"LAGOM - ÄR BÄST" - IŇ GOWUSY GEREKLISI
Tutuş bir milletiň, ýurduň däp-dessurlaryny, aýratynlyklaryny ýekeje sözde suratlandyryp bolarmy? Şwedlaryň ýagdaýynda bolar: lagom. Lagom sözüne köplenç "şwedçylygyň" terjime edip bolmajak nyşany hökmünde garaýarlar. Şwesiýa käwagtlar Lagomland-lagom ýurdy diýip hem atlandyrylýar.
Eýsem lagom diýmek näme?
Şwed-iňlis sözlüginde bu söze "ýeterlik, ýeterlik derejede, ortalyk" diýip düşündiriş berýärler. Lagom sözüni başga-da "ortalyk", "optimal", "dogry gelýän" diýip hem düşündirip bolar. Aslynda "ýeterlik", "ortalyk" sözleri manysyna görä azyrak ýetmezçilikli, defisitli diýlip düşünilýän bolsa, lagom maksadalaýyklygy aňladýar. Gadymy şwed nakylynda "Lagom är bäst" diýlip ol "iň gowusy ýeterlik derejedäki" diýlip terjime edilýär we "altyn ortalykda" diýlen manyny berýär.
Aslyýetinde lagom gaty giň düşünjedir we ol durmuşyň ähli sferalaryna öz täsirini ýetirýändir.
Lagom we okuw
Käbir ata-eneler öz çagalaryna mekdepden öň okamagy we ýazmagy öwretmek wajypdyr diýip oýlaýar. Beýik Britaniýada käbir ata-eneler:"Meniň çagam 7 ýaşynda eýýäm 13 ýaşlylaryň kitaplaryny okaýar" diýip öwünmegi halaýar. Nähili üstünlik! Ýöne 7 ýaşly çaga 13 ýaşlylara niýetlenen kitaby okamak ýerliklimi?
Şwed ata-enelerinde çagalarynyň okuwdaky üstünlikleri bilen öwünmek duýgusy ýokdur. Hatda çagalar bagyndaky, mekdepdäki mugallymlar "Siz ata-ene bolmagy başaryň, okuwy özümiz okadarys" diýýärler. Eger çaganyň özi okamagy, ýazmagy özbaşdak öwrenesi gelse kömek etmek gerek, emma ata-ene hökmünde ilki bilen nädip sag bol aýtmagy, nädip gowy dost bolmagy öwretmek has zerur.
Iş we dynç alyş
Şwedlar iş bilen dynç alyşyň arasyndaky balansy saklamagy başarýarlar we pul üçin däl-de edýän işinden lezzet almak üçin işleýärler. "Fika"- iş wagtynda her 2-3sagatdan pauza edip, dynç almagy aňladýar. Bu wagty köplenç, iş ýeriňde, ýakyndaky kafeda, parkda, öýde kofe ýa çaý içmek arkaly geçirmek ýörgünli. Şwedlaryň pikirine görä, fika işden ünsüňi sowmaga kömek edip, iş prosesine oňaýly täsir edýär. Emma arakesme işsizlige öwrülmezligi üçin ol 15 minutdan köp bolmaly däl.
"Fredagsmys" - bu şwedlara iş bilen dynç alyşyň arasyndaky balansy saklamaga ýardam edýän ýene bir däp bolup, "amatly anna" diýmegi aňladýar. Şwedlar Anna günleri agşamyny dostlary ýa tanyşlary bilen geçirmegiň deregine öýünde maşgala agzalary bilen geçirýärler. Anna günleri maşgala agşamlygy, bile kino görmek, oýun oýnamak - lagomyň bir bölegi.
Dynç günleri, iş rugsady döwri tebigata gitmek, owadanlyklardan lezzet almak, sport bilen meşgullanmak, boş wagtyňy öz peýdaňda geçirmek... bularyň hemmesi lagom.
Öý, maşgala we gender deňligi
Şwed maşgalasynda öý işlerini gender aýratynlyklaryňa görä bölmek endigi ýok. Kim nahar bişirmegi halaýan bolsa nahar bişirýär, öý işlerini etmegi halaýan öý işlerini edýär. Eger-de hiç haýsynam halamaýan bolsalar gezekli gezegine edýärler. Şeýlelikde, Şwesiýa - gender deňligini saklaýan ýurtlaryň iň öňdebaryjylarynyň biridir. Maşgalada är-aýalyň ikisi-de maşgala býudjeti, çagalaryň terbiýesi, öý işleri üçin deň derejede jogapkärçilik çekýärler. Jogapkärçiligiň netijeli paýlanmagy we hyzmatdaşlaryň özara ynamy bilen doly deňlik gatnaşyklary ýola goýulmagy netijesinde, bu ýerde her kimiň işiniň öz bölegi bolýar we durmuş sazlaşykly dowam edýär.
Lagom we jemgyýet
Lagom jemgyýeti birek-biregi sylamagyň görelde alarlyk nusgasydyr. Meselem, şwedlar bilen gürrüňdeş bolanynda hiç haçan sözüni bölmeýärler, hiç kime sesini gataltmaýarlar, we söz arasynda dymmak erbet hasaplanylmaýar, gaýtam ol jogabyň üstünde pikirlenmäge maý berýär. Lagom äheňinde gürrüňdeşlik has dogruçyl we diňe sesi gaty çykýan däl-de her kim öz pikrini aýdyp bilýär.
Lagomyň ýene bir aýratynlygy dogruçyllyk. Meselem, siziň şwed tanyşyňyz saçyňyzy bejerdeniňizi görüp ony halamasa ýaranmak üçin haladym diýmez we dymmak bilen çäklener. Şwedlar muňa dogruçyllyk diýýär, bizde gönümellik diýilýär. Dogry aýdylan söz, köplenç, göwne degip biler, emma bu birnäçe aýlap erbet saçly bolandan gowy.
Aslynda şwedlar köpçülikde gaty agras. Bärde size nätanyş adam ýylgyryp bakmaz we köçede adamlar aňsat biri-birleri bilen gürleşip durmaz. Emma bu agraslygyň arkasynda altyn ýürek gizlenýär. Muny şwedlaryň bosgunlara bolan garaýşy-da görkezýär. Ýurtda sorag edilenleriň 62%-i bosgunlaryň ýurt haýryna işläp, milletiň, döwletiň ösmegine ýardam edýändigi bilen ylalaşdylar. Bu Ýewropada iň ýokary görkezijidir. Bu faktor bosgunlara ýürekleri dözmeýändigi we kömek etmek islegi bilen berkidilýär.
Lagom filosofiýasy adamlary azajyk hem bagtly etmek üçin uly işler bitirmek hökman däl diýýär. Käwagt kiçijik edilen işler köp zat aňladýar we ýylgyrdyp bilýär. Men siziň mähirli adamdygyňyza ynanýaryn, emma başgalaryň aladasyny etmegiň zerurdygyny hemmelere ýatlatmagy hökmany hasaplaýaryn. Garaşylmadyk kömek bolsa has gowy ýatda galýar we göwnüňe ýaraýar.
Jemläp aýdanyňda, lagom düşünjesi durmuşyňdaky gerekli bolmajak artykmaçlyklardan saklanyp, öz durmuşyňdan lezzet alyp, başgalaryň islegine, talaplaryna görä ýaşaman, şol bir wagtyň özünde ýakynlaryň, jemgyýetiň, tebigatyň aladasyny edip ýaşamagy aňladýar.