olia
28.01.2023 09:55
GARANTGA BÜRENME
Ynsanlaryň hal-ýagdaýy bilen gyzyklanýan
bilermenleriň aýtmaklaryna görä, “Zeminiň 97 göterim adamy öz arzuwy bilen däl-de, başga biriniň arzuwyny hasyl etmek üçin ýaşaýar”. Mysal hökmünde käbir zatlary ýatlalyň: Kerim inženerçilik fakultetine okuwa girdi, sebäbi kakasy onuň inžener bolmagyny isleýär.Aly ejesiniň tapyp beren gyzyna öýlendi, çünki ejesi diňe şol gyz ogluny bagtly edip biler diýýär. Mazen söwda-satyga güýmenýär, ýogsam ol bu pişäni asla halanok, ýöne bu onuň öňündäki ýeke-täk çykalgasy, hereket edip biljek meýdanymyş, sebäbi ol kakasynyň
hasabyna ýaşamakdan, zol-zol ondan pul
sorap ýörmekden bizar bolupdyr. Ýogsam
Mazen bu wagt 25 ýaşynda.

Psihologlara gelýän, maslahat sorap ýazylan hatlaryň agramly böleginde: “Durmuşda nämeler etmek isleýändigime düşünip bilemok?!” diýen şol bir sowal
gaýtalanýar. Sowalyň täsindigine garamazdan, bu biziň günlerimizde giňden ýaýran sowaldyr. Ýigitlik müçesine gadam basan adam ömrüniň nirede geçýändigini, nämede geçýändigini, esasanam nähili geçýändigini bilmeýän bolsa, onuň galan ömrüni hem bihuda geçirmegi mümkin. Megerem, olaryň daş-töweregindäki ýagdaý, dünýä habarlary öz geljeklerini has dogry röwüşde ýola goýmaga pursat beren däldir.

Şeýle adamlar bilen söhbetdeşlige hemişe şu sözler bilen başlaýaryn: “Öz arzuwyň bilen ýaşa! Garantgalara duwlanma, özgeleriň arzuwyna bürenme!” diýýärin. Eger-de olaryň biri: “Öz arzuwyň bilen ýaşamak näme bolýar, men öz arzuwlarym bilen nähili ýaşamaly diýäýse?”... oňa ilkinji nobatda, hökman biläýmeli iki sany wajyp zadyň birini ýatladýaryn: “Ilki bilen, hasyl etmek isleýän arzuwyň näme — şony kesgitle. Soňra sen bu arzuwyňy hormatla, ony hasyl etmäge giriş. Beýik maksadyň barka, ony diňe ýürekde göterip ýörmek we ugrunda alada-yhlas etmezlik özüňi, öz arzuwlaryňy sylamazlygyň bir görnüşidir. Haçanda sen öz maksat-matlaplaryňa berlip başlanyňda, diňe şondan soň şol arzuwy hasyl eder ýaly mümkinçilik we pursat ýüze çykyp başlar. Galany wagtyň işi».

Geljegiň nähili bolmagyny göz öňüne getirýän bolsaň, arzuw-hyýallaryňy, maksatlaryňy, islegleriňi şoňa kybap saýla, şoňa laýyk taýýarla! Seniň şu wagtky arzuw-maksatlaryň— seniň geljekki ykbalyň, has gönümel aýtsam, seniň geljekki özüň. Ýüregiňe düwen zadyňa ynan, olary hasyl etmek üçin özüňden
bitýän zatlary ýerine ýetir, berjaý et. Nähili
bolmagyny isleýän bolsaň, şoňa muwapyk
hereket et.

Mundan buýana, heniz pikiriňi aýtmankaň,
razylygyny ýa-da nägileligini görmek üçin
gözüň bir ujy bilen özgeleriň näme diýerine
garaşyp durmak gerek däl. Maksatlaryňy
goldamajak jogaplary sözlük goruňdan aýryp taşla. Şeýle hem öz arzuwlaryňy
ikirjiňlenmeler bilen özüň inkär etme!

Her bir zat babatda seniň öz şahsy pikiriň, öz garaýşyň bolsun. Hususanda, hut öz
durmuşyňa, geljegiňe dahylly bolsa, öz
pikirleriňi, oý-hyýallaryňy göz ýummazdan,
çekinmezden, dogumlylyk, arkaýynlyk bilen
aýt. Mertebäňi peseltmezden bu meseläni
çözmäge arkaýyn girişip bilersiň. Ýol ugrunda ýüze çykan, käteler büdreden hatalaryňy we säwlikleriňi hem düzedip bilersiň. Maňa ynan, öz saýlan zadyňda ýalňyşmak lezzeti, seniň üçin beýlekileriň saýlan zatlaryndaky dogrulyk bagtyndan, tagamyndan has ýokarydyr.

