...Öň daýhançylyk bilen meşgul bolup ýören bir adam, bolelin bolmasa-da garaz gurpluja durmuşda ýaşap ýörendigine garamazdan, öz gününden närazy ekeni. Onsoň ol öz güzeranyny ýetde-gütde hasaplap, baýamak maksady bilen daýhançylygyny taşlapdyr-da söwda-satyk edip ugrapdyr. Onuň işi ugruna bolup, birnäçe wagt geçenden soň ol tütjar baýapdyr. Ol paýtagtdaky köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň birinden şarňyldap duran köp otagly jaý satyn alypdyr. Öýüniň içini gymmatbaha goş-golamlardan doldurypdyr, öň obadaky kakasyndan miras galan horaşaja öýünde keçeden düşegi bolsa, indi täze öýüniň astyny diňe gymmatbahaly ýüpek haly bilen örtüpdir. Özi we maşgala agzalary diňe gymmatbaha eşikleri geýipdirler, ulaglaryň gymmadyndan gymmadyny münüpdirler.
Onuň özi, aýaly we uly ýaşly çagalary öňki durmuşlary ýatlarynda galandygy sebäpli täze, elkin durmuşlarynyň gadyryny örän bilipdirler. Emma, ýedi ýaşlyja körpe ogly welin, şähere göçüp gelenlerinden soň dünýä inendigi zerarly öz ýaşaýyşlarynyň, ejesi-kakasy aýtmyşlaýyn: “illeriňkiden has gowudygyna” düýbünden üns bermändir. Ejesi-kakasy ýaly, beýleki doganlary ýaly öz goňşularynyň, deň-duşlarynyň öňünde öz baýlyklary, gymmatbaha goş-golamlary, eşikleri, ulaglary, kakasynyň dükanlary bilen öwünmändir, öýlerinde iki ädim ýere çyksa-da bir gyldan bezenip-beslenip beýleki adamlardan tapawutlanjak bolup ýatmandyr.
Oglunyň bolşuna üns berip ýören ýaňky adamyň hem muňa seredipbirhili ýüregi gysjak bolupdyr. Oglunyň sada hem-de köpe meňzeş özüni alyp barşyny görüp ol: “Ömür diýeniňem geçip barýar, iň soňunda meniň yzymy ýöretmeli hem şu oglum. Hemme zadym, bar gazananjam şuňa galmaly. Ýöne bü oglumam beýdip der döküp gazananlarymyň gadyryny bilmän ýörse, ol soň özbaşyna galandan soň meniň yzymy dargatmazmy?” diýip uly alada galypdyr. Ahyrynam, bir gün ol oglunyň beýle “gadyr bilmezliginiň” sebäbi onuň öňki “garyp” durmuşlaryny görmänliginde diýip hasaplap, körpesine hakyky “kyn” ýaşaýşyň nähilidigini görkezmegi ýüregine düwüpdir.
Onsoň ol körpe ogluny ýanyna alypdyr-da on ýyldan gowrak ýeke gezegem görüşmedik, obada ýaşaýan doganynyňka myhmançylyga gaýdypdyr. Dogany şol öňki durmuşynda, şol öňki horaşaja jaýynda, öz mellek ýerinde ýaşap we ekin-tikin, mal-gara güýmenip, gün-güzeranyny aýlaýar ekeni. Ol özüniň körpe ogly bilen doganynyň öýünde üç-dört myhmançylykda bolupdyr. Dogrusy özüne galsa-ha ol doganynyňkyda ýekeje gijede ýatjak däl ekeni. Sebäbi doganynyň hojalygy, gydyrdanyp ýörşi oňa özüniň şol öňki: “garamaýak” günlerini ýatladyp, ýüregini gysdyrypdyr. Ýöne körpesini “terbiýelemek” zerurlygy ony özüne zor salyp doganynyňkyda galmaga mejbur edipdir.
Üç-dört gün diýlenem asyr däl, ahyry bir gün geçip gidýär. Onsoň ol körpesine beren sapagyny ýeterlik diýip hasap edip, dogany, onuň çagalary bilen hoşlaşýarlar-da, yzlaryna, agaýana, bol-telki durmuşyna garşy ýola rowana bolýarlar. Obadan saýlanyp, uly ýola düşen batlaryna-da ýaňky adam öýlerine ýetýänçälerem sabyr edip bilmeýär. Öz beren “sapagyny” körpesiniň nähili özleşdirendigini barlap görmek maksady bilen gapdalynda oturan körpesine sorag berýär:
-Ýeri oglum, nähili eken? Özüňden başga adamlaryň nähili ýaşaýyşlaryny gördüňmi?
Oglanjyk heziller edip ýylgyrýar-da baş atýar:
-Hawa, gördüm kaka! Taňryýalkasyn kaka, meni şu agalarymyňka alyp geleniň üçin. Men diňe şu ýere gelip adamlaryň nähili baý ýaşap bilýändiklerine düşündim. Olaryň iki sany sygry bar, datly miweleri düzüm-düzüm şahalaryny ýere sallaşyp duran bagly-bakjaly howlulary, daýaw köpekleri, ketekleri doly towuklary bar. Özlerem her gün akar suwly ýaba suwa düşmäge gidýärler. Gijelerine-de peşehana gurnup daşarda, sekiniň üstünde ýyldyzly asmany synlap ýatýarlar. Irdenem turup tüňçede gaýnadylan, tüsse ysly, datly çaý içýärler, iýip doýup bolmaýan gowurdak, kişde, kişmiş iýýärler. Gelnejemiň tamdyrdan çykaran badyna suwa batyryp berýän nany bolsa ýeriň ýüzünde iň süýji çörek bolmaly…-diýip oglanjyk eşret bilen gözlerini süzüpdir. Soňam birhili çagajyga gelişmeýän çuň gussa bilen üstüne goşupdyr:-Bizde welin, bu zatlaryň hiç haýsy-da ýok. Biz gaty garyp ýaşaýarys…