No entry: Apokalipsisde diri galsaň nirä barmaly?
Haçan-da bir gün adamzat uly betbagtçylyga sezewar bolsa we diri galan adamlara oba hojalygyny dolylygyna täzeden dikeltmek gerek bolsa olara ýekeje sözi bilmek ýeterlik: "Şpisbergen".
Mediada "Soňky günüň ammary" diýip atlandyrylýan bu gurluşygyň döredilmeginiň birnäçe sebäpleri bar we olaryň hemmesi dünýäniň soňy bilen baglanyşykly däl. Birinjiden, ol oba hojalyk ekinleriniň ýitip gitmeginiň öňüni almak üçin gerek. Ikinjiden, ol özboluşly seýf. Ýagny eger-de uruşlar we tebigy betbagtçylyklar sebäpli ýurtlar özünde bar bolan tohum gorlaryny ýitirse, onuň ornuny ammardakylar bilen dolup bolar.
1. Ammar Şpisbergende tötänleýin gurulmady.
Global betbagtçylyk bolup, bize gerekli bolan ösümlikleri täzeden dikeltmek zerur bolan halatynda, ilkinji nobatda, Şpisbergene ýa-da norweglaryň aýdyşy ýaly Swalbarda gitmeli. Şpisbergen - Norwegiýa Korollygynyň iň demirgazyk bölegi bolup, ol Dg polýusdan bary-ýogy 1125km uzaklykda. Arktik ada hemişelik doňaklygy we ýertitremeler bolmak ähtimallygy gaty azlygy sebäpli saýlanyp alyndy. Bu faktorlar ammarlarda pes temperaturany saklamak üçin gerek bolan energiýanyň mukdaryny gaty azaldýar.
Ammar Şpisbergeniň paýtagtynda, Logýir şäherinde, halkara howa menziline ýakynlykda ýerleşýär.
2. Ammaryň gurluşygyna bary-ýogy 9,6 mln dollar sarp edildi.
Bu häzirki zaman ölçeglerine görä köp däl. Taslama Norwegiýanyň hasabyna, BMG-niň ýardam etmeginde amala aşyryldy. Şeýle-de gurluşyga Rokfelleriň fondy, Bill Geýts, Monsanto kompaniýasy we başga-da birnäçe kompaniýalar öz goşandyny goşdy. Gurluşyga 2006-njy ýylda başlanyp, 2008-nji ýylyň fewralynda ammar açylyp, ulanylmaga berildi.
3. "Soňky günüň ammary" deňiz derejesinden 130metr belentlikde, dagyň 120metr içinde ýerleşýär.
Ammaryň deňiz derejesinden şeýle ýokarda bolmagy we dagyň içinde şeýle aralykda ýerleşmegi ýakyn geljekde deňiz suwlary bilen gark edilmeginiň, we hemişelik doňaklygyň eremekliginiň öňüni alýar. Şeýle-de ammar
partlama garşy gapylar, hereket datçikleri we ýadro ýaragyna ýa-da ýer titremesine çydap bilýän 1 metr galyňlykdaky demirbeton diwarlary bilen üpjün edilen. Taslama görä, ammara girmek üçin kodly gapylaryň 5 sanysyny geçmeli.
4. Däneler hemişe -18°C temperaturada saklanylýar.
Tohumlar alýumin folgasyna meňzeş germetirleýji paketlara gaplanan we ýörite ýasalan gaplaýjy konteýnerlere salnan. Netijede, kislorodyň azlygy we pes temperatura metabolizm hadysasyny haýalladyp, däneleriň könelmeginiň öňüni alýar. Hemişelik doňaklyk elektrik togynyň ýetirilmegi kesilen ýagdaýynda-da tohumlaryň gögermek ukybyny saklap biljekdiginiň kepili bolup durýar.
5. Ammar bir wagtyň özünde tohumlaryň 4,5mln görnüşini saklamaga ukyply.
Her görnüş 500 sany däneden ybarat bolan ýagdaýynda saklanylýar. Şeýlelikde ammar bir wagtda 2,25 mlrd däne saklap biler. Ammar dünýädäki gen banklarynda saklanýan ähli üýtgeşik nusgalary, şeýle hem geljekde dörediljek täze tohumlary ýerleşdirip bilýär. Doldurylandan soňra, ol dünýädäki iň uly tohum gaznasyna öwrüler. Häzirki wagtda ammaryň 3 böleginden biri dolylygyna doldyrylypdyr.
6. Ilkinji nobatda iýmit üçin ulanylýan ösümlikleriň tohumlary saklanýar.
Bu iýmit önümleriniň hemmelere ýetirilmegi esasy mesele bolup durýan ýurtlar üçin has wajyp. Mundan başga-da, halklaryň köpdürliligini göz öňünde tutmaly. Meselem, oba hojalygynyň taryhynda adamzat 7000-den gowrak ösümlikden peýdalanan bolsa häzir ol 150-ä golaý. Gündelik iýmit üçin bolsa bir adam ortaça 12 sany ösümlikden peýdalanýar. Iýmit üçin ulanylýan ösümlikleriň köpdürliligi üýtgeýän şertlerde uýgunlaşmaga ýardam eder.
Mundan başga-da däneleriň görnüşlerini göz öňünde tutmaly. Meselem, diňe tüwiniň bütin dünýäde 100 müňe golaý görnüşi bar. Ammara ilkinji nobatda iýmit üçin ulanylýan ösümlikleriň tohumlarynyň berilmeginiň ýene bir sebäbi şudyr.