okayjy
14.08.2023 20:44

Kazyýet zalynda segsen ýaşyndaky garry är-aýalyň ýagdaýy gözgynydy.  Garry adam aglamazdan, sessiz enäniň gözlerini, ýadaw nazary bilen synlaýardy.  Kazy agalyk ediji sesi bilen garry aýala:


- Aýdyñ daýza, näme üçin aýrylyşmak isleýäñiz ?


Garry daýza ulydan demini alandan soñ, ýaglygyny agzyndan biraz gyra aýyrdy we aglamakdan inçelen sesi bilen gürlemäne başlady.


- Bu haramzadañ etýäni, ýetjek derejesine ýetdi indi. Elli ýyllap durmyşdan doýurdy... Aýrylşmak isleýän...


Soñra uzyn wagtlyk sessizlik ornaşdy kazyýet zalyna... Sessizlik, her gün beýle ýagdaýlary gazetde makala etýän habarçyñ fotoaparatynyñ sesi bilen pozuldy. Kim bilýä nähili bir makala ýazjaklardy, elli ýyly birlikde yzda goýan bu garrylar hakda ? Köp sanly habarçy bu dawa syn etýärdi... Aýal nämeler diýjekdi ? Hemme, ony diñleýärdi. Garry daýzañ, gözleri ýaşdan doldy we dowam etdi...


- Biziñ bir merjen gülümiz bardy, meñ gaty gowy görýänim... O bilmez... Elli ýyl mundan öñdi. O güli, maña sowgat beren güllerniñ arasyndan ýapragyny goparyp tohumladyp, şeýdip ýetişdiripdim. Hiç çagamyz bolmandy, şo gülleri çagalarym ýaly gördim. Wagtyñ geçmegi bilen güller saralyp, solup başlapdy. Şondan soñ, öz-özime kasam etdim. Her gije gün dogmazdan ozal, bir käse suw bilen ony suwlap durjakdygyma... Gowy peýda etýä diýipdiler. Elli ýyl boldy, bu adam birje gije turup, ýekeje gezek hem şu güli şu gije men suwlaýyn diýmedi. Şol wagtdan, geçen gijä çenli... Geçen gije takatym ýetmän uklap galypdyrn. Ine men, şeýle bir adam bilen elli ýyl geçirdim. Durmuşymy, umudymy hemme zadymy berdim. Ondan ýekeje garşylygam görmedim. Ýekeje... Bary ýogy, ýekeje gije oýanyp meñ gülümi suwarmagyna garaşdym... ýöne bolmady. Onsyz has gowy ýaşaryn Hudaý bar.


Kazy garry adama tarap nazaryny öwrüp :


- Aýtjak zadyñ barmy atam ? diýdi.


Goja şol wagta çenli günäkärlenmekden utanýan ýüzi bilen, hasasy bilen ýöräp münbere bardy we  kaza tarap öwrüldi. Ýeke-ýekden gürledi :


- Gulluk ýyllarmy Döwlet köşginde bagban bolup geçirdim. Köşgiñ baglarnyñ we gülleriniñ gözelligine görk goşmak üçin azap etdim. Fatmamy hem şo ýerde tanadym. Merjen güllerini-de... Oña iñ owadan güllerden buket ýasap bererdim. Dumuş guran günlermiziñ başlarynda, boýny agyrýandygy üçin ony lukmanyñ ýanyna äkitdim. Lukman, uzak wagt oýanman ýatsa, boýun damarlary gatar we erbetleşer diýdi. Her gije ukysyndan oýanyp biraz gezim etsin diýdi. Aýalym lukmanyñ diýenlerini känbir ýerine ýetirmedi... Menem diñlemedi... Şo günlerde tötänlikden, bu gül saralyp, gurap başlady. Men oña "Gije gül suwlasañ, gül täzeden janlanyp başlar" diýdim. Oña kasam etdirdim... Her gije ony oýandyrdym we oña seretdim. Söýýän aýalymyñ çagalary ýaly görýän güllerni suwlaýan wagty ony synladym.  Her gije o güli hamala özim ýaly duýdym... Her gije o ýatandan soñ oýandym. Güliñ käsesindäki suwy boşaltdym. Merjen güli, gije suwlanmagyny halamaz, ýoldaş kazy... Geçen gije-de... Garrylyk... Menem oýanyp bilmedim. Onam oýandyryp bilmedim... Gül suwsyz oñyp bilerdi, ýöne onyñ hem boýun damarlarynyñ gatamagyna sebäp bolup bilerdim. Günäkärlendim... Sesimi çykaryp bilmedim...  Karar siziñki ýoldaş kazy.


