olia
05.01.2023 20:53
3-NJI TOLKUN: 3-NJI REÝHY TÄZEDEN DÖRETMEGIŇ UGRUNDA
Bir asyrdan gowrak wagta yza gaýdalyň. XX asyryň 30-40-njy ýyllary. Faşistik Germaniýasy. Bu ýyllarda nemes hökümetiniň alyp baran millionlarça adamyň ölümine sebäp bolan syýasaty, uruşlary, Holokost hakynda bilmeýän adam ýok bolsa gerek. Bu zatlar hakynda ýeterlikli gürrüň edilýändir. Emma bu ýerde gürrüň şol döwürki Germaniýanyň ýönekeý ýagny "parahat" ilaty hakynda. Näme üçin Germaniýanyň halky hökümetiniň alyp barýan aýylganç syýasatyny, uruşlaryny, konslagerlardaky adamlaryň durmuşyny bilse-de hiç zat etmedi? "Adamlar raýatlyk urşuny eden ýagdaýynda ölmekden gorkdy" diýip bilersiňiz. Beýle bolsa näme üçin adamlar A.Gitleri ýurduň ähli iň ýokary wezipelerine saýladylar? Näme üçin Germaniýanyň güýji has ýokary derejelere ýetmezinden ozal bu zatlaryň öňüni almadylar-da gaýtam oňa ýardam etdiler? We iň esasy sorag: Bu aýylganç wakalaryň täzeden gaýtalanmagy mümkinmi? Bu soraglaryň jogabyny tapmak "3-nji Tolkun"(3rd vawe) adyny alan synagyň baş maksady.

Synagy nirde, näme üçin, kimler bilen geçirildi?
1967-njy ýyl. Kaliforniýa ştaty, ABŞ. Taryh mugallymy Ron Jons taryh sapagynda okuwçylara diktaturanyň nämedigini düşündirýär. Okuwçylar nemesleriň nasistleri näme sebäpden goldandyklaryna düşünenok. Okuwçylar:" Hökümet adamlary aç-açan öldürýärdi ahyryn. Nädip hemmeler muňa ýöne seredip oturyp bildi? Olar gozgalaň edip Gitleri aýyrmaly ekenler" diýdiler. Okuwçylar özleri we dogan-garyndaşlary bu ýagdaýda garşy çykjakdyklaryny anyk aýtdylar, we Rondan ilatyň näme üçin beýle aýylgançlyklara göz ýumandygyny düşündirmegi soradylar. Şol pursat Jons 5 gün dowam eden we okuwçylarynyň bütin ömrüne täsir eden synagy geçirmegi karar berdi.

1-NJI GÜN - GÜÝÇ TERTIP-DÜZGÜNDE (strength in discipline)
Duşenbe güni mugallym okuwçylara tertip-düzgüniň güýjüni düşündirdi. Jons okuwçylara öwrenmek üçin has amatly bolandygy sebäpli "dogry" oturmagy buýurdy. Soňra okuwçylara birnäçe gezek ýerinden turmagy we täze ýagdaýda oturmagy buýurdy, soň bolsa olara auditoriýany terk etmegi we ýuwaşlyk bilen girip öz ýerlerinde oturmaklaryny buýurdy. Okuwçylar “oýny” haladylar we görkezmeleri höwes bilen ýerine ýetirdiler. Jones okuwçylara soraglara anyk, aýdyň we gysgaça, ýagny 3-4 sözde jogap bermegi buýurdy we hatda adatça passiw okuwçylaram gyzyklanma bilen synaga goşuldylar.

2-NJI GÜN - GÜÝÇ JEMGYÝETDE (strength in community)
Sişenbe güni Jons synpa jemgyýetiň güýjüni düşündirdi. Ol okaýanlara agzybirlikde: "Güýç düzgün-nyzamda, güýç jemgyýetde"(strength in discipline, strength in community) diýip gygyrmagy buýurdy. Okuwçylar toparynyň güýjüni görüp, aç-açan höwes bilen hereket etdiler. Sapagyň ahyrynda Jons okuwçylara biri-biri bilen duşuşanda ulanmaly "Salamlaşygyny" görkezdi - egilen sag eli egnine galdyrmak we bu hereketi "Üçünji tolkunyň salamy" diýip atlandyrdy. Synag döwründe okuwçylar bu yşarat bilen yzygiderli salamlaşýardylar.