Gynansakda, öz geýjek eşigini özbaşdak
saýlamaýan käbir adamlary tanaýaryn. Oňa gelişýän ýa-da gelişmeýän, ýaraşýan ýa-da ýaraşmaýan zatlary maşgalasy ýa-da dostlary salgy berýärler, “saňa şu gelişýär” diýip görkezýärler. Geýjek köwşüni özi saýlap bilmeýän adam, öz ýörejek ýoluny neneňsi saýlasyn?

Durmuşy öz arzuwlary bilen ýaşaýan adamyň durmuşy örän gyzykly. Mahlasy, başga adamyň arzuwy bilen döwran sürjek bolma. Özüň bolup ýaşa, öz arzuwlaryň bilen ýaşa!

Seniň durmuşyň öz islegleriň esasynda gurnalan bolsun. Arzuw-maksat babatda hergiz az zada — ownuk arzuwa kanagat etmegin. Şahyrlaryň birinde şeýle sözler bar: “Has köp zady amal edip bilýärkä, az zat bilen kanagat edip oturmak, ynsan üçin iň uly aýypdyr”.

Her bir zat hakynda öz pikiriň, garaýşyň, öz
maksadyň, arzuwyň bolsun. Sen daş-
töweregiňi synla, köpçülikden nusga al,
ene-atalaryň öwüt-ündewlerine gulak as, ýöne öz arzuwlaryň bilen ýaşa. Bu özüňi açmagyň, seniň hem bu dünýä üçin özboluşly bir nygmatdygyňy bildirmegiň iň ygtybarly ýoludyr.

"Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary" Kerim aş-Şazili
Arap dilinden terjime eden: R.Gylyjow
19
139
olia
27.01.2023 21:01
"HOLOKOSTY UNUTMAK MILLIONLARÇA ADAMLARY ÝENE BIR GEZEK ÖLDÜRMEKDIR"
Holokost

Bu gün, 27-nji ýanwarda Bütin dünýäde Halkara Holokosty ýatlamak güni bellenilýär. Bu ýatlama güni BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2005-nji ýylyň 1-nji noýabrynda 60/7 karary bilen tassyklandy.


1945-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda faşistleriň konslagerleriniň ilkinjisi we iň ulusy bolan Auşwis-Birkenau ýa-da polýak dilindäki ady bilen tanalýan Oswensim konslageri sowet esgerleri tarapyndan azat edildi. Ýewropadaky iň uly konslager bolan Oswensim Holokostyň nyşanyna öwrüldi.

Oswensim bilen birlikde beýleki faşistik ölüm lagerleri hem belli - Buçenwald, Daçau, Treblinka, Sobibor, Majdanek, Rawensbrýuk, Mauthauzen, Salaspils. Olaryň köpüsi Germaniýanyň çäginde, käbirleri Polşada, Baltika ýurtlarynda, Belarusda ýerleşýärdi.


Häzirki zaman manysynda Holokost Ikinji jahan urşy döwründe ýewreý halkynyň, slawýanlaryň, syganlaryň, akyl we beden taýdan kemçilikli adamlaryň faşistler tarapyndan bilkastlaýyn we yzygiderli yzarlanmagy we ýok edilmegidir. Bu maksat bilen, Üçünji Reýhde ýörite ulgam işlenip düzüldi, Germaniýada we onuň basyp alan ýerlerinde döredilen ölüm lagerleri bolsa onuň bir bölegidi. Lagerlarda zalym we adamkärçiliksiz lukmançylyk synaglary geçirilip, adamlary ýok etmek tehnologiýasy yzygiderli kämilleşdirildi.

6 million töweregi ýewreý Holokostyň pidasy boldy. Millionlarça söweş ýesiri we parahat ilat ölüm lagerlerinde öldürildi...


Halkara Holokosty ýatlamak güni, ähli adamlara garşy gönükdirilen zorlukly hereketlere sebäp bolup biljek anti-semitizme, jynsparazlyga we beýleki çydamsyzlyga garşy göreşmek baradaky üýtgewsiz ygrarlylygy ýatlatmak üçin niýetlenendir.

24
175
olia
26.01.2023 00:06
Dünýä milletleriniň aýakgaplary.

1.Paduki - üsti açyk aýakgap bolup, ol 5 müň ýyl mundan ozal döredilipdir. Bu aýakgap Hindistanda häzir hem geýilýär. Aýakgabyň özi-de hatda onuň galdyran yzyda iudizm dininde keramatly hasaplanýar.
Aýakgaplar

2.Bu çaga sandaliýalarynyň tikilenine 3 müň ýyl bolupdyr. Gadymy Müsürden tapylan.


