Açyk Gök Nokat (Pale Blue Dot)
"Açyk Gök Nokat" - biziň planetamyzyň "Voyager 1" kosmos zondy tarapyndan edilen suraty bolup, ol biziň Öýümiziň iň uzak aralykdan düşürilen suratydyr. Suraty düşürmek we oňa bu ady goýmak pikirini Karl Sagan tapypdyr, we 1994-nji ýylda şol at bilen kitap hem ýazypdyr.
1990-njy ýylyň 14-nji fewralynda NASA şol wagta çenli öz asyl missiýasyny tamamlan zonda yzyna öwrülip, Gün sistemasynyň planetalarynyň suratyny almagy buýurdy.
K.Sagan öz kitabynda suratyň Ýerden 5,9 milliard km uzaklykdan düşürilendigini belläp geçýär. Şeýle-de surat bize 5,5 sagadyň içinde gelipdir.
Sag tarapdaky goňur reňkli çyzygyň ortasyndaky kiçijik nokat, 6 milliard uzaklykdaky Ýerdir.
Karl Saganyň 1990-njy ýylyň 14-nji maýyndaky çykyşyndan:
Bu nokada ýene bir gezek göz aýlaň. Biz bu ýerde. Bu biziň öýümiz. Bu biz. Söýýänleriňiziň hemmesi, tanaýanlaryňyzyň hemmesi, şu wagta çenli ýeke gezek hem bolsa adyny eşidenleriňiz, ýaşap geçenleriň hemmesi şu nokatda ýaşady. Köp lezzetlerimiz we görgülerimiz, müňlerçe özüne ynamly dinler, ideologiýalar we ykdysady taglymatlar, her bir awçy we ýygnaýjy, her bir gahryman we gorkak, siwilizasiýalary gurýanlar we ýok edijiler, her bir patyşa we daýhan, aşyk bolan her bir jübüt, her bir ene we her bir ata, her bir başarnykly çaga, her bir oýlap tapyjy we syýahatçy, her bir ahlakly, her bir aldawçy syýasatçy, her bir "super ýyldyz", her "beýik lider", adamzadyň taryhynda her keramatly we günäkär BU ÝERDE - Gün şöhlesinde "asylyp duran" bir nokatda ýaşady.
Ýer - älem giňişliginde gaty kiçi sahna. Nokatjygyň bir böleginiň az wagtlyk eýesi bolup, ýeňşiň we triumfyň az wagtlyk şöhlelerine çoýunmak üçin hemme generallaryň we imperatorlaryň gandan döreden derýalary hakynda pikir ediň. Bu nokadyň bir burçunyň ýaşaýjylarynyň başga bir burçuň hiç hili tapawutsyz ýaşaýjylaryna eden tükeniksiz zalymlyklary hakynda pikir ediň. Aralaryndaky ýygy-ýygydan bolan düşünişmezlikler, biri-birini öldürmäge bolan islegleri, ýigrenjiniň näderejede gyzgyndygy hakynda...
Barlygymyz, göz öňüne getiren ähmiýetimiz, älemdäki "artykmaç" statusymyz hakyndaky pikir - bularyň hemmesi şu nokadyň ýanynda ýatdan çykýar. Planetamyz töweregindäki kosmiki garaňkylykda diňe bir tozanjyk. Bu ägirt uly boşlukda, özümizi halas etmek üçin kimdir biriniň bize kömek etjekdigi barada yşarat ýok.
Ýer şu wagta çenli ýaşaýşy goldap bilýän ýeke-täk dünýädir. Başga gidere ýerimiz ýok - iň bolmanda ýakyn wagtda. Bolup görmek - hawa. Ömürlik galmak - entek däl. Halasagam, halamasagam: ÝER - HÄZIRLIKÇE BIZIŇ ÖÝÜMIZ.
Astronomiýa sadalygy terbiýeleýär we häsiýeti güýçlendirýär diýýärler. Belki, kiçijik dünýämiziň bu uzakdaky suratyndan başga adamyň samsyk tekepbirliginiň has gowy görkezmesi ýokdyr. Meniň pikirimçe,
bu surat biziň birek-birege has mylakatly bolmagymyza, ýeke-täk öýümiz bolan - açyk-gök nokady söýmäge bolan borjumyzy has aýdyň görkezýär...
Açyk Gök Nokat Gaýtadan, 2020ý.
"Maşgala portredi",1990ý.