Şol wagt habarçylara çenli, kazyýet zalyndaky hemme adam aglaýardy...



# Megerem, menden söýgi hakda sorasalar şu hekaýany gürriñ bermek islärdim....



📌 Türk dilinden terjime etdim. Söz ýalñyşy bar bolsa bagyşlañ.






119
538
okayjy
11.08.2023 23:43

# Eli gülli oglanjyk.


Sarysyndan ýoldum,gögünden ýoldum,

Gyzylyndan ýoldum,agyndan ýoldum.

Güller bir-birinden,ajaýyp eje!

Dogurjamy diýsem baryndan ýoldum.


Mollum rugsat etdi,ýolaýyň diýdi,

Halanja gülňizi alaýyň diýdi.

Ejeňize gowşuryň bu gülleri,

Ýetmesede ýene, geläýiň diýdi.


Baýram,Meret,Çary öýlerne gitdi,

Gujagyn doldurup bir desse gülden.

Eje ynha menem,mekdepden çykyp,

Şol bir gujak gülli,ýanyňa geldim.


Seretsene eje, gülere seret!

Seniň halaýanyň,terje bägüller.

Goşgy hem öwrendim,onam aýdaýyn,

Şahyrçylyk eden bolýan,kä günler.


Janym ejem,gutly bolsun baýramyň,

Minnetdarlyk úçin,galma azara"

-diýdidi-de oglanjyk,gül goýup gitdi,

Gözýaşyn damdyryp,köne mazara.


***


# Taşlanan çagañ depderçesinden.


Otyryn öçügsi,ÿarym Aÿ bilen,

Özümem öçügsi bir göwniÿarym.

Daşym ejeliler,başymda «Eje»,

Şu sözüñ manysyn biljek bolÿaryn.


Meñ ÿanymda öwündiler,öwdüler,

“Eje” sözüñ tükeniksiz güÿjüni.

Menem öwjek welin,goşlup olara,

Bilemok-da,ol ajymy,süÿjümi?


Ÿöne,men birzady bilÿärin anyk,

Yzasyny çekip gelÿärin heniz.

Kysmat neneñ mañlaÿymy çyrşapdyr?!

Göwnümem,ömrümem,özümem kemis.


Bu gije-de düşünmedim men ÿene,

Sizem düşmersiñiz ÿürek jigläme.

Yza bilen ÿaşap,gowşap,

Owşap gelÿärin... Alajym näme?'



📌 Awtorlary belli däl. "Dört şem" goşgylar we hekaýalar toplumyndan alnan.


50
90
okayjy
11.08.2023 08:28

ÝATLAMOK.


Süýt ýaly gijäniñ gaýmagna meñzäp,

Ol gyz penjireden a:ýa bakyp dur,

Arman, täleýimiz, bagtymyz bir däl,

Aramyzdan okeanlar akyp dur.


Entek yşgyñ mürrewwetin görmedim,

Gussam bilen goltuklaşdy kinelem,

Belki meniñ sudurymy gözländir,

Ýary gije a:ýa bakan dideleñ?!.


Gursagymyñ dowulyny duýýan deý,

Ulydan dem alýañ, assaja pa:llap,

Ýa ýyldyz sanaýañ, ýa-da keýpine,

Bir zatlar diýýärsiñ eliñi salgap.


Hyýalymda, señ eliñe jañ edýän,

Operator jogap berýär deregñe,

,,Abonentiñ telefony öçürlen...,

Zol-zol aýlap, düşüp durmañ ýüregne"...


