olia
15.01.2023 12:01

1. Ideal adam ýokdur. Her kim bir zady oňaranok ýa-da bir zatda şowsuzlyga uçraýandyr. Üstünligiň syry ýönekeý: ýykylan pursatlaryňdan ýokary galan pursatlaryň köp bolsun.
#gysgaçabellik

2. Özüňi syla. Başgalaryň pikiri saňa täsir etmeli däldir. Özüňi diňlemegi başar we gowy taraplaryňy ýa-da üstünde işlenilmegini talap edýän erbet taraplaryňy özüň kesgitlemegi öwren.


3. Başgalara laýyk bolmagyň yzynda özüňiň hakykylygyňy ýitirme. Durmuş - syýahat: bu syýahatda hemmelere ýaranmak üçin olaryň standartyna görä ýaşamagy ýa-da öz islegiňe görä ýaşamagy diňe özüň çözmelisiň.


4. Zatlar seni diňe wagtlaýyn bagtly edip biler. Has wajyp zat - ýatlamalar. Haçan-da Manhettanda ýa-da Nissada gezelenç edýärkäň eliňdäki telefonyň bahasy wajyp däl.


5. Köp mekdep dostlaryň mekdebiň gutarmagy bilen ýitirim bolup gidýärler. Eger olaryň iň bolmanda biri bilen aragatnaşyk saklamak miýesser etse, ol hazynany gora.


6. Ilkinji söýgi hökman ömürlik däldir. Adamlar ulalýarlar we olaryň durmuş ýoly üýtgäp biler. Şowsuz gatnaşyklary sapak edin, emma hiç haçan söýgä bolan ynamyňy ýitirme.


7. Adamy ýakyndan tanamak isleseň onuň haýwanlara bolan gatnaşygyna üns ber. Mähirli, mylakatly adam gaýtargy berip bilmejek kiçijik jandary hiç wagt ynjytmaz.


33
186
olia
16 Yanwar 2023
AýgülÝazweliýewa,gep halamazlygyn sebabinde dal gep halamazlygyny nahili gorkezishinde. Halamasanam degmezlik bashga halamadym diyip urmak bashga
ideallider
16 Yanwar 2023
Gyzykly👍
AýgülÝazweliýewa
16 Yanwar 2023
olia, näme sebäpden halamaýanyň tapawutly bolup biler. Her kimde üýtgeşik sebäbe görä halamazlyk bolup biler we siziň we beýleki adamyň ite garaýşam şoň ýaly )
Myhman Myhman
15 Yanwar 2023
5 nji haladym gaty dogry zatda
olia
15 Yanwar 2023
AýgülÝazweliýewa,halaman bolar. Menem itleri halamok hatda gorkýan ýone halamok diýip urup depip degmedik halyna kowup ýöremoga😌 şo manyda ynjytmak
olia
15 Yanwar 2023
k_25n,nahili düşünseň şeýle düşün
AýgülÝazweliýewa
15 Yanwar 2023
Käbirleri haýwanlary halaman biler ahyry🤔
Maýa06
15 Yanwar 2023
Gowy post bolupdyr ☺️👍🏻
okayjy
15 Yanwar 2023
Post 👍👍👍👌
Marýam
15 Yanwar 2023
Gowy post👍😊
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.