perizadym
19.08.2022 07:18
Şemal ajaýyp güle duşýar we oňa aşyk bolýar. Şemal güle näçe mähir bilen bakdygysaýy, gül oňa özüniň owadan reňkine we ysyna ýugrulan söýgüsi bilen jogap berýärdi. Emma şemala bu az bolup göründi we ol: «Eger-de men güle özümiň ähli güýç-kuwwatymy bersem, ol maňa has-da köp mähir berer» diýip pikir edýär. Şeýle pikir bilen şemal güle tarap güýçli demi bilen üfleýär. Ýöne gül beýle güýjüň öňünde durup bilmän döwülýär. Şemal ony galdyrmaga, jan bermäge çalyşýar, emma başarmaýar. Şemal güle mähir bilen üflese-de, ol şemalyň gözüniň öňünde solup barýardy. Şemal: «Men saňa söýgimiň ähli güýjüni berdim, ýöne sen döwüldiň. Sende maňa bolan söýgi güýji ýok eken, sen meni söýmänsiň!» diýýär. Gül hiç zat jogap bermeýär. Ol solýar.
Söýýän adam söýginiň güýç we hyjuw bilen ölçelmän, eýsem, onuň mähir we içgin gatnaşyklar bilen ölçenýändigini bilmelidir.
14
94
ideallider
23 Awgust 2022
Mbäh, hatda söýgi hem gereginden artyk köp bolsa zyýan eken👍
Myhman Myhman
21 Awgust 2022
Üç sany bolup ýaryşyp barýaňyz 2 ýerdakiden geçseňiz naçinji ýer bolýaňyz

Üç sany bolup ýaryşyp barýaňyz 2 ýerdakiden geçseňiz naçinji ýer bolýaňyz
Myhman Myhman
19 Awgust 2022
Sagbol opsy cykda by
sahet_ashyrov
19 Awgust 2022
👍👍👍👍👍👍
perizadym
19 Awgust 2022
Esger.80, Salam, derejân bolmaly onun ucın. Ulanyjylar 1post , Howesjenler 2 post, offıcallar 4 post.... goyubılyaler günün dowamynda.
abdy_dayy
19 Awgust 2022
Milaya...gunun dowamynda iki post nadip goyyan ayda
wolf
19 Awgust 2022
👍🔥👍🔥👍
abdy_dayy
19 Awgust 2022
Gereginden artyk soysen seyle bolayjak ekenow
gulshatayewa97
19 Awgust 2022
Söýgiňem artygy zyýan eken her zat çeni bilen 🙂
okayjy
19 Awgust 2022
🤔Gowy tymsal bolupdyr sag bol ýetireniñe 👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.