olia
14.01.2023 16:36
Geçen asyryň ýa-da ondan öňki asyrlaryň adamlarynyň ulanan zatlaryny hakykylygynda görmek hemmeler üçin-de
gyzykly bolsa gerek. Öz gezeginde geljekki nesillerimize-de biziň ulanan enjamlarymyzy görmek has gyzykly bolar. Şeýle pikir bilen 1940-njy ýylda ABŞ-nyň Djorjiýa ştatynyň Ogltorp uniwersitetinde "Siwilizasiýanyň Kriptasy"(Crypt of Сivilization) diýlip atlandyrylan wagt kapsulasy döredildi. Ony 8113-nji(!!!) ýylda açmaly...
Siwilizasiýanyň Kriptasyny döretmek pikiri nädip döredi?
Kriptany döretmek pikiri ilkinji gezek Ogltorp uniwersitetiniň şol wagtky rektory, häzirki wagtda "wagt kapsulalarynyň atasy" diýlip tanalýan Tornuell Džeýkobsyň kellesine geldi. 1920-nji ýylda Müsürde Faraon Tutanhamonyň aramgähi açylanda şol döwrüň taryhy barada bahasyna ýetip bolmajak maglumatlar tapylypdy. 1936-njy ýylda bu wakalardan ylham alan Tornuell öz gezeginde geljekki nesiller üçin-de şeýle maglumatlary goýmak kararyna geldi. Müsürlileriň ilkinji ygtybarly resminamalaşdyrylan senesi b.e. öňki 4241-nji ýyl (gadymy Müsür senenamasynyň başlangyjy) we 1936-njy ýylyň aralygyndaky wagty hasaplap, Tornuell Kriptany näçe wagta möhürlejekdigini kesgitledi - 6177 ýyl.
Kriptanyň ýygnalmagy we möhürlenmegi.
1937-nji ýylda NBC radiosynda Džeýkobs Siwilizasiýanyň Kriptasyny döretmek taslamasyny bütin ýurda yglan etdi. 1939-njy ýylda Kriptanyň taslamasy içinde goýuljak zatlar bilen Nýu-Ýorkda Bütindünýä sergisinde görkezildi; bu ýerde ilkinji gezek "wagt kapsulasy" diýlen termin ýüze çykaryldy. 1940-njy ýylyň 15-nji maýynda Tornuell Džeýkobs we kinoprodýuser, kinooperator, oýlap tapyjy Tomas Piters birnäçe döwlet işgärleriniň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda Kriptany möhürlediler.
Siwilizasiýanyň Kriptasy Ogltorp uniwersitetiniň çägindäki Phoebe Hearst Memorial Hall binasynyň ýerzemininde(öňki basseýniň ornunda), Appalaç daglarynyň granitli ýerinde ýerleşýär. Kriptanyň göwrümi 20×10×10 fut bolup, onuň üsti galyňlygy 2metrdan, aşagy galyňlygy 0,6metrdan gowrak daş gatlagy bilen örtülen. Kripta möhürlenende içindäki ähli howa çykarylyp, inert gazy bilen çalşyrylan. Poslamaýan polatdan ýasalan gapysy kebşirlenen, we oňa Džeýkobsyň geljekki nesillere ýüzlenmesi we Pitersyň döreden, Kripta girjeklere iňlis dilini öwredip biljek "dil integratory" ýerleşdirilen.
Siwilizasiýanyň Kriptasynyň içinde nämeler bar?