3.Namaşkin - gadymy suw ädikleri. Bu agaçdan ýasalan koreý aýakgaby ýagyşly howada geýmäge niýetlenen bolup, b.e.öňki 220-280-nji ýyllardan bäri bar.


4.Çopinlaryň eýesiniň ýokary statusyny görkezýändigine garamazdan, olary köýnegiň aşagynda ýygşyrmak däp bolupdyr. Bu aýakgaby abraýsyz aýal maşgalalar geýýär diýlip hasaplansa-da, örän meşhur bolupdyr. XVI-XVII asyrlar, Italiýa.


5.Koturnlar - gadymy Rimlileriň sahna aýakgaby bolup, ony tragediýalaryň aktýorlary uzyn görünmek üçin geýipdir. Penzadaky ülkäni öwreniş muzeýinde saklanýan nusga.


6. Flip-flop dabanly tüfliler - XVII asyryň labutenlary. Köwşüň ökjesi şol döwürler üçin belendräk bolandygyna görä ol iň soňky moda görä geýinýänler üçin bolupdyr.


7.Hammam sabolary öl polda ýykylmazlyk üçin geýlipdir we eýesiniň ýokary statuslydygyny görkezipdir. Ýöräniňde tyrkyldaýandygy üçin olar "kabkab" adyny alypdyr. 1800-1850-nji ýyllar, Türkiýe.


8. Eliň aýasyna sygjak tüfli-lotoslary hytaýly aýallar geýipdir. Hytaýlylarda aýallaryň aýagynyň tebigy ululygy gelşiksiz hasaplanypdyr we aýaklary ösmezligi üçin çagalykdan daňylypdyr. 1800-1943-nji ýyllar, Hytaý.


9. 200 ýyl mundan ozal aýallar diňe gapdal eýere münüpdirler, ýogsam bu biabraýlyk hasaplanypdyr. Aýakgap görnüşindäki aýlawlar bolsa, aýagyňy goýmak üçin ulanylypdyr. XVIII asyr, Peru.


10. Mançžuriýalylaryň platformaly-tüflileri. Olar aýallarda asyllylyk döredýär diýlipdir. Tüflini gymmatbahaly daşlar bilen bezäp, başardygyňdan görkezmek däp bolupdyr.1800-nji ýyllaryň ortalary, Hytaý.


11. Jaňjagazly sabo öýde geýmek üçin niýetlenipdir. Siriýa göçüp giden ermeni aýalyna degişli bolan nusga, XIX asyryň soňlary.


12. Uzyn ädikler. XIX asyryň soňlary, Şwesiýa ýa-da Germaniýa.


13. Geň görünse-de, bu-da aýakgap. Bu agaç sandaliýalary, Witularyň soltany Fumo Omarinyňky bolan bolmagy ahmal. XIX asyr, Keniýa.


14. Klomplar - gollandlaryň milli agaçdan ýasalan aýakgaby. Käbir fermerler we bagbanlar olary häzirki döwürde-de geýýär. 1948ý, Niderlandiýa.


15. Içigi - deriden edilen we ýuka dabanly ädik bolup, aýallara we erkeklere öýde geýmek üçin niýetlenipdir. 1900-njy ýyllar, Gazagystan.


16. Inçejik altyn sapak bilen nagyşlanan mokassinalar. 1900-1930-njy ýyllar, Päkistan.


17. Erkekler şeýle sabolary agajyň uly böleginden oýup ýasapdyrlar we gelinliklerine wepalylygyň nyşany hökmünde sowgat beripdirler. Aýakgabyň ujy näçe uzyn bolsa, şonça-da duýgylar güýçli hasaplanypdyr. XX asyryň başlary, Fransiýa.