© Baýram BEJIDOW

51
100
okayjy
10.08.2023 16:44

BAGYŇ GÖZÝAŞY


Hiç kimiň işi ýok gül bilen,

gaýgysyn edýän ýok balygyň,

hiç kimiň ynanasy gelenok

harap bolýanyna bagymyň.

Bagymyň kalbynyň bireýýäm guranyna güneşe,

bireýýäm aňynyň solup

terligi bilmeýşine,

bagymyň hyýalynyň –

uzakda hem geňdigin

ynanasy gelenok hiç kimiň.


Ýürekgysgynç biziň öýde ýaşamak,

Ýürekgysgynç –

bir buluda ýa ýagmyra

garaşyp ýaşamak biziň öýde.


Kakam diýýär:

“Bizar her zatdan!

Ýeterlik menden!

Indi, taşlaýan işi”.

Soňra, çykman otagyndan okaýany

ýa taryhy senenama

ýa-da “Şanama”.

Kakam diýýär:

“Ýoguna gitsin bu balyklar, guşlaram!

Maňa näme,

bu bag ölse ýa galsa,

eger, ertir özüm ölmeli bolsa?

Pensiýam ýeterlik maňa”.


Ejeme – musallat boldy

jähennemiň oý-hyýaly –

namazlygyn ýazar-da ol

her zatda şübhelener

günäkär pikirlerden,

hem otlaryň saralmagyny

hapysa arwahdan görer.

Doga edýär ejem gije we gündiz,

soň dem salýar güllere,

dem salýar balyklara,

dem salýar özüne,

hem garaşýar asmanyň kömegine.


Agamyň bag barada diýýäni: gabyr.

Ol kellesini agyrtmagam islänok

narpyz otly,

aňkap duran ýata suwda çüýreýän

hem azalýan

porsy balyklara.


Agam – ol uly bir filosof:

oňa görä bu bagy bejermek

ony ýok etmekmiş,

şol sebäpli içýär ol,

ýumruklaýar gapyny hem diwary,

görünjek bolýar

gaýgyly we hasratly,

hem öz gussasyny –

edil pasport, kalendar, el ýaglyk ýa-da galam ýaly,

äkidýär ýany bilen

köçä, bazara,

ýöne şonda-da onuň gyssasy

çäksiz däl,

çünki her agşam siňip gidýär

meýhananyň dumanyna.


Ýöne, aýal doganym – şeýle bir gülleri söýýär!

Hem şeýle bir ynamdar kalby bar!

Balyklary ol bir zaman

ekläp saklapdy ýadaman,

gidip güllere için dökerdi,

käýinç alan wagty ejemden.

Indi onuň öýi şäheriň o çetinde.

Öýüniň ähli goşy – ýasama,

gyzyl balyklary – ýasama,

ýatýan düşekleri – ýasama,

ýasama alma şahasynyň astynda

aýdýan aýdymlaram – ýasama,

emma, dogran çagalary – hakyky.

Her gezek, uýam görüşmäge bize gelende,

köýneginiň etegin bagda hapalap,

hökman, tämizlär ol atyrlap.

Her gezek, uýam görüşmäge bize gelende,

göwrelidir her gezek.


Ýürekgysgynç biziň öýde ýaşamak,

ýürekgysgynç biziň öýde ýaşamak.


Uzak gün

bu diwarlaň arkasynda ok sesleri eşdilýär

hem snarýadlar ýarylýar.

Goňşular bagynda gül ekenok indi,

olar bagynda ýarag saklaýar;

syrçalanan howzuň içi

däriden doly

hem örtülen çadyr bilen.

Köçämiziň çagalarynyň

okuw sumkalary

kitap däl granat doly.


Biziň öýdäki durmuşdan başym aýlanýar.


Gorkunç maňa bu ruhsuz zaman.

Gorkunç maňa bu oýunlaň manysyzlygy

hem dereksiz amala aşmagy etsem-goýsamlaň.

