Geçen asyryň ýa-da ondan öňki asyrlaryň adamlarynyň ulanan zatlaryny hakykylygynda görmek hemmeler üçin-de
gyzykly bolsa gerek. Öz gezeginde geljekki nesillerimize-de biziň ulanan enjamlarymyzy görmek has gyzykly bolar. Şeýle pikir bilen 1940-njy ýylda ABŞ-nyň Djorjiýa ştatynyň Ogltorp uniwersitetinde "Siwilizasiýanyň Kriptasy"(Crypt of Сivilization) diýlip atlandyrylan wagt kapsulasy döredildi. Ony 8113-nji(!!!) ýylda açmaly...
Siwilizasiýanyň Kriptasyny döretmek pikiri nädip döredi?
Kriptany döretmek pikiri ilkinji gezek Ogltorp uniwersitetiniň şol wagtky rektory, häzirki wagtda "wagt kapsulalarynyň atasy" diýlip tanalýan Tornuell Džeýkobsyň kellesine geldi. 1920-nji ýylda Müsürde Faraon Tutanhamonyň aramgähi açylanda şol döwrüň taryhy barada bahasyna ýetip bolmajak maglumatlar tapylypdy. 1936-njy ýylda bu wakalardan ylham alan Tornuell öz gezeginde geljekki nesiller üçin-de şeýle maglumatlary goýmak kararyna geldi. Müsürlileriň ilkinji ygtybarly resminamalaşdyrylan senesi b.e. öňki 4241-nji ýyl (gadymy Müsür senenamasynyň başlangyjy) we 1936-njy ýylyň aralygyndaky wagty hasaplap, Tornuell Kriptany näçe wagta möhürlejekdigini kesgitledi - 6177 ýyl.
Kriptanyň ýygnalmagy we möhürlenmegi.
1937-nji ýylda NBC radiosynda Džeýkobs Siwilizasiýanyň Kriptasyny döretmek taslamasyny bütin ýurda yglan etdi. 1939-njy ýylda Kriptanyň taslamasy içinde goýuljak zatlar bilen Nýu-Ýorkda Bütindünýä sergisinde görkezildi; bu ýerde ilkinji gezek "wagt kapsulasy" diýlen termin ýüze çykaryldy. 1940-njy ýylyň 15-nji maýynda Tornuell Džeýkobs we kinoprodýuser, kinooperator, oýlap tapyjy Tomas Piters birnäçe döwlet işgärleriniň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda Kriptany möhürlediler.
Siwilizasiýanyň Kriptasy Ogltorp uniwersitetiniň çägindäki Phoebe Hearst Memorial Hall binasynyň ýerzemininde(öňki basseýniň ornunda), Appalaç daglarynyň granitli ýerinde ýerleşýär. Kriptanyň göwrümi 20×10×10 fut bolup, onuň üsti galyňlygy 2metrdan, aşagy galyňlygy 0,6metrdan gowrak daş gatlagy bilen örtülen. Kripta möhürlenende içindäki ähli howa çykarylyp, inert gazy bilen çalşyrylan. Poslamaýan polatdan ýasalan gapysy kebşirlenen, we oňa Džeýkobsyň geljekki nesillere ýüzlenmesi we Pitersyň döreden, Kripta girjeklere iňlis dilini öwredip biljek "dil integratory" ýerleşdirilen.
Siwilizasiýanyň Kriptasynyň içinde nämeler bar?
-asetilsellýuloz plýonkada ýazylan jemi 640000 sahypa golaý bolan 800-den gowrak kitap(Kuran, Injil, Gomeriň "Illiadasy", Dante Aligýeriniň "Dowzahy" we ş.m.);
-kinoprodýuser Dewid Selznigiň bermegi bilen "Şemal bilen äkidilenler"("Gone with the wind") kinofilminiň hakyky senariýasy;
-A.Gitleriň, I.Staliniň, B.Mussolininiň, F.Ruzweltiň ses ýazgylary, Arti Şounyň käbir aýdymlary;
-tehniki enjamlardan: mikrofilmleri okamak üçin apparat, suratlary görmek üçin proýektor, toster, radio, ýazyjy enjam, kassa apparady we bu zatlaryň ählisini işletmek üçin akýan suwdan energiýa alýan generator, eger-de 8113-nji ýylda tok biziň bilşimiz ýaly görnuşde bolmadyk ýagdaýynda mikrofilmleri okamak üçin 7 esse ulaldyjy lupa;
-däneleriň görnuşleri;
-ýörite usulda guýlan Budweiser piwosy;
- Donald Duсkyň plastik oýunjagy;
-üýtgeşik zatlardan: aýal ýantorbasynyň içindäkiler, emeli dyrnaklaryň we kirpikleriň toplumy, oýun kartasynyň toplumy, plastik guş, 2 sany maneken(aýal we erkek), plastik fleýta, diş arassalaýjy sapak, gara tenli gurjak...;
-Kripta goýlan iň soňky zatlaryň biri dowam edýän 2-nji Jahan Urşy barada gürrüň berýän The Atlanta Journal-Constitution žurnalynyň polatdan ýasalan görnüşi boldy.
Käbir artefaktlaryň Şwed koroly Gustaw V we Eastman Kodak kompaniýasy tarapyndan meýletin berlendigi bellärliklidir. Şeýle-de Kriptanyň ogurlyk maksady bilen wagtyndan öň açylmagynyň öňüni almak üçin içinde gymmat bahaly zatlar, şaý-sepler ýokdur.