18. Fransiýanyň iň meşhur ädikçisi Žan-Lui Fransua Pinenyň elde nagyşlan ädigi. XIX asyryň soňlary, Fransiýa.


19. Erkekleriň toý ädikleri. Günorta Morawiýa (Çehiýanyň çäkleri).


20. Ullakan pomponly sandaliýalar - waýýu taýpasynyň ýagny, Demirgazyk Wenesuelanyň we Kolumbiýanyň ýerli halkynyň milli aýakgaby, 1980ý.
23
262
olia
25.01.2023 09:50
AHYRYNDA KIM BOLARYN...
Hemmelerden hemişe gizlemek isleýän bir
zadym bar, emma her zada garamazdan ol
mende bar!
Men size özüňe göwniýetijilik, magrurlyk,
şöhratparazlyk, ada kowalaşmak hakda gürrüň bermek isleýärin.
Eden işlerime, jaýdar aýdan sözlerime ýa-da köpleriň göwnüne ýaran çykyşlarym üçin öz ýanymdan monça bolan gezeklerim örän kändir.
Ähli ukyp-başarnygy, üstünligi, şowlulygy bir Allanyň berýändigini anyk bilip durun, ýöne nebsiň hökümi zory, haý-höwesleriň aldaýjy hile-pirimleri hem bir ýanyňdan galanok.
Käwagtlar özbaşyma oturýan-da, oýlanmalara çümýärin, özümden soraýaryn: Gara ýeriň gujagynda, gör, nijeme adam bar, menden öň bu ýerlerde at segredip gezenler, menden has güýçli bolanlar... onlarça.. ýüzlerçe, müňlerçe..
millionlarça..
Erkekler we zenanlar.. çagalar we garrylar...
baýlar we garyplar.. möminler we asylar... bizi badyhowa şöhrata odukdyrýan, iterýän sebäp näme?
Özüňdäki akyl-üşügi iliňkiden artykdyr öýdüp, gollaryňy ganaty petekesine sygmaýan guşlar kibi gabardyp ýöremek, özgelere äsgermezlik bilen bakmak, ulumsy gezmek, şöhrata kowalaşmak tebigatyň oňlamaýan, makullamaýan häsiýetidir.
Aýratyn ýazgylar depderçämde, şu sözleri
belläp goýupdyryn: “Müsürlileriň Faraona
ybadat etmekleri geň zat däl. Iň geň ýeri
Faraonyň özüne hakykatdan-da hudaýdyryn öýtmesi... Nejip Mahfuz”.


"Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary" Kerim aş-Şazili
Arap dilinden terjime eden: R.Gylyjow
23
165
olia
24.01.2023 10:46
Google-da soralan iň samsyk soraglar:

Hindistanda:
•ýagyşly howada ölmek;
•pil bilen syýasat hakynda gürleşmek;
•ýer bilen gürleşmek;
•agzyň bilen doňdurma iýmek;
gadaganmy?

Ýaponiýada:
•semiz bolmak;
•musulman bolmak;
gadaganmy?

ABŞ-da:
•gök-önüm ekmek;
•özüňi öldürmek;
•Kianu Riwzy ýigrenmek;
•kömelek ýygnamak;
gadaganmy?

Nädip:
•terezide kelläňi ölçemeli?
•gije bildirmezden sowadyjydan nahar iýmeli?
•ýyrtygyňy tikmeli?
•pişige onuň ýalňyşýandygyny düşündirmeli?
•pişige öý onuňky däldigini düşündirmeli?
•wampir bolmaly?
•şa gyzy bolmaly?
•wagtda syýahat etmeli?
•öý şertlerinde atom bombasyny ýasamaly?

Näme üçin men:
•beýle samsyk?
•ýeke?
•horlanyp bilemok?
•ZAGS-da "razy" diýdim?

Başga soraglar:
•iň meşhur sögünç sözi haýsy?
•holodes hakynda goşgy?
•adamyň jesediniň bahasy näçe?
•men nä dereje owadan?
•haýsy piwo has peýdaly?
•ýaponlary hytaýlylardan nädip tapawutlandyrmaly?
•siňek dynç almazdan näçe aralyga uçup biler?
•Moskwadaky kwartira tagamly çupa-çups?
•adam okgeçmejek bolmak üçin nä derejede semiz bolmaly?
•smasyklaryň arasynda nädip diri galmaly?
•MEN KIM?🤦

Bellik: rus dilinden terjime edildi.
25
197
olia
23.01.2023 20:34
Bagt näme?

-Oglanjyk, sen heý bir wagt bagtly bolup gördüňmi?
Iki sany hersi dokuz ýaşly bolan ýaşyl gözler haýalladylan kadrdaky ýaly az-azdan ulaldy...
-Men bilemok..
Ol şeýle bir assa jogap berdi welin täzeden soradym.
- Men çagalar bilen beýle zatlar barada gürrüň edilenokdyr öýdüpdim..
-Onda çagalar bilen näme hakynda gürleşmeli?
-Bahalaryň barada, özüňi alyp barşyň barada..
-Düşnükli. Ýöne her niçigem bolsa synanyşyp göreli... Bagt hakynda näme diýersiň?..
Oglanjyk köp wagt dymdy we ýene-de assajykdan jogap berdi:
-Bir gezek enem geldi we maňa alma getirdi. Men oňa matematikadan 3 alandygym üçin belki-de maňa alma iýmek bolmaýandygyny aýtdym... Haçan-da erbet okanymda maňa süýji we miwe berenoklar.. Enem bolsa meni gujaklap güldi we almany meni söýýändigi üçin berenini, bahalaryň bolsa her dürli bolup biljekdigini aýtdy.. Almalar örän süýjidi. We men ilkinji gezek alma iýenimde tolgunmadym. Men şol pursat bagtlydym diýip bilerinmi?..
Men dymdym, sebäbi şol pursatda maňa gürlemek kyn düşdi... Emma bagtyň siziň bilen diňe bahalar we gowy gylyk-häsiýetler hakynda gürleşilmedik wagtydygyny anyk bilýärin ...
Bagt seni gujaklanlarynda...
Şertsiz söýginiň iň bolmanda ýekeje çeşmesi bolanda ...
Alma tagamly bolanda ...

