SAGATÇYLARYŇ DILDÜWŞÜK TEORIÝASY
Dildüwşük teoriýalary gülkünç, geň ýa-da ynanyp bolmaz derejede-de bolup biler. Meselem, "Bütindünýä sagatçylaryň dildüwşük teoriýasy". Bu teoriýa ynanýanlar öz pikirini mahabatlardaky ähli sagatlar 10:10 wagty görkezýändigi bilen subut etjek bolýarlar. Aslynda, bu marketing hilesinde näme üýtgeşik zat bar? Şeýle-de bolsa, dildüwşük teoretikleri siwilizasiýanyň taryhynda bolup geçen belli bir öwrüm barada diňe sagat öndürijileriniň bilýändigini we şeýlelik bilen bize duýduryş bermäge synanyşýandyklaryny öňe sürýärler. Ilkinji nobatda, elbetde, dünýäniň soňuny ýatlaýarlar...
Mahabatlardaky sagatlaryň dili barada ýazyjy Den Braunyň hem öz pikiri bar: sagadyň dilleri geçen asyra degişli bolan antifaşistik guramanyň özleriniň entägem barlygyny duýdurmagy. 10:10 görnüşde duran sagadyň dilleri 115 gradusly burçy emele getirýär, +115°С antifriziň gaýnaýan temperaturasy. Antifriz bolsa öz gezeginde 2-nji jahan urşy ýyllarynda Ýewropada hereket eden "Antifris" guramasynyň ady bilen meňzeş. Feministleriň hem bu barada öz pikiri bar: dilleriň bu ýagdaýy "aýal jyns gatnaşyklaryndan peýdalanmagy" alamatlandyrýar. Dogrusy, bu teoriýany oýlap tapanlaryň özlerem beýle pikirini düşündirip bilenok.
Emma bu düşündirişler zerur hem däl, sebäbi 10:10-ny görkezýän dilleriň ýagdaýy aslynda ýönekeý şäher rowaýaty. Öndürijileriň hemmeside "dildüwşüge" boýun egmeýärler. Sagat dilleriniň 10:10 görkezýän ýagdaýlarynda jogap adaty mahabatda. Adatça öndüriji kompaniýanyň nyşany önümiň ýokarky böleginde ýerleşýär we diller ony gizlemezligi üçin şeýle ýerleşdirilýär.