-asetilsellýuloz plýonkada ýazylan jemi 640000 sahypa golaý bolan 800-den gowrak kitap(Kuran, Injil, Gomeriň "Illiadasy", Dante Aligýeriniň "Dowzahy" we ş.m.);
-kinoprodýuser Dewid Selznigiň bermegi bilen "Şemal bilen äkidilenler"("Gone with the wind") kinofilminiň hakyky senariýasy;
-A.Gitleriň, I.Staliniň, B.Mussolininiň, F.Ruzweltiň ses ýazgylary, Arti Şounyň käbir aýdymlary;
-tehniki enjamlardan: mikrofilmleri okamak üçin apparat, suratlary görmek üçin proýektor, toster, radio, ýazyjy enjam, kassa apparady we bu zatlaryň ählisini işletmek üçin akýan suwdan energiýa alýan generator, eger-de 8113-nji ýylda tok biziň bilşimiz ýaly görnuşde bolmadyk ýagdaýynda mikrofilmleri okamak üçin 7 esse ulaldyjy lupa;
-däneleriň görnuşleri;
-ýörite usulda guýlan Budweiser piwosy;
- Donald Duсkyň plastik oýunjagy;
-üýtgeşik zatlardan: aýal ýantorbasynyň içindäkiler, emeli dyrnaklaryň we kirpikleriň toplumy, oýun kartasynyň toplumy, plastik guş, 2 sany maneken(aýal we erkek), plastik fleýta, diş arassalaýjy sapak, gara tenli gurjak...;
-Kripta goýlan iň soňky zatlaryň biri dowam edýän 2-nji Jahan Urşy barada gürrüň berýän The Atlanta Journal-Constitution žurnalynyň polatdan ýasalan görnüşi boldy.
Käbir artefaktlaryň Şwed koroly Gustaw V we Eastman Kodak kompaniýasy tarapyndan meýletin berlendigi bellärliklidir. Şeýle-de Kriptanyň ogurlyk maksady bilen wagtyndan öň açylmagynyň öňüni almak üçin içinde gymmat bahaly zatlar, şaý-sepler ýokdur.
20
214
olia
12.01.2023 00:25
"Voyager 1": Planetalardan uzaklara
“Voyager 1”-Gün ulgamyny öwrenmek we Ýupiter bilen Saturnyň suratlaryny almak üçin 1977-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda Kanaweraldan uçuryldy. Kosmos gämisi diňe bir öňde goýlan wezipelerini ýerine ýetirmek bilen çäklenmän, eýsem, goşmaça kosmos gözleglerini hem geçirdi, ýolda birnäçe rekord goýdy we kosmonawtikanyň taryhynda iň üstünlikli taslamalaryň birine öwrüldi.
"Voyager 1-iň" uçurylyşy.
Iň uzakda ýerleşýän jisim.
"Voyager 1".
1998-nji ýyldan bäri "Voyager 1" adam eli bilen ýasalan jisimlerden bizden iň uzakda ýerleşýänidir. Şu wagt "Voyager 1" bizden 23mlrd, 745mln km-dan hem uzakdadyr. Apparadyň häzirki minutda nirededigini, uçuş taryhyny https://voyager.jpl.nasa.gov saýtyndan onlaýn görnüşde görüp bilersiňiz(Bellik:saýt iňlis dilinde).
Ol başga planetalylara ýollanma alyp barýar.
Altyn plastina.
"Voyager 1" özünde başga planetaly akyl üçin "habar" alyp barýar. Bu altyndan ýasalan plastina bolup, onuň içinde adamyň, biziň planetamyzyň we durmuşymyzyň 116 sany suraty, Ýeriň kosmosdaky koordinatasy, adam sesiniň ýazgysy we her dürli halklaryň saz kompozisiýalarynyň ýazgysy bar.
Enjam Gün ulgamynyň daşyna çykdy.
"Voyager 1" kosmosda.
Bu kosmos zondy Gün ulgamyndan daşa çykan ilkinji obýektdir. "Voyager 1" Gün ulgamyndan çykyp, Ýyldyzara aralyga düşendigi 2013-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda NASA tarapyndan resmi ýagdaýda tassyklanyldy.
Enjam işlemeli wagty gutarandygyna garamazdan, işlemegini dowam edýär.
Enjamyň gurnalyşy.
Ilkibaşda apparadyň missiýasy 5ýyllyk diýlip kesgitlenipdi, emma alymlar "Voyager 1-iň" zarýady Ýere maglumatlary tä 2030-njy ýyla çenli ugratmaga ýetjekdigini hasapladylar. Emma gynansakda, aragatnaşyk ondan öň hem kesilip biler. Sebäbi zond daşlaşdygyça Günüň şöhlesi onuň üçin barha peselýär. "Voyager 1-iň " apparatlary Ýere signallary Günden ugur alyp ugradýar. 2025-nji ýyldan soň zondyň Güni "ýitirip", bortundaky batareýa işleýändigine garamazdan Ýere maglumat ugradyp bilmejekdigi çaklanylýar.