3-NJI GÜN - HEREKEDIŇ GÜÝJI (force of action)
Çarşenbede synag geçirilýän toparyň 30 okuwçysynyň arasyna ýene-de 13 adam meýletin goşuldy we Jons olara agzalyk peteklerini bermägi karar berdi. Olara herekediň güýjüni öwretdi. Jonsyň sözlerine görä indiwidual bäsdeşlik köp ýagdaýda garaşyşyň ýaly netije bermeýär, emma köpçülik bolup hereket etmek bolsa okuwda has köp üstünlik gazanmaga kömek edip biler. Jons okuwçylara 3-nji Tolkunyň baýdagyny döretmek üçin bilelikde işlemegi, gapdallaryndaky başlangyç mekdepden 20 sany çaga "dogry" oturmagyň peýdalygyny ynandyrmagy we her kime topara anyk goşup boljak başga bir adamyň adyny aýtmagy tabşyrdy. 3 sany okuwça döredilen tertip-düzgüniň bozulmalary we 3-nji Tolkuny tankyt edýänler hakynda Jonsa ýetirip durmaklary tabşyryldy, ýöne iş ýüzünde meýletin "şugulçylyk" bilen 20-ä golaý adam meşgullandy. Okuwçylaryň biri, uly beden gurluşygy we okuwa az höwesi bilen tapawutlanýan Robert Jonsa onuň janpenasy boljakdygyny aýtdy we mekdepde hemme ýerde onuň yzynda gezdi. Synpda iň göreldeli 3 sany gyz täze ýagdaýda bilim derejeleriniň gereksizdigine gynanyp, synag hakynda ata-enelerine aýtdylar. Netijede, Jonsa ýerli rawwin (ýewreý dininiň ruhanysy) jaň etdi. Jons synpyň nasistleriň şahsyýet aýratynlyklaryny iş ýüzünde öwrenýändiklerini aýdanda ruhany Jonsyň jogaby bilen kanagatlandy, we okuwçylarynyň ata-enelerine hemme zady düşündirjekdigini aýtdy. Jons ulular tarapyndan hiç zat edilmeýändigine gaty geň galdy. Bu gün mekdebiň direktoryda Jons bilen 3-nji Tolkunyň "Salamlaşygy" bilen salamlaşdy.

Dowamy bar..
19
208
Maýa06
6 Yanwar 2023
olia,köp köp sag bol menem şunuň ýaly birini okapdym ýöne onuň soňuna ýetmediler howpluduguna göz ýetirip derrew eksperimenti goýbolsun etdiler
olia
6 Yanwar 2023
Maýa06,paylashdym dowamyny
Maýa06
5 Yanwar 2023
Yzyna hökman garaşýan
Maýa06
5 Yanwar 2023
Menem okapdym şular ýaly üýtgeşik tejribeleri adamlaryň üstünde haýwanlaryň üstünde
olia
5 Yanwar 2023
dream_,internetde kän. Wikipediadada bar. Kinosyda bar nemesler düşüreni "Эксперимент 2: волна" diýip soňam amerikanlaryňky "Lesson plan"
ideallider
5 Yanwar 2023
Ýalňyşmasam gizlin sektalar hem şeýdip döreýär. Beýle sektalara goşulup patriotizm etjek bolaýmaň, ahyrda aýyplarlar. Sebäbi adaty raýatyň patriotlyga hak-hukugy ýok.
Relax
5 Yanwar 2023
olia, aýdara zat köp ýöne ýeri däl....
olia
5 Yanwar 2023
Relax, howwa. Gynansakda hatda hazirki dowurdede adamlaryn, kopculigin psihologiyasy bilen oynap hemme zat etdirip bolar
olia
5 Yanwar 2023
Okamaga ýaltanmadyklardan kiçijek haýyş: teswirlerde şahsy pikiriňizi paýlaşyň. Ertir eksperimentiň netijelerini paýlaşmakçy we hemmeleriň bu baradaky pikirini bilmek gyzykly. Posty paýlaşmakda niýetim: şeýle aýylganç wakalaryň özüni almagyň ýeke usuly:BILMEK
λιοη
5 Yanwar 2023
👍👍👍👍👍👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.