Ýalňyz men,

geometriýa aklyny aldyran okuwçy ýaly.

Oýlanýan harap bolan bagymyz hakda,

oýlanýan,

oýlanýan,

oýlanýan...

Bagymyň kalbynyň bireýýäm guranyny güneşe,

bireýýäm aňynyň solup

terligi bilmeýşini...


© Fürug FERRUGZAD


Rusçadan terjime: © MANGO

55
265
okayjy
08.08.2023 22:42

Bir adam Musa pygamberiñ ýanyna geldi :

" Eý Musa ! Saña haýyşt, sen maña  bir doga etde, men haýwanlaryñ diline düşineýin we mundan özime ders alyp has ýagşy adam bolup ýašaýyn," diýdi.

Musa pygamber :

" Bar öz işiñ bilen bol, aşagyndan çykyp bilmejegiñ ýüki başyña alma. Bu wagtky ýagdaýyñ saña has haýyrlydyr, " diýdi.

Ýöne adam diñlemedi we özdiýenlik edip :

" Eý Musa ! Haýyşt etýän, iñ bolmanda gapymda ýatan Itim bilen horazmyñ diline düşineýin," diýdi.

Musa pygamber bu adamy näçe jan etsede, isleginden el çekdirip bilmedi. Adam özdiýenlik etdi. Ahyry soñunda Musa pygaber oña bir doga etdi. Adam begenip öýine gaýytdy. Ertesi irden hyzmatkär saçagy ýazýan wagty, bir bölejik çörek ýere gaçdy. Horaz ylgap gelip muny iýdi. Itiñ bu ýagdaýa gahary gelip :

" Eý horaz señ pikriñçe bu edeniñ dogrymy ? Sen bugdaýam iýip bilersiñ arpada. Hatda Mekge dänesinem. Emma men çörekden başga zat iýip bilemok, näme üçin meñ nesibämi iýdiñ ?" diýdi.

Horaz jogap berdi :

" Dogry aýytýañ... Ýöne sen gynanma, ertir biziñ hojaýnymyzyñ eşegi öler, senem gowy garnyñy doýrarsyñ," diýdi.

Bularyñ gürriñini diñän adam, eşegi bazara äkidip satdy. Ertesi irden " Göreli hany horaz bilen it indi näme hakda gürleşerkä ?" diýip olaryñ ýanyna geldi.

It horaza sütem etýärdi :

" Hany bu gün eşek öljekdi ? Hany bu gün meñ garnym doýjakdy ?"

Horaz "Eşek elbetde öldi, ýöne başga ýerde. Sebäbi hojaýyn ony satdy. Emma hiç alada galma, sebäp ertir at öler. Senem has ulyrak läşe eýe bolarsyñ," diýdi.

Bu sözleri eşider-eşitmez adam ýataga ylgady, aty bazara äkidip satdy.  Şadyýan ýagdaýda öýine dolanyp gelýäkä içinde şeýle pikir etdi :

" Bu haýwanlaryñ dilini öwrenenim gowy boldy. Meni eslije zyýandan halas etdiler,"

Ertesi irden ýene " Indi näme gürleşerlerkä ?" diýip it bilen horazyñ ýanyna gitdi. It ýenede horaz sütem etýärdi :

" A how horaz, bu gezegem diýeniñ bolmady, ýa senem indi ýalan sözlemäne başladyñmy ?" diýdi.

Horaz " Ýok men ýalan sözlemedim, at ölmelidi... ýòne hojaýyn onam satdy. Sen şonna-da alada galma, ertir hojaýynyñ iñ gowy görýän guly ölmeli we patada hem naharlar bişirler, Şor suw paýlanar. Senem süñikden hezil edip garnyñy doýrarsyñ," diýdi.

Bu sözleri eşiden adam, gulyny bazara äkitdi we satdy. Yzyna dolanan wagty :

" Bu horaz bile itiñ dilini öwrenenim gaty gowy boldy. Gaty köp zyýandan sypdym," diýip pikir edip begenýärdi.