Baky gezelenç.
"Voyager 1-i" uzak wagtlaýyn, hatda tükeniksiz geljek garaşýar. Eger-de ol asteroidler ýa-da kometalar bilen çaknyşmasa, ýene millionlarça ýyldan başga Ýyldyzlara çenli uçup barar. Belki-de ol wagta çenli biziň planetamyz hem galmaz, emma adam eli bilen ýasalan apparat öz uçuşyny dowam eder....
"Voyager 1" tarapyndan düşürilen käbir suratlar:
21
195
olia
10.01.2023 16:56
Açyk Gök Nokat (Pale Blue Dot)
"Açyk Gök Nokat" - biziň planetamyzyň "Voyager 1" kosmos zondy tarapyndan edilen suraty bolup, ol biziň Öýümiziň iň uzak aralykdan düşürilen suratydyr. Suraty düşürmek we oňa bu ady goýmak pikirini Karl Sagan tapypdyr, we 1994-nji ýylda şol at bilen kitap hem ýazypdyr.
1990-njy ýylyň 14-nji fewralynda NASA şol wagta çenli öz asyl missiýasyny tamamlan zonda yzyna öwrülip, Gün sistemasynyň planetalarynyň suratyny almagy buýurdy.
K.Sagan öz kitabynda suratyň Ýerden 5,9 milliard km uzaklykdan düşürilendigini belläp geçýär. Şeýle-de surat bize 5,5 sagadyň içinde gelipdir.
Sag tarapdaky goňur reňkli çyzygyň ortasyndaky kiçijik nokat, 6 milliard uzaklykdaky Ýerdir.
Karl Saganyň 1990-njy ýylyň 14-nji maýyndaky çykyşyndan:
Bu nokada ýene bir gezek göz aýlaň. Biz bu ýerde. Bu biziň öýümiz. Bu biz. Söýýänleriňiziň hemmesi, tanaýanlaryňyzyň hemmesi, şu wagta çenli ýeke gezek hem bolsa adyny eşidenleriňiz, ýaşap geçenleriň hemmesi şu nokatda ýaşady. Köp lezzetlerimiz we görgülerimiz, müňlerçe özüne ynamly dinler, ideologiýalar we ykdysady taglymatlar, her bir awçy we ýygnaýjy, her bir gahryman we gorkak, siwilizasiýalary gurýanlar we ýok edijiler, her bir patyşa we daýhan, aşyk bolan her bir jübüt, her bir ene we her bir ata, her bir başarnykly çaga, her bir oýlap tapyjy we syýahatçy, her bir ahlakly, her bir aldawçy syýasatçy, her bir "super ýyldyz", her "beýik lider", adamzadyň taryhynda her keramatly we günäkär BU ÝERDE - Gün şöhlesinde "asylyp duran" bir nokatda ýaşady.
Ýer - älem giňişliginde gaty kiçi sahna. Nokatjygyň bir böleginiň az wagtlyk eýesi bolup, ýeňşiň we triumfyň az wagtlyk şöhlelerine çoýunmak üçin hemme generallaryň we imperatorlaryň gandan döreden derýalary hakynda pikir ediň. Bu nokadyň bir burçunyň ýaşaýjylarynyň başga bir burçuň hiç hili tapawutsyz ýaşaýjylaryna eden tükeniksiz zalymlyklary hakynda pikir ediň. Aralaryndaky ýygy-ýygydan bolan düşünişmezlikler, biri-birini öldürmäge bolan islegleri, ýigrenjiniň näderejede gyzgyndygy hakynda...
Barlygymyz, göz öňüne getiren ähmiýetimiz, älemdäki "artykmaç" statusymyz hakyndaky pikir - bularyň hemmesi şu nokadyň ýanynda ýatdan çykýar. Planetamyz töweregindäki kosmiki garaňkylykda diňe bir tozanjyk. Bu ägirt uly boşlukda, özümizi halas etmek üçin kimdir biriniň bize kömek etjekdigi barada yşarat ýok.