Lily Grad
20
216
olia
22.01.2023 17:21
Taryhda käbir ýalňyşlyklar.
1. Dinozawrlar reptiliýa ýaly bolupdyr.
Köplenç, dinozawrlary häzirki zaman krokodilleriňki ýaly deri bilen ullakan, iki aýakly süýrenijiler diýip göz öňüne getirýäris. Mysal üçin, Stiwen Spilbergiň "Jurassik Park" filminde olar şeýle görkezilýär. Kinofilmiň düşürilen pursatynda şeýle şekil ylmy taýdan dogry hasaplanýardy. Diňe häzirki zaman paleontologiki tapyndylar dinozawrlaryň hažžyklara garanyňda guşlara has köp meňzeýändigini görkezýär.
Taryhda käbir ýalňyşlyklar
Olaryň köpüsinde, hatda meşhur trinozawrda-da perler bolupdyr.
Aslynda bu känbir geň hem däl, sebäbi köp guşlar dinozawrlardan gelip çykypdyr. Netijede, gorkunç jandarlar hakykatda ullakan, iri dişli we dyrnakly, ganatsyz towuklara ýa-da kiwi guşlaryna meňzäpdirler, şeýle-de guşlaryňka meňzeş ýörapdirler.

2. Piramidalar hemişe çägesöw reňkde bolupdyr.

Ähli kinofilmlerde piramidalar häzirki görnüşinde, çäge bilen örtülen sary reňkli görkezilýär. Emma faraonlaryň döwründe olar ak reňkde bolupdyr.
Piramidalary ak hek daşlaryndan gurupdyrlar we üsti tekizlenen daşlar Gün şöhlesini şeýle bir yzyna serpikdiripdir welin, piramidalara seretmek-de gaty kyn bolupdyr. Gizanyň piramidasynyň ýüzi gurlan wagtlary şeýleräk bolupdyr:

Wagtyň geçmegi bilen tekizlenen daşlar tekizligini ýitiripdir we çäge bilen örtülipdir. Eger-de siz Piramidalary ajaýyp gurluşyk hasaplaýan bolsaňyz, olaryň Gün şöhlesine ýagty saçan döwrüni göz öňüne getiriň...

3. Grek rowaýatynda Pandora gutyny açypdyr.
Grek mifologiýasynda Ýerdäki ilkinji aýal, bilesigeliji Pandora Zewsyň oňa tabşyryp giden, içinde dünýäniň ähli betbagtlyklary bolan gutysyny açýar. Näme edenine düşünen badyna Pandora gutyny ýapýar, emma oňa çenli eýýäm giçdi - gutynyň düýbünde diňe umyt galypdy.
Şondan bäri Pandoranyň gutysy/sandygy diýen aýtgy otrisatel häsiýete eýe bolup gelýär. Ýöne grekleriň birek-birege aýdyp berýän rowaýatynda hiç hili guty ýok.

Zews Pandora grekleriň zeýtun ýagyny saklamak üçin ulanýan küýzesini - pifosy beripdir.
XVI asyrda Erazm Rotterdamskiý Gesiodanyň Pandora baradaky hekaýasyny latyn diline terjime edende pythos diýen grek sözini pyxis(guty) diýen söz bilen çalşyrypdyr. Bu ýalňyşlygyň netijesinde"Pandoranyň gutysy" idiomasy döräpdir.

4. Geçmişde adamlaryň boýy has kelte bolupdyr.
‌Käbir adamlar gadym döwürlerde ýerde diňe ullakan adamlar ýaşapdyr diýýän bolsa, başgalar adamlar has kelte bolupdyr diýýär. Ýöne arheologik barlaglaryň netijesine görä adamlar geçmişde-de edil biziň häzirki boýumyz bilen deňräk bolupdyrlar.

Adam populýasiýasynyň boýy azda-kände üýtgeýär. Adamlar käwagt ösýär, käwagt keltelýär. Bu ýagdaý ýaşaýyş şertleri bilen bagly. Soňky 150 ýylda adamlaryň boýy 10sm-e golaý ösdi. Ondan öň bolsa keltelýärdi - irki Orta asyrlaryň başyndaky 173,4sm-dan XVII-XVIII asyrlardaky 167sm çenli.
Bu üýtgeşmeleri adamlaryň iýmit rasiony we saglyk ýagdaýy bilen baglanyşykly. Şeýlelikde boý wagta görä däl-de ýaşaýyş şertlerine görä üýtgeýär.
27
264
olia
21.01.2023 16:01
No entry: Apokalipsisde diri galsaň nirä barmaly?