Ertesi gün ir bilen ýene it bilen horazyñ ýanyna ylagady. Ikisi ýene gürleşip durdylar. Itiñ bu gezek sabr käsesi dolupdy, horaza gaty gaharlydy :

" Eý ýalançy horaz, hany gul öljekdi we meniñ garnym doýjakdy ? Näçe gündir meni ýalanlaryñ bilen awundyrýañ !  Bu saña heý gelişjek zatmy ?"

Horaz " Men ýalançy däl !" diýdi. " Gul öldi, emma bu ýerde däl-de, başga ýerde. Sebäbi hojaýyn ony hem satdy. Aslynda hiç oñarmady, beýle etmeli däldi. Sebäp gezek indi oñ özine geldi: Birinji başda, bela-beter eşegiñ başyna geljekdi we hojaýnymyzdan sowuljakdy. Eşegi satan soñ, gezek ata geldi. Aty satan soñam, gula geldi. Guly satany üçin hem indi bela oñ öz başyna geljekdir. Gezek onda... Ertir hojaýynymyz öler, we şo sebäplem hemmämiziñ garny doýar," diýdi.

Bu sözleri eşiden adam aglady, urundy, kellesini daşlara urdy, ýöne eýýäm gaty giçdi...


# Kiçi wagtym Ala sygrymyzdan bolan, kiçi öküzçe bardy. Bir gün ýaramady we näçe dãri-derman edilsede peýda bermändi. Irden turanymda ölendigini göripdim. Gynanypdym, ýöne kakam ýanyma gelip "Boljak zatdyr ogul, başa geleni sowsyn" diýipdi. Bu söziñ manysyna bu hekaýadan soñ has aýdyñ düşindim...


📌 Söz ýalñyšy bar bolsa bagyşlañ.


Mevlana 📙

126
587
okayjy
07.08.2023 23:08

Gadym zamanda iki sany odynçy bolupdyr. Ikisi hem gün-güzerasyny odyn çapyp, satmak bilen aýlar eken...

Ýöne bir ýagdaýa bardy, olaryñ biri eşegi bilen odyn daşardy beýlekisi bolsa arkasynda. Bir gün eşeksiz odynçy ýolda Musa pygambere gabat geldi we oña " Eý Musa sen Allatagalla adalatly we ol hemme gulyna kömek etýä diýýädiñ ahyry. Seretsene men goñşym bilen deñ derejede işleýärn, ýöne näme üçin onda eşek barda Allatagalla ony maña köp gòripdir. Sen Allatagallañ huzyryna barsañ ondan mañada bir eşek bermegini isleýändigimi aýt."

Musa pygamber oña "bolýa" diýýär we ýolyna dowam etýär. Ertesi gün Musa pygamber Allatagallañ huzuryna baranda oña odynçyñ islegini aýtýar we oña hem bir eşek bermegini haýyşt etýär.

Allatagalla Musa pygambere " Sen çyndanam şol odynçyñ şol eşege mätäçdigine ynanýañmy ? " diýip sorag beripdir.

Musa pygamber " Howa men ol odynçyny hemişe görýän. Indi ol odynçy hem garrapdyr oña hem biraz kömek gerek." diýipdir.

Allatagalla "Sen onda gitde şol odynça şeýle diý. Buşlyk Allatagalla saña bir eşek rowa gördi ýöne, señ goñşyñ eşegi şu wagt ýarowsyz ýatyr. Eger sen şol goñşyñ eşeginiñ sagalmagyna ýagşy dileg etseñ ol sagalar seniñ hem bir eşegiñ bolar diý. " diýip aýytdy.

Ertesi gün Musa pygamber odynça şol habary aýytdy. Odynçy biraz oýlandy we " Ömrimiñ 40 ýylyny arkamda odyn daşap geçirdim. Men galan ömrimi hem eşeksiz günümi görern, ýöne şo goñšymyñ eşgi hem sagalmasyn" diýipdir...


