillerimize ýolagçy edýär. Elbetde, biz ähli zada dogry düşünmeli. Sebäbi iki pikiri birikdirýän bir düşünje bar. Ol paýhas. Kähalatlar başymyza iş düşse çykalga gözlemäge derek özümizi oda-suwa urýarys. Soňam oturyp-oturyp durmuşy çylşyrymlaşdyrýan zadyň serimizde aýlaýan bijaý pikirlerimizdigine akyl ýetirenimizde ýalňyşandygymyzy kabul edýäris. Bir dananyň aýdyşy ýaly: «Aňly bolmak gowy, akylly bolmak zerur».
Adamzat kalbyny gowy häsiýetler, durmuşyny owadan öwrümler, jemgyýeti arzuw edýän ajaýyplyklary bilen diňe özüne berlen ukyp esasynda baýlaşdyryp bilýär. Dogry we dürs pikirlenip bilmek üçin ynsana ilkinji nobatda ukyp, erk we başarjaňlyk zerur. Eger ynsanyň düşünjeleri akyl babatda ejiz bolsa, kynçylyklaryň ýüze çykmagy onuň kämilleşmegine bökdençlik döredýär. Kämil bolmak üçin bolsa hemişe oýlanyşykly hereket etmeli. Şonda hyýallarymyz hakykata öwrüler. Kimdir biriniň saňa bolan gowy garaýşyny, sylag-söýgüsini, ynamyny gazanmak üçin akyl-paýhas derwaýysdyr. Adam bilen durmuşyň arasynda mydama çekeleşikli ýagdaý höküm sürýär. Maksatlary anyk hem aýdyň ynsan tutanýerlidir. Hötjetlik ykbaldan garaşýanlarymyzy düýbi-damary bilen ýok edýär. Paýhasly adamyň başyny başlaýan işleri haýyrly, bähbitli ýollara ilerleýär. Diňlemegi, ýeri gelende dymmagy başarýan ynsan durmuşda gabat gelen kynçylyklary ýeňilleşdirmegi-de başarýar. Ine, ruhy kämillik. Amal we talap. Akylly-başly gürlemek başardýan zat. Emma akylly hereket etmek aňsat däl. Hiç bir ynsanyň amal etmedik zadyny talap etmäge haky ýokdur. Ynanaýyň, şonda hiç haýsymyz ýazgarylmarys.