Ýer şu wagta çenli ýaşaýşy goldap bilýän ýeke-täk dünýädir. Başga gidere ýerimiz ýok - iň bolmanda ýakyn wagtda. Bolup görmek - hawa. Ömürlik galmak - entek däl. Halasagam, halamasagam: ÝER - HÄZIRLIKÇE BIZIŇ ÖÝÜMIZ.
Astronomiýa sadalygy terbiýeleýär we häsiýeti güýçlendirýär diýýärler. Belki, kiçijik dünýämiziň bu uzakdaky suratyndan başga adamyň samsyk tekepbirliginiň has gowy görkezmesi ýokdyr. Meniň pikirimçe,
bu surat biziň birek-birege has mylakatly bolmagymyza, ýeke-täk öýümiz bolan - açyk-gök nokady söýmäge bolan borjumyzy has aýdyň görkezýär...
Açyk Gök Nokat Gaýtadan, 2020ý.
"Maşgala portredi",1990ý.
23
155
olia
06.01.2023 00:12
4-NJI GÜN - BUÝSANJYŇ GÜÝJI (the power of pride)
Penşenbe güni irden auditoriýa okuwçylaryň biriniň kakasy basyp girdi. Ol öz-özüni ýitiripdi we ýagdaýyny nemeslerde gulçulykda bolandygy bilen düşündirdi we Jonsdan çagalaryň kellesini bulaşdyrmagy goýmagyny haýyş etdi. Jonsa hiç hili erbetlik ýokdygyny düşündirmek başartdy we geň ýeri Jonsy gimnaziýanyň direktory we mugallymlaryda goldady. Jonsyň özide ula gideninden gorkup başlady: okuwçylar ony diňlemek üçin başga sapaklardan gaçýardylar, mekdebi garawullap synpdaşlaryndan Tolkuny goldaýandyklaryny soraýardylar we Tolkun hakynda erbet zat aýdanlar bilen uruşýardylar. Ol synagy tizräk gutarmak niýeti bilen okuwçylara "Buýsanjyň güýjüni" düşündirdi. Auditoriýa ýygnanan 80 sany okuwça olaryň Ählihalk ýaşlar maksatnamasynyň bir bölegidigi we guramanyň maksady halkyň bähbidine syýasy üýtgeşmeleri geçirmekdigi aýdyldy. Jons:"Siz saýlananlar. Siz halkyň geljegini üýtgetmeli ýaşlar" diýdi we ýygnananlaryň Tolkunyň "üstünde" bolup "altyn ýaşlaryň" ilkinji agzalary boljakdyklaryny ynandyrdy. Ol bütin ýurt boýunça hemme etraplarda 3-nji Tolkunyň bölümleriniň döredilendigini we Anna güni günortan topar barada telewideniýede olaryň lideri we Prezidentleriniň wezipesine dalaşgär aýtjakdygyny aýtdy.
Soňra ol ata-enelerine aýdyp, Tolkuna "ikilik" eden gyzlary auditoriýadan çykarmagy buýurdy. Hiç kim bu herekede garşy çykmady, gaýtam, tersine birnäçe okuwçy olary uly höwes bilen kitaphana alyp gitdi.
5-NJI GÜN - PAŞ ETMEK
Anna güni sapagy başga ýerde geçmeli boldy - 200 adam telewizoryň ekranynda "3-nji Tolkunyň" yglan edilişini görmäge garaşyp otyrdy. Jons birnäçe tanyşlaryny mekdepde reportýorlara we suratçylara öýkünmek üçin çagyrdy.
