Şöhratdan gaçýan adamyny şöhrat beýgeldýär. Şöhrady özi kowalap tutjak bolýany şöhrat biabraý edýär.
Emeli ýol bilen gazanylýan şöhrat diňe ony gazanjak bolýana görünýär. Hakyky şöhrat bolsa şöhrat eýesine däl-de, ile görünýär.
Geniý öz geniligine akyl ýetirmäge ukypsyz bolsa-da, geniý däl adam özüniň geniý däldigine akyl ýetirjek bolmaly.
Türkmenler “Suw getirenem bir, küýze döwenem” diýýärler. Özbeklerde “Suw ketirgen har, küýze döwgen zur” diýilýär. Elbetde, özbekleriňki has güýçli. Meniň Gojuk obamda “Suw getiren har, küýze döwen şir” diýilýär.
Her kim her zat diýse-de, suw getiren bilen küýze döweniň hersine mynasyp baha berilmeýäni üçinem abat küýzeleri döwüşdirip ýörmeli däl.
Ýaň diýilýän zadyň öz sesi bolmaýar.Ol diňe başga sesi gaýtalap bilýär. DURMUŞDA-DA TÄ ÖMRI ÖTÝÄNÇÄ, BAŞGALARYŇ PIKIRINI GAÝTALAP ÝÖRENLER BAR(belki özümizem şeýlediris).
Iň güýçli hem weýran ediji ýaraglary iň akyldar adamlar oýlap tapýarlar.Ýöne ol ýaraglar akylly adamlar döredeni üçin howply däl-de, olary akmaklaryňam herekede getirip blljekdikleri üçin howply.
"Kyrk ýylda ýazylan kitap" A.Tagan