Bütindünýä tohum ammary
Haçan-da bir gün adamzat uly betbagtçylyga sezewar bolsa we diri galan adamlara oba hojalygyny dolylygyna täzeden dikeltmek gerek bolsa olara ýekeje sözi bilmek ýeterlik: "Şpisbergen".
Mediada "Soňky günüň ammary" diýip atlandyrylýan bu gurluşygyň döredilmeginiň birnäçe sebäpleri bar we olaryň hemmesi dünýäniň soňy bilen baglanyşykly däl. Birinjiden, ol oba hojalyk ekinleriniň ýitip gitmeginiň öňüni almak üçin gerek. Ikinjiden, ol özboluşly seýf. Ýagny eger-de uruşlar we tebigy betbagtçylyklar sebäpli ýurtlar özünde bar bolan tohum gorlaryny ýitirse, onuň ornuny ammardakylar bilen dolup bolar.

1. Ammar Şpisbergende tötänleýin gurulmady.

Global betbagtçylyk bolup, bize gerekli bolan ösümlikleri täzeden dikeltmek zerur bolan halatynda, ilkinji nobatda, Şpisbergene ýa-da norweglaryň aýdyşy ýaly Swalbarda gitmeli. Şpisbergen - Norwegiýa Korollygynyň iň demirgazyk bölegi bolup, ol Dg polýusdan bary-ýogy 1125km uzaklykda. Arktik ada hemişelik doňaklygy we ýertitremeler bolmak ähtimallygy gaty azlygy sebäpli saýlanyp alyndy. Bu faktorlar ammarlarda pes temperaturany saklamak üçin gerek bolan energiýanyň mukdaryny gaty azaldýar.
Ammar Şpisbergeniň paýtagtynda, Logýir şäherinde, halkara howa menziline ýakynlykda ýerleşýär.

2. Ammaryň gurluşygyna bary-ýogy 9,6 mln dollar sarp edildi.

Bu häzirki zaman ölçeglerine görä köp däl. Taslama Norwegiýanyň hasabyna, BMG-niň ýardam etmeginde amala aşyryldy. Şeýle-de gurluşyga Rokfelleriň fondy, Bill Geýts, Monsanto kompaniýasy we başga-da birnäçe kompaniýalar öz goşandyny goşdy. Gurluşyga 2006-njy ýylda başlanyp, 2008-nji ýylyň fewralynda ammar açylyp, ulanylmaga berildi.

3. "Soňky günüň ammary" deňiz derejesinden 130metr belentlikde, dagyň 120metr içinde ýerleşýär.

Ammaryň deňiz derejesinden şeýle ýokarda bolmagy we dagyň içinde şeýle aralykda ýerleşmegi ýakyn geljekde deňiz suwlary bilen gark edilmeginiň, we hemişelik doňaklygyň eremekliginiň öňüni alýar. Şeýle-de ammar
partlama garşy gapylar, hereket datçikleri we ýadro ýaragyna ýa-da ýer titremesine çydap bilýän 1 metr galyňlykdaky demirbeton diwarlary bilen üpjün edilen. Taslama görä, ammara girmek üçin kodly gapylaryň 5 sanysyny geçmeli.

4. Däneler hemişe -18°C temperaturada saklanylýar.

Tohumlar alýumin folgasyna meňzeş germetirleýji paketlara gaplanan we ýörite ýasalan gaplaýjy konteýnerlere salnan. Netijede, kislorodyň azlygy we pes temperatura metabolizm hadysasyny haýalladyp, däneleriň könelmeginiň öňüni alýar. Hemişelik doňaklyk elektrik togynyň ýetirilmegi kesilen ýagdaýynda-da tohumlaryň gögermek ukybyny saklap biljekdiginiň kepili bolup durýar.

5. Ammar bir wagtyň özünde tohumlaryň 4,5mln görnüşini saklamaga ukyply.

Her görnüş 500 sany däneden ybarat bolan ýagdaýynda saklanylýar. Şeýlelikde ammar bir wagtda 2,25 mlrd däne saklap biler. Ammar dünýädäki gen banklarynda saklanýan ähli üýtgeşik nusgalary, şeýle hem geljekde dörediljek täze tohumlary ýerleşdirip bilýär. Doldurylandan soňra, ol dünýädäki iň uly tohum gaznasyna öwrüler. Häzirki wagtda ammaryň 3 böleginden biri dolylygyna doldyrylypdyr.