Aktlar zalynyň merkezinde telewizor dur. Jons "žurnalistlere" nämeleri öwrenendiklerini aýtmagy soranda çagalar şygarlaryny gygyryp başlady. Ondan soňra ol telewizory ýakdy, emma ol hiç zat görkezenokdy. Mugallym telewizora seretmegi buýurdy, şonda-da hemmeler boýun boldy. Bir kän wagtdan soň garşylyk sesleri eşidilip başlanda Jons: " Hiç hili "3-nji Tolkun" ýok. Sizi ulandylar. Sizi manipulirlediler. Siz özüňizi edil Germaniýanyň raýatlary ýaly alyp bardyňyz we olardan tapawutlanmadyňyz. Özüňizi AÝRATYN hasapladyňyz. Beýle ýagdaýda nähili uzaga gidip bilersiňiz? Häzir görkezeýin" diýmek bilen telewizory ýakyp uruş ýyllarynyň kinohronikasyny görkezdi. Harby ýörişler, joşgunly mähelleler, ritual salamlaşykda elini göterýän adamlar, lagerlardaky ýaşaýyş, kazyýetde: "Men diňe buýruklary ýerine ýetirdim. Men diňe öz işimi etdim" diýýän adamlar...
Okuwçylar gaty geň galypdy. Käbiri zaldan çykyp gaçyp gitdi, käbiri aglaýardy. Käbiri nemesler ýaly däldigini we diňe eksperimente gatnaşandygy üçin bu zatlary edendigini gygyrdy. Jonsyň janpenasy Robert uly sesine aglaýardy. Ulular dymýardy. Diňe direktor ýylgyrdy: ol eksperimentiň aslynda nähili elhençdigine barybir düşünmedi. Eksperiment ýaş adamlaryň nähili aňsatlyk bilen diktatorlara eýerip, agressiw janköýerlere öwrülip biljekdiklerini görkezdi.
18
363
olia
05.01.2023 20:53
3-NJI TOLKUN: 3-NJI REÝHY TÄZEDEN DÖRETMEGIŇ UGRUNDA
Bir asyrdan gowrak wagta yza gaýdalyň. XX asyryň 30-40-njy ýyllary. Faşistik Germaniýasy. Bu ýyllarda nemes hökümetiniň alyp baran millionlarça adamyň ölümine sebäp bolan syýasaty, uruşlary, Holokost hakynda bilmeýän adam ýok bolsa gerek. Bu zatlar hakynda ýeterlikli gürrüň edilýändir. Emma bu ýerde gürrüň şol döwürki Germaniýanyň ýönekeý ýagny "parahat" ilaty hakynda. Näme üçin Germaniýanyň halky hökümetiniň alyp barýan aýylganç syýasatyny, uruşlaryny, konslagerlardaky adamlaryň durmuşyny bilse-de hiç zat etmedi? "Adamlar raýatlyk urşuny eden ýagdaýynda ölmekden gorkdy" diýip bilersiňiz. Beýle bolsa näme üçin adamlar A.Gitleri ýurduň ähli iň ýokary wezipelerine saýladylar? Näme üçin Germaniýanyň güýji has ýokary derejelere ýetmezinden ozal bu zatlaryň öňüni almadylar-da gaýtam oňa ýardam etdiler? We iň esasy sorag: Bu aýylganç wakalaryň täzeden gaýtalanmagy mümkinmi? Bu soraglaryň jogabyny tapmak "3-nji Tolkun"(3rd vawe) adyny alan synagyň baş maksady.
Synagy nirde, näme üçin, kimler bilen geçirildi?
1967-njy ýyl. Kaliforniýa ştaty, ABŞ. Taryh mugallymy Ron Jons taryh sapagynda okuwçylara diktaturanyň nämedigini düşündirýär. Okuwçylar nemesleriň nasistleri näme sebäpden goldandyklaryna düşünenok. Okuwçylar:" Hökümet adamlary aç-açan öldürýärdi ahyryn. Nädip hemmeler muňa ýöne seredip oturyp bildi? Olar gozgalaň edip Gitleri aýyrmaly ekenler" diýdiler. Okuwçylar özleri we dogan-garyndaşlary bu ýagdaýda garşy çykjakdyklaryny anyk aýtdylar, we Rondan ilatyň näme üçin beýle aýylgançlyklara göz ýumandygyny düşündirmegi soradylar. Şol pursat Jons 5 gün dowam eden we okuwçylarynyň bütin ömrüne täsir eden synagy geçirmegi karar berdi.