# Eflatunyñ şeýle bir sözi ýadyma düşdi : "Durmuşda esasy zat, Köp zada eýe bolmak däl-de, az zada mätäç bolmakdyr. "


📌 Söz ýalñyşy bar bolsa bagyşlañ .



91
296
okayjy
07.08.2023 14:48

Her aýda bir gezek—on sekiz manat,

Her aýda bir gezek gelýärdi yrman.

Her aýda on sekiz manat gelende,

Begenerdim. Enem aglardy,arman.


On sekiz manady kim berýär bize?

Kim unutman,otuz günden iberýär?

Ol niçiksi ýiti gözli perişde ?

Biziň şol pula-da zardygmyz görýär!?


Enem pahyr käte açýar ýüregni,

Diýýär ol: “Pullary iberýär kakaň”.

Men diýýärin: “Näme özi gelenok,

Bu ýerde ejesi hem ogly barka?”


“Geler” diýp,göz ýaşyn süpürýär enem.

“Geler,agtyjagym,geler ol hökman.

Ikimiz dükana gidermiz ýaly,

Ol daşda işleýär hiç ýere çykman”.


Garaşdym,garaşdym,dokuz ýaşadym,

On üç hem ýaşadym,kakam gelmedi.

On sekiz manady iberdi durdy,

Emma hütdügmize nazar salmady.


Asyl kakam ölen eken uruşda.

Men baky ýas tutdum bilenim üçin.

Döwlet berýär eken şojagaz pulam,

Frontçynyň ogly bolanym üçin.


Ýene garaşaryn,saçam agarar,

Ýöne indi bilýän,gelmez meň kakam.

On sekiz manady unutmaryn hiç,

Gursagymda ynsan ýüregi barkan.


Sebäbi on sekiz manat gelende,

Ýas bürenýär eken biziň köne tam.

Her aýda on sekiz manat gelýärdi,

— Her aýda bir gezek ölýärdi atam.


1961ý.


# Atajan Tagan. 

160
633
okayjy
05.08.2023 00:11

Radioýaýlymy dowam edýärdi we onda bir zenanyñ sesi eşdilip başlady "... Men Allatagallañ maña beren her günine şükür etýän. Meniñ adamym ýok ýöne üç sany garagöz çagam bar. Kyn durmyşym bolsada, Allanyñ maña şeýle çagalary bermegi meñ üçin iñ uly bagytdyr. Men näçe kyn durmyşda ýaşasamam Allamdan ýüz öwürmerin. Onuñ maña kömek etjekdigine ynanýaryn..."

Bu sòzleri öz ofisinde radio diñläp otyran adam eşitdi. Gepleşigiñ soñunda radioda gürlän zenanyñ öý salgysyny kagyza belläp aldy. Sekretar gyzy ýanyna çagyrdy. " Sen markete git. Bir hojalyga gerek boljak ýag, mäş, et, we hemme ìýer içer ýaly zatlary alda şu adrese eltip ber, ýöne...  haçanda  zenan bu zatlary kimiñ ugradandygyn soranda oña Şeýtan diýip jogap ber" diýdi.

Sekretar gyz hemme gerek zatlary aldy we şol adrese bardy. Gapyñ jañyny basdy we gapy açyldy. Gapydan ýaş zenan çykdy ol gyzyñ getiren zatlaryny görip dyzyna çökdi we " Eý Allam sen beýiksiñ " diýdi. Zenan hemme zady alyp öýine girip barýaka sekretar gyz "Bagyšlañ, siz bu zatlary kimiñ ugradandygyny bilmek isläñizokmy ?" diýip soragly nazar aýlady.

Zenan gyza tarap seretdi we " Ýok, islämok. Men diñe bir zady bilýän. Haçanda Allatagalla buýruk berende, oña Şeýtan hem boýun egýändir..."


📌 Söz ýalñyşlygy bar bolsa bagyşlañ.


70
118
okayjy
03.08.2023 01:17

Käte seni...

Ýatlamak hem ajaýyp... 🌃

59
84
okayjy
30.07.2023 21:22
Türkmendigiñi unutma..!
56
177