6. Ilkinji nobatda iýmit üçin ulanylýan ösümlikleriň tohumlary saklanýar.

Bu iýmit önümleriniň hemmelere ýetirilmegi esasy mesele bolup durýan ýurtlar üçin has wajyp. Mundan başga-da, halklaryň köpdürliligini göz öňünde tutmaly. Meselem, oba hojalygynyň taryhynda adamzat 7000-den gowrak ösümlikden peýdalanan bolsa häzir ol 150-ä golaý. Gündelik iýmit üçin bolsa bir adam ortaça 12 sany ösümlikden peýdalanýar. Iýmit üçin ulanylýan ösümlikleriň köpdürliligi üýtgeýän şertlerde uýgunlaşmaga ýardam eder.
Mundan başga-da däneleriň görnüşlerini göz öňünde tutmaly. Meselem, diňe tüwiniň bütin dünýäde 100 müňe golaý görnüşi bar. Ammara ilkinji nobatda iýmit üçin ulanylýan ösümlikleriň tohumlarynyň berilmeginiň ýene bir sebäbi şudyr.
26
313
olia
20.01.2023 11:43
"LAGOM - ÄR BÄST" - IŇ GOWUSY GEREKLISI

Tutuş bir milletiň, ýurduň däp-dessurlaryny, aýratynlyklaryny ýekeje sözde suratlandyryp bolarmy? Şwedlaryň ýagdaýynda bolar: lagom. Lagom sözüne köplenç "şwedçylygyň" terjime edip bolmajak nyşany hökmünde garaýarlar. Şwesiýa käwagtlar Lagomland-lagom ýurdy diýip hem atlandyrylýar.

Eýsem lagom diýmek näme?
Şwed-iňlis sözlüginde bu söze "ýeterlik, ýeterlik derejede, ortalyk" diýip düşündiriş berýärler. Lagom sözüni başga-da "ortalyk", "optimal", "dogry gelýän" diýip hem düşündirip bolar. Aslynda "ýeterlik", "ortalyk" sözleri manysyna görä azyrak ýetmezçilikli, defisitli diýlip düşünilýän bolsa, lagom maksadalaýyklygy aňladýar. Gadymy şwed nakylynda "Lagom är bäst" diýlip ol "iň gowusy ýeterlik derejedäki" diýlip terjime edilýär we "altyn ortalykda" diýlen manyny berýär.

Aslyýetinde lagom gaty giň düşünjedir we ol durmuşyň ähli sferalaryna öz täsirini ýetirýändir.

Lagom we okuw
Käbir ata-eneler öz çagalaryna mekdepden öň okamagy we ýazmagy öwretmek wajypdyr diýip oýlaýar. Beýik Britaniýada käbir ata-eneler:"Meniň çagam 7 ýaşynda eýýäm 13 ýaşlylaryň kitaplaryny okaýar" diýip öwünmegi halaýar. Nähili üstünlik! Ýöne 7 ýaşly çaga 13 ýaşlylara niýetlenen kitaby okamak ýerliklimi?
Şwed ata-enelerinde çagalarynyň okuwdaky üstünlikleri bilen öwünmek duýgusy ýokdur. Hatda çagalar bagyndaky, mekdepdäki mugallymlar "Siz ata-ene bolmagy başaryň, okuwy özümiz okadarys" diýýärler. Eger çaganyň özi okamagy, ýazmagy özbaşdak öwrenesi gelse kömek etmek gerek, emma ata-ene hökmünde ilki bilen nädip sag bol aýtmagy, nädip gowy dost bolmagy öwretmek has zerur.

Iş we dynç alyş
Şwedlar iş bilen dynç alyşyň arasyndaky balansy saklamagy başarýarlar we pul üçin däl-de edýän işinden lezzet almak üçin işleýärler. "Fika"- iş wagtynda her 2-3sagatdan pauza edip, dynç almagy aňladýar. Bu wagty köplenç, iş ýeriňde, ýakyndaky kafeda, parkda, öýde kofe ýa çaý içmek arkaly geçirmek ýörgünli. Şwedlaryň pikirine görä, fika işden ünsüňi sowmaga kömek edip, iş prosesine oňaýly täsir edýär. Emma arakesme işsizlige öwrülmezligi üçin ol 15 minutdan köp bolmaly däl.
"Fredagsmys" - bu şwedlara iş bilen dynç alyşyň arasyndaky balansy saklamaga ýardam edýän ýene bir däp bolup, "amatly anna" diýmegi aňladýar. Şwedlar Anna günleri agşamyny dostlary ýa tanyşlary bilen geçirmegiň deregine öýünde maşgala agzalary bilen geçirýärler. Anna günleri maşgala agşamlygy, bile kino görmek, oýun oýnamak - lagomyň bir bölegi.
Dynç günleri, iş rugsady döwri tebigata gitmek, owadanlyklardan lezzet almak, sport bilen meşgullanmak, boş wagtyňy öz peýdaňda geçirmek... bularyň hemmesi lagom.