1-NJI GÜN - GÜÝÇ TERTIP-DÜZGÜNDE (strength in discipline)
Duşenbe güni mugallym okuwçylara tertip-düzgüniň güýjüni düşündirdi. Jons okuwçylara öwrenmek üçin has amatly bolandygy sebäpli "dogry" oturmagy buýurdy. Soňra okuwçylara birnäçe gezek ýerinden turmagy we täze ýagdaýda oturmagy buýurdy, soň bolsa olara auditoriýany terk etmegi we ýuwaşlyk bilen girip öz ýerlerinde oturmaklaryny buýurdy. Okuwçylar “oýny” haladylar we görkezmeleri höwes bilen ýerine ýetirdiler. Jones okuwçylara soraglara anyk, aýdyň we gysgaça, ýagny 3-4 sözde jogap bermegi buýurdy we hatda adatça passiw okuwçylaram gyzyklanma bilen synaga goşuldylar.
2-NJI GÜN - GÜÝÇ JEMGYÝETDE (strength in community)
Sişenbe güni Jons synpa jemgyýetiň güýjüni düşündirdi. Ol okaýanlara agzybirlikde: "Güýç düzgün-nyzamda, güýç jemgyýetde"(strength in discipline, strength in community) diýip gygyrmagy buýurdy. Okuwçylar toparynyň güýjüni görüp, aç-açan höwes bilen hereket etdiler. Sapagyň ahyrynda Jons okuwçylara biri-biri bilen duşuşanda ulanmaly "Salamlaşygyny" görkezdi - egilen sag eli egnine galdyrmak we bu hereketi "Üçünji tolkunyň salamy" diýip atlandyrdy. Synag döwründe okuwçylar bu yşarat bilen yzygiderli salamlaşýardylar.
3-NJI GÜN - HEREKEDIŇ GÜÝJI (force of action)
Çarşenbede synag geçirilýän toparyň 30 okuwçysynyň arasyna ýene-de 13 adam meýletin goşuldy we Jons olara agzalyk peteklerini bermägi karar berdi. Olara herekediň güýjüni öwretdi. Jonsyň sözlerine görä indiwidual bäsdeşlik köp ýagdaýda garaşyşyň ýaly netije bermeýär, emma köpçülik bolup hereket etmek bolsa okuwda has köp üstünlik gazanmaga kömek edip biler. Jons okuwçylara 3-nji Tolkunyň baýdagyny döretmek üçin bilelikde işlemegi, gapdallaryndaky başlangyç mekdepden 20 sany çaga "dogry" oturmagyň peýdalygyny ynandyrmagy we her kime topara anyk goşup boljak başga bir adamyň adyny aýtmagy tabşyrdy. 3 sany okuwça döredilen tertip-düzgüniň bozulmalary we 3-nji Tolkuny tankyt edýänler hakynda Jonsa ýetirip durmaklary tabşyryldy, ýöne iş ýüzünde meýletin "şugulçylyk" bilen 20-ä golaý adam meşgullandy. Okuwçylaryň biri, uly beden gurluşygy we okuwa az höwesi bilen tapawutlanýan Robert Jonsa onuň janpenasy boljakdygyny aýtdy we mekdepde hemme ýerde onuň yzynda gezdi. Synpda iň göreldeli 3 sany gyz täze ýagdaýda bilim derejeleriniň gereksizdigine gynanyp, synag hakynda ata-enelerine aýtdylar. Netijede, Jonsa ýerli rawwin (ýewreý dininiň ruhanysy) jaň etdi. Jons synpyň nasistleriň şahsyýet aýratynlyklaryny iş ýüzünde öwrenýändiklerini aýdanda ruhany Jonsyň jogaby bilen kanagatlandy, we okuwçylarynyň ata-enelerine hemme zady düşündirjekdigini aýtdy. Jons ulular tarapyndan hiç zat edilmeýändigine gaty geň galdy. Bu gün mekdebiň direktoryda Jons bilen 3-nji Tolkunyň "Salamlaşygy" bilen salamlaşdy.
Dowamy bar..
19
208