perizadym
20.08.2022 00:06
Biz owadan gürlemegiñ ussady,
Biz söze erk edýän millet, dostlarym.
Ýöne göwne çöken agyr gussany,
Hiç bir söz gowzadyp bilmez, dostlarym.

Bir-biregiñ goşgularyn okaşyp,
Göwünlik berýäris, edýäris tankyt.
Boýmuzdan ýokaryk böksegem näçe,
Entek bendi edip bilemzok halky.

Sebäbi, adamlar bez boldy indi,
Yşk hakdaky goşgularyñ baryndan.
Olara üýtgeşik poeziýa gerek,
In bolmanda, habar alýan halyndan.

Pyragy beýikmi, Puşkin beýikmi,
Ezizow güýçlümi, güýçlümi Kerim.
Diýen jedel il içinde at salýar.
A biz hakda welin...Biz hakda welin...

Käte- käte gazet- žurnal ýatlaýar,
Öz aýagmyz bilen barsak oña-da.
Häzirki şahyrlañ (bagyşlañ welin)
Ýarsy gepleşikde,
Ýary tamada.

Diýmek,
Bize bir zatlar-a ýetenok.
Ýa-da bir zat artyk.
Añlamak gerek.
Ýa-da iñ bolmanda kesir täleyi
Başga bir zatlara baglamak gerek.

Biz owadan gürlemegiñ ussady,
Biz söze erk edýäs,
Ýöredýäs höküm.
Iñ esasy sorag:
Işimiz bilen
Azaldyp bilýäsmi ýürekleñ ýükün?!
Her kim şu soragy bersin özüne,
Hem özünden talap etsin adyllyk.
Iñ bolmanda aýdyñ, nijeme gezek
Ylham gelmän, kärimizden basyldyk?!

Ýazjak bolsak ýüreklere gireli,
Özge zada imrineli ýogsa-da.
Biz owadan gürlemegiñ ussady,
Şahyr bolan bolsadyk...

Aşyr Hanow
6
57
Papatya
20 Awgust 2022
Ýitdäý şu Aşyram

Kukulkaaa diýýatdi:)
wolf
20 Awgust 2022
👍🔥👍🔥👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.