Öý, maşgala we gender deňligi
Şwed maşgalasynda öý işlerini gender aýratynlyklaryňa görä bölmek endigi ýok. Kim nahar bişirmegi halaýan bolsa nahar bişirýär, öý işlerini etmegi halaýan öý işlerini edýär. Eger-de hiç haýsynam halamaýan bolsalar gezekli gezegine edýärler. Şeýlelikde, Şwesiýa - gender deňligini saklaýan ýurtlaryň iň öňdebaryjylarynyň biridir. Maşgalada är-aýalyň ikisi-de maşgala býudjeti, çagalaryň terbiýesi, öý işleri üçin deň derejede jogapkärçilik çekýärler. Jogapkärçiligiň netijeli paýlanmagy we hyzmatdaşlaryň özara ynamy bilen doly deňlik gatnaşyklary ýola goýulmagy netijesinde, bu ýerde her kimiň işiniň öz bölegi bolýar we durmuş sazlaşykly dowam edýär.

Lagom we jemgyýet
Lagom jemgyýeti birek-biregi sylamagyň görelde alarlyk nusgasydyr. Meselem, şwedlar bilen gürrüňdeş bolanynda hiç haçan sözüni bölmeýärler, hiç kime sesini gataltmaýarlar, we söz arasynda dymmak erbet hasaplanylmaýar, gaýtam ol jogabyň üstünde pikirlenmäge maý berýär. Lagom äheňinde gürrüňdeşlik has dogruçyl we diňe sesi gaty çykýan däl-de her kim öz pikrini aýdyp bilýär.
Lagomyň ýene bir aýratynlygy dogruçyllyk. Meselem, siziň şwed tanyşyňyz saçyňyzy bejerdeniňizi görüp ony halamasa ýaranmak üçin haladym diýmez we dymmak bilen çäklener. Şwedlar muňa dogruçyllyk diýýär, bizde gönümellik diýilýär. Dogry aýdylan söz, köplenç, göwne degip biler, emma bu birnäçe aýlap erbet saçly bolandan gowy.
Aslynda şwedlar köpçülikde gaty agras. Bärde size nätanyş adam ýylgyryp bakmaz we köçede adamlar aňsat biri-birleri bilen gürleşip durmaz. Emma bu agraslygyň arkasynda altyn ýürek gizlenýär. Muny şwedlaryň bosgunlara bolan garaýşy-da görkezýär. Ýurtda sorag edilenleriň 62%-i bosgunlaryň ýurt haýryna işläp, milletiň, döwletiň ösmegine ýardam edýändigi bilen ylalaşdylar. Bu Ýewropada iň ýokary görkezijidir. Bu faktor bosgunlara ýürekleri dözmeýändigi we kömek etmek islegi bilen berkidilýär.
Lagom filosofiýasy adamlary azajyk hem bagtly etmek üçin uly işler bitirmek hökman däl diýýär. Käwagt kiçijik edilen işler köp zat aňladýar we ýylgyrdyp bilýär. Men siziň mähirli adamdygyňyza ynanýaryn, emma başgalaryň aladasyny etmegiň zerurdygyny hemmelere ýatlatmagy hökmany hasaplaýaryn. Garaşylmadyk kömek bolsa has gowy ýatda galýar we göwnüňe ýaraýar.

Jemläp aýdanyňda, lagom düşünjesi durmuşyňdaky gerekli bolmajak artykmaçlyklardan saklanyp, öz durmuşyňdan lezzet alyp, başgalaryň islegine, talaplaryna görä ýaşaman, şol bir wagtyň özünde ýakynlaryň, jemgyýetiň, tebigatyň aladasyny edip ýaşamagy aňladýar.
23
288
olia
19.01.2023 13:42

Ömrümde ilkinji gezek çagalar üçin ýazan “Aglama, gurjak” goşgym “Pioner” žurnalynyň 1960-njy ýyldaky 1-nji sanynda çap boldy.Ýöne ol hem okuw kitaplarynda köp ýyllap, näme üçindir, Akjemal Omarowanyň adyna berildi. 2005-nli ýylda hem “Aglama, gurjak” okuw kitaplarynyň birinde çagalar şahyry Kaýum Taňrygulyýewiň adyna beriljek bolup durka, Atamyrat Atabaýew gabat gelip, neşirýatyň ýalňyşyny düzetdiripdir. Ine, şol goşgy:
Aglama,gurjak,
Seni eý görjek.
Tikip, täzeje
Köýnek geýdirjek.

Onsoň bileje,
Ýöräp çalaja,
Gideris baga
Biz gezelenje.

"Kyrk ýylda ýazylan kitap" A.